Maslahatda 2012-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynyň wagty 12-nji fewrala bellenip, “Prezident saýlawlary baradaky” kanunyň düzgünleri berjaý edildi. Bu kanunyň 7-nji maddasyna laýyklykda ýurtda geçirilmeli prezidentlik saýlawlary, gijikdirilmän, alty aý öňünden yglan edilmelidi. Kanunda aýdylşyna görä-de, ýurduň Mejlisi saýlawlaryň geçiriljek senesini kesgitledi.
Köppartiýalylyk agzalmady
Emma Mejlisiň bu maslahatynda, garaşylyşy ýaly, köppartiýalylyk baradaky kanunyň proýektine garalmady. Bu kanun ýakyn wagtda kabul edilmese, onda prezidentlik saýlawlaryna ýurtda hereket edýän diňe bir partiýadan – Demokratik partiýadan kandidat hödürlener diýlip çaklanylýar.
Geçen ýylyň 14-nji maýynda Daşoguzda geçirilen Ýaşulular maslahatynda eden çykyşynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň köppartiýalylyk sistemasyna geçmäge taýýardygyny aýdyp, köppartiýalylyk sistemasyny döretmek boýunça kanunyň işlenip düzülmegi barada türkmen parlamentine görkezme beripdi. Emma ondan bäri bir ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, ýurduň Mejlisinde bu kanuna garalmady.
Şol bir wagtda-da 8-nji iýulda Türkmenistanda geçirilen hökümet maslahatynda Berdimuhamedow çykyş edip, ýurtda köppartiýaly sistemany döretmek üçin kanunçylyk binýadynyň esaslandyrylandygyny aýtdy. Ol saýlawlara gatnaşmak üçin daşary ýurtda hereket edýän oppozisiýanyň wekillerini hem çagyrdy. Onuň bu sözleri “Prezident ýurtda kabul edilýän kanunlardan habarsyzmy?” diýen sowaly döretdi.
Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azartlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde ýurduň içinde köp adamyň prezidentiň köppartiýalylyk sistemasyny döretmek üçin kanuny esasyň bardygy barada aýdan sözlerinden soň, alasarmyk ýagdaýa düşenliklerini aýdýar.
“Haýsy kanun göz öňünde tutulýar? Ony bilmedik. Eger şeýle kanun bar bolsa, bir ýyl çemesi mundan ozal prezidentiň köppartiýalylyk hakynda kanun kabul etmeli diýmesi logiki taýdan heňe gelmeýär. Onuň, belki, Mejlis ol kanuny kabul edendir öýdýän bolmagy mümkin” diýip, Bugaýew belleýär.
Kimler gatnaşyp biler?
Adynyň agzalmagyny islemedik türkmen resmisi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde kanunlaryň kabul edilmegi meselesiniň ýurtda gaty haýal geçýändigini aýdyp, şeýle diýdi: “Kanunlary kabul etmek üçin ilki bilen ÝHHG ýaly guramalaryň wekilleri bilen maslahatlaşyp, konsultasiýa geçirip, kanunlar düzülýär, bu işler bolsa gaty köp wagt talap edýär”.
Şeýle hem türkmen resmisi: “Köppartiýalylyk baradaky” kanunyň taslamasyna garalýandygyny aýtdy.
Türkmenistanda kanunlary kabul etmek meselesiniň uzak wagt alýandygyna garamazdan, ýurtda kabul edilen kanunlaryň köpüsinde gapma-garşylyklar bar. Mysal üçin, Konstitusiýanyň 19-njy maddasy raýatlaryň deňhukuklylygyny kepillendirýär, 32-nji maddasy bolsa raýatlaryň döwlet häkimiýet organlaryna saýlanmak hukugyna kepil geçýär. Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlary baradaky soňky kabul edilen kanunyň 27-nji maddasynyň ikinji punkty bolsa işsiz adamlaryň öz kandidaturalaryny prezidentlige hödür edip bilmeýändigini görkezýär.
Bosgunlykda döredilen “Respublikan” partiýasynyň liderleriniň biri, öki türkmen diplomaty Nurmuhammet Hanamow Türkmenistanyň ýagdaýynda prezidentiň aýdan sözüniň köp halatda kanun hökmünde ýerine ýetirilýändigini aýdyp, prezident çyny bilen köppartiýalylyk sistemasyny döretmek islän bolsa, ýurduň Mejlisinde bu kanun kabul edilerdi diýen pikirde.
“Prezident men diýýän welin, Mejlis edenok diýsinmi? Nyýazow döwründen bäri prezidentiň sözi kanun hökmünde ýöreýär Türkmenistanda. Ýöne, bu kiçi dilden bärde bolanda, onda hakykatdan sözler diňe böş söz bolup galýar” diýip, Hanamow aýdar.
Şeýle hem Hanamow, dürli pasgelçiliklere garamazdan, daşary ýurtda hereket edýän oppozisiýanyň 2012-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara gatnaşmak üçin ýurda barmaga synanşýandygyny mälim etdi.