Ýaş fransuz ýazyjysy, žurnalist Tristan Banonyň Halkara pul gaznasynyň ozalky başlygy Dominik Straus-Kan bilen baglanyşykly güman edilýän jynsy zorluk boýunça şu günüň dowamynda resmi şikaýat bilen prokuratura ýüz tutmagyna garaşylýar.
Banonyň sözlerine görä, 2003-nji ýylyň fewral aýynda interwýu alýan wagty Straus-Kan ony zorlajak bolupdyr.
Straus-Kanyň aklawçylary Banonyň aýyplamalaryny ret edip, bulary “hyýaly” diýip atlandyrdylar. Olaryň sözlerine görä, Halkara pul gaznasynyň ozalky başlygy özüne töhmet ýöňkelýändigi üçin garşylykly arzany bermegi tabşyrypdyr.
Näme boldy?
Banonyň aklawçysy Deýwid Koubbiniň duşenbe güni aýtmagyna görä, Banon 2003-nji ýylda, Fransiýanyň şol wagtky maliýe ministri Straus-Kanyň Pariždäki öýüne baranda, onuň özüni zorlamaga synanyşyk edenligi üçin aýyplama bildirmekçi.
“Men öz müşderim Tristan Banonyň maňa beren görkezmelerini tassyklaýaryn. Bu görkezmeler juda aýdyň. Bu Dominik Straus-Kana garşy zorlamak synanyşygynda bildirilýän resmi jenaýat aýyplamasydyr. Gürrüňi edilýän deliller 2003-nji ýylda bolupdy. Olar örän möhüm” diýip, Koubbi belledi.
Banonyň aýtmagyna görä, Straus-Kan onuň eşiklerini çykarmaga synanyşypdyr. “Haçan-da onuň meni zorlamak islegine göz ýetirenimde, ony köwşüm bilen urup başladym” diýip, Banon Fransiýanyň “L’express” neşirine gürrüň berdi.
Banon şol wagt dessine polisiýa ýüz tutmandy. Ýöne ol güman edilýän bu wakalaryň bolandygyny 2007-nji ýylda telewideniýede bir gepleşigiň dowamynda tassyklapdy. Banonyň ejesi Anne Mansouret şol wagt öz gyzyny polisiýa şikaýat etmezlige yrypdyr. Mansouretiň indi aýtmagyna görä, ol şol wagtky eden hereketi üçin ökünýär.
Fransiýanyň kanunçylygyna laýyklykda, jynsy zorluk boýunça aýyplamalar barada zorlama bolandan soň, 10 ýylyň dowamynda şikaýat edip bolýar.
Nýu-Ýorkdaky waka
Geçen hepde Straus-Kan Nýu-Ýorkda öý tussaglygyndan azat edilipdi. Ol ýerde Straus-Kana başga bir zorlamak synanyşygy bilen bagly günä bildirilýär. 1-nji iýunda amerikan prokurorlary myhmanhananyň işgärini zorlamak synanyşygynda bildirilen aýyplamalaryň dogrulygy barada şübheleriniň bardygyny aýdypdylar.
Straus-Kana Fransiýanyň sosialist partiýasynyň agzasy hökmünde çepçiler tarapyndan 2012-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp biljek dalaşgär hökmünde garalýardy.
Partiýanyň metbugat wekili Benoit Hamonyň duşenbe güni aýtmagyna görä, Straus-Kanyň prezidentlige dalaş etmek senarileri häzir “iň gowşak” ýagdaýda.
Eger-de Banon özüniň şikaýatyny prokuratura berse, onda Straus-Kana bildirilýän aýyplamalar boýunça delilleri toplamak üçin deslapky derňew işi başlanar.