Wideo: Türkmen hökümeti Abadandaky partlama netijesinde iki harby gullukçynyň, 13 graždanyň wepat bolandygyny aýdýar. Emma ölen adamlaryň sanynyň ondan köpdügi barada gapma-garşylykly maglumatlar bar. Bu wideo ýazgyny alan şaýadyň ykbaly näbelli.
Abadan şäherini alkymlap oturan Köpetdagyň etegindäki harby bölümiň ýarag ammarynda 7-nji iýulda öýlän başlan partlama tä 10-njy iýula çenli dowam edipdir. Iň ýokary derejedäki harby ýolbaşçylaryň günäsi bilen ýangynyň wagtynda öňi alynmandan soň, türkmençeläp aýdanyňda, ýarag ammaryndaky partlama özi ýanyp, özi öçüpdir.
Abadan şäherindäki 7-nji iýulda partlama bolan ýarag ammaryndaky birnäçe ýaraglar, ok-däriler, snarýadlar prezident Nyýazowyň döwründe, 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda satylypdy. Şonuň üçin ol ýarag ammarynda ýarag arsenaly beýle bir köp däl eken. Ýarag ammaryndaky ok-därileriň, snarýadlaryň wagty aşa geçensoň, olar düşen ýerinde hem ýarylmandyr. Şol sebäplem bolup biljek weýrançylygam, adam pidalaram birnäçe esse az boldy.
Adyny aýtmazlyk şerti bilen, şol harby bölümiň ofiserleriniň meniň bilen bolan söhbetdeşlikde birnäçesiniň tassyklamagyna görä, 7-nji iýulda, günortan sagat ikilerde ýarag ammary tüsseläp başlapdyr. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň ýokary derejedäki agzalaryna, sekretaryna şol bada habar berlenem bolsa, olar bu howsalaly maglumaty äsgermezçilik edip, bu polkuň komandirlerine: «Başyňyz bilen jogap berersiňiz, öňüni alyň» diýip buýruk berip, meseläni çözdüm edipdirler.
Şeýlelik bilen, ýarag ammaryndaky partlamada harby bölüm ähli kynçylyk bilen özi ýüzbe-ýüz galypdyr. Şonuň üçin ýarag ammaryndaky ýangynyň öňi alynman, weýrançylykly partlamanyň döremeginiň ýeke-täk günäkäri Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşidigini açyk aýtmalydyrys.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň iň ýokary derejedäki agzalarynyň özleriniň hiç zada ygtyýary bolmaýanda hem howsalaly maglumat wagtynda prezidente ýetirilip, çalt hereket edilen bolsa, partlamanyňam, adam pidasynyňam, weýrançylygyňam öňüni alyp boljakdygyny hiç kim inkär edip bilmez.
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň öz ýaýradan beýanatlarynda daşary ýurt metbugatynyň ýalan maglumatlary ýaýradýandygyny ýazmagam ýakymsyz boldy. Sebäbi üç gün geçip, bu pajygaly partlamanyň weýrançylygyny, adam pidalaryny dünýä bilip, gizlemek mümkin bolmandan soň, hökümet ýarag ammarynda bolan partlamany gytaklaýyn ykrar edip, ýogalanlary mümkin bolan derejede azaldanam bolsa, weýrançylygam, pida bolanlaryň bardygynam boýun aldy.
Bu ýarag ammarynda bolan partlama Türkmenistanyň harby ulgamynyň adatdan daşary ýagdaýlara taýyn däldigini, iň ýokary derejedäki harby ýolbaşçylaryň bolsa buýruk bilen ähli meseläni çözüp bolar diýen pelsepä gulluk edip, olaryň tebigy betbagtçylyk diýen howpa asla düşünmeýändigini ýene bir gezek subut etdi.
Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.