Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ölüp direlen Däde Hal


Terjimehaldan parçalar

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Durdy Haldurdy öz eserleriniň aşagyna «D.Haldurdy» diýip ýazardy. Ýogsa onuň hakyky ady Haldurdydy, familiýasy bolsa Durdyýewdi. Galamdaşlarynyň arasynda onuň ýörgünli ady Däde Haldy. Ol 1909-njy ýylda Mary etrabynyň Goňur obasynda dünýä inipdi. Asly daýhanlardan. Çärjewiň pedagogik tehnikumyny gutarýar. Soňra redaksiýada işleýär. Goşun gullugynda bolýar. Ikinji jahan urşuna çenli ýene-de žurnalistikada işleýär.

Leýtenant Durdyýew Ikinji jahan urşuna gatnaşyp, pulemýot wzwoduna komandirlik edýär. Agyr ýaralanýar. Aýagynyň dyzyndan aşagyny kesmeli bolýar.

Ol gaty kän goşgy ýazýar. Uruşda gören-eşidenleri şol eserleriň özenini düzýär. Däde Hal terjime žanrynda öndümli işleýär. Ol Puşkini, Nekrasowy, Maýakowskini, Turçinskaýany, Tihonowy, Wurguny, Kupalany... türkmen diline terjime edýär.


Däde Hal pälwan kişi bolupdyr

Galamdaşlary Däde Halyň ak ýürekli, dosta wepaly, hakykatçyl adam bolandygyny aýdýarlar. Heniz synasy sagat mahaly onuň gara güýji bar ekeni. Ýöne ol käbir kelpeň kişiler ýaly zoruny görkezip ýörmändir, güýjüni mazamlamandyr. Hiç bir kişi bilen urşup-sögüşmändir. Ýöne ejize ganymlary görende welin, elbetde, durup bilmändir.

Bir sapar işden gaýdyp gelýärkä, Aşgabadyň merkezinde, bagyň içinde gelşiksiz ýagdaýyň şaýady bolupdyr. Bir topar näletkerde ýaş ýigit bir zenanyň daşyna geçip, oňa azar berip başlapdyr.

Däde Hal bu adalatsyzlygy görüp, durup bilmändir. Ol zenanyň arkasyny tutupdyr. Muňa gopbam ýaş ýigitleriň gahary gelip, Däde Halyň daşyna geçipdirler.

Garşydaşlaryň sany kän eken. On bäş dagy bar eken. Däde Hal ýöwsellemändir. Ýeke özi bir topar oglanyň garşysyna çykyp, olary ýumrugyndan geçiripdir. Oglanlaryň barysy gaçyp gidipdir.

Bir sapar hem şäheriň garaňky köçeleriniň birinde paýtunçy Däde Halyň göwnüne degipdir. Has dogrusy, paýtunçy Däde Hala paýyş sögüpdir. Äsgermezlik edipdir. Ýogsa, ýazyjy oňa hiç zat diýmän eken.

Däde Halyň gahary gelip, özüne erk edip bilmändir. Ol alypdyr-da, paýtunçynyň ýabysyny ýere çökeripdir. Özünem arabasy bilen birlikde ýaba gapgaryp goýberipdir.

Ykbalyň oýny ýa-da “öldi” haty

Däde Hal ýaşlygyndan ýowuz ykbaly başdan geçiren adam. Onuň başdaş aýalynyň meşhur aktrisa Suraý Myradowadygyny köpler bilýänem däldir. Suraý Myradowanyň Däde Haldan üç gyzy bolupdyr. Ýöne bu maşgala süýjülikde ýaşamak nesip etmändir. Nägehan uruş agzybir maşgalanyň durmuşyna awy gatdy.

Müň dokuz ýüz kyrk ikinji ýylda Suraý Myradowa adamsynyň uruşda wepat bolanlygy hakdaky haty alýar. Onuň belli günlerini geçirip, ýasyny tutýar. Şonda-da gelin bir zady ýüregi syzan ýaly, biynjalyk bolýar. Harby komissariata baryp, ýalňyşlyk bar bolaýmasyn diýip, ony takyklaýar. Ýöne hernäçe gynansa-da, dokumentler gaýtadan seljerilende-de ýazyjynyň ölenligi hakdaky habar tassyk bolýar. Şol wagtlar Däde Hal pulemýot wzwoduna komandirlik edip ýören eken.

Ençeme çeper filmlerde, spektakllarda baş rollary ýerine ýetirip, tanymallyga ýeten aktrisa Suraý Myradowa adamsynyň patasyny alansoň, aljyraňňylyga düşýär. Güzeran gün-günden agyrlaşýar. Ahyry eklenç aladasy rüstem gelýär. Ol täzeden durmuşa çykýar.

Meniň Suraý Myradowany ýazgarmaga hetdim ýokdur. Üç çaganyň enesi ýagdaýa görä hereket edipdir. Elbetde, urşa giden adamsynyň yzyny saklap, gül ömrüni kül eden maşgalalar hem kän bolupdy. Üç sany çül-çagany urşuň ýowuz ýyllarynda aç-hor etmän saklamak aňsat düşmändi. Şu sebäpli Suraý Myradowa durmuşa çykypdy.

Arman, Suraý Myradowa aç-hor etmän, şeýdip saklan üç sany gyzjagazyna uzak guwanyp bilmedi. Uruş apaty sowlandan soň üç ýyl geçensoň, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde bolan tebigy betbagtçylyk (1948-nji ýylyň ýer titremesi) sebäpli halkyň başyna düşen belada Suraý Myradowanyň Däde Haldan bolan üç gyzy — Mähri, Selbi, Näzik kesegiň aşagynda galyp, aradan çykýar.

Durmuşyň oýny kän. Şeýle bir wakalar bolup geçýär welin, hatda oňa ynanasyň gelenok.

Däde Hal Ikinji jahan urşundan sag-aman dolanyp gelýär we başdaş aýalynyň durmuşa çykanyny bilip, başga bir aýala öýlenýär. Sadap atly şol aýalyndan hem Däde Halyň üç gyzy bolýar. Däde Hal olara-da ýer titremesinde aradan çykan gyzjagazlarynyň adyny — Mähri, Selbi, Näzik dakýar. Iň täsin ýeri-de gyzjagazlaryň üçüsi-de ýer titremesinde wepat bolan gyzjagazlar bilen bir almany iki bölen ýaly meňzeş eken. Mähri — Mährä, Selbi — Selbä, Näzik — Näzige meňzeýän eken. Suraý Myradowa Sadabyň gyzlarynyň yzyndan bakyp: “Ogulsadap, seniň gyzlaň agynjak meniň gyzlarym. Olary daşyndan görsem — guwanýan, gürleşip görsem — aglaýan!” diýip, gözlerini ýaşlaýan eken.

Ýazyjylaryň howandary

Däde Hal ölemen awçydy. Awdan gelensoň, ol Aman Kekilow, Ata Gowşudow, Aleksandr Aborskiý... ýaly ýazyjy dostlaryny maşgalalary bilen myhmançylyga çagyryp, hödür-kerem, şahandazlyk ederdi.

Däde Hal köp ýyllaryň dowamynda “Sowet edebiýaty” (Häzirki “Garagum”) žurnalyna redaktorlyk etdi. Özem gowy eserleriň gadyryny bilip, olary binobat çapa goýberýärdi. Ol hasam belli ýazyjy Ata Gowşudowa kän howandarlyk etdi. Ata Gowşudowyň meşhur romanlary Däde Halyň redaktorlyk edýän žurnalynda gyzgyny bilen çap edilýärdi. Hiç ýerde işlemeýän, diňe galamyň ujundan çörek iýýän, üstesine-de ýekirilip gelnen Ata Gowşudow üçin munuň özi hemmetaraplaýyn goldawdy.

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG