Çarşenbe güni Waşingtonda ýerleşýän Helsinki komissiýasynda Gyrgyzystanyň günortasynda ýerleşýän Oş we Jelalabat welaýatynda mundan bir ýyl ozal bolan wakalar we şol dartgynlylyk bilen bagly geçirilen derňewleriň jemleri hakda diňlenişik geçirildi.
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça Birleşen Ştatlaryň Helsinki komissiýasynda geçirilen şol diňlenişige agzalýan komissiýanyň ýolbaşçysy kongressmen Kristofer Smit ýolbaşçylyk edip, ol şol waka we onuň bilen bagly geçirilen barlaglara ünsi çekdi.
“Gyrgyzystanyň hökümetiniň etmeli işi 2010-njy ýylyň iýunynda ýurduň günortasynda etniki özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda bolan wakany we onuň sebäplerini anyklaşdyrmakdyr. Şol dartgynlykda 470 adam heläk bolup, 400 müň töweregi adam hem öz öýüdir, obalaryny terk etmäge mejbur bolupdylar. Müňlerçe ýaşaýyş jaýlary weýran edilipdi, Bakyýewyň korrumpirlenen hökümetiniň agdarylmagy bilen peýda bolan umyda bu waka kölege salypdy” diýip, kongressmen belledi.
Şol waka hakda derňew geçirilmegi üçin Gyrgyzystanyň hökümetiniň mundan bir ýyl ozal garaşsyz Halkara komissiýasynyň döredilmegini talap edenligini ýatladyp, ol prezident Otunbaýewany şeýle ädim ädenligi üçin gutlady we şol komissiýanyň ýakynda öz derňewleriniň netijesini çap edenligini belledi.
Kongressmen şol hasabatyň netijesine salgylanyp, käbir halatlarda etniki gyrgyzlaryň özbeklere garşy güýç ulananlygyny, hatda şol dartgynlykda aýallaryň zorlananlygynyň aýdylýanlygyny belläp, gyrgyz hökümetini bu hasabatyň netijesine çynlakaý baha berip, bu jenaýatçylykly hereketleri amala aşyranlary jogapkärçilige çekmäge çagyrdy.
Kongressmen aýratynam şol hasabatda öňe sürlen pikirleriň tassyklanan halatynda, onuň ynsanlyga garşy amala aşyrylan jenaýat hökmünde suratlandyrylyp bilinjekdigini hem sözünüň üstüne goşdy.
Ol çykyşynyň dowamynda etniki özbekleriň hak-hukuklarynyň depelenýänligini hem belläp, onuň derhal öňüniň alynmagyny we şeýle hereketlere baş goşýan adamlaryň jogapkärçilige çekilmegini talap etdi.
Gyrgyz parlamenti halamady
Diňlenişige şaýat hökmünde gatnaşanlardan biri hem agzalýan hasabaty taýýarlan garaşsyz Halkara komissiýanyň ýolbaşçysy Kimmo Kiljunen bolup, ol hasabaty taýýarlamak we onuň taýýarlanmagyna şert döretmek barada Gyrgyzystanyň hökümetiniň öz goşandyny goşanlygyny belläp, hasabat çap edilensoň, ony Gyrgyzystanyň parlamentiniň ýazgarmagyna özüniň geň galanlygyny nygtady.
Kiljunen Gyrgyzystanyň parlamenti tarapyndan özüniň ýurda barmagynyň hem gadagan edilenligini belläp, esasy mesele parlamentiň prokuratura ýüzlenip, şol hasabaty taýýarlamak boýunça özlerine ýardam eden adamlary jogapkärçilige çekmäge çagyrmagy bilen bagly diýdi.
Kiljunen ölenleriň 70% töwereginiň etniki özbek we 24% töwereginiň bolsa etniki gyrgyzlardan ybarat bolanlygyny belläp, mäl-mülküne zyýan ýeten adamlar barada aýdylanda hem gyrgyzlar bilen deňeşdirilende özbeklere ýeten zýyanyň möçberi juda uly diýdi.
Ol hökümetiň öz raýatlarynyň hak-hukuklaryny goramaga borçludygyny belläp, bu dartgynlykda howpsuzlyk güýçleriniň oýnan roly hakda uly soraglaryň bardygyny sözüne goşdy.
Diňlenişikde söz sözlänlerden biri hem Gyrgyzystanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Muhtar Jumalyýew bolup, ol Gyrgyzystanyň hökümetiniň şol hasabatyň netijeleri hakda öz pozisiýsyny eýýäm yglan edenligini belledi: “Gyrgyz hökümeti Halkara derňew komissiýasy tarapyndan amala aşyrylan işiň ähmiýetine uly baha berýär, şol tragiki wakany derňän komissiýanyň agzalaryna öz minnatdarlygyny bildirýär. Hökümet hasabatyň jemleriniň uly bölegi bilen ylalaşýar”.
Gyrgyzystanyň hökümetiniň şol komissiýanyň hasabatynyň jemlerini amala aşyrmak we onuň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek boýunça kommissiýa döredenligini bellän ilçi, şeýle wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin zerur ädimleriň ädilýänligini nygtady.
Emma ilçi sözüniň dowamynda Gyrgyzystanda agzalýan dartgynlygyň bolan wagtynda ýurduň wagtlaýyn hökümet tarapyndan dolandyrylanlygyny we onuň şol wagt howpsuzlyk we maliýe taýdan mümkinçilikleriniň gaty çäkli bolanlygyny öňe sürdi.