Türkmenistanyň paýtagtynda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlanan ägirt uly gurluşyklar Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň belli bir bölegini ýaşaýyş jaýyndan mahrum edipdi. Käbir maşgalalar ýykylan jaýlarynyň öwezine jaý bilen üpjün edilen bolsa, käbirleri bu problema bilen ýüzbe ýüz bolmaklarynda galýarlar.
Soňky döwür Aşgabadyň ýene birnäçe raýonynda ençeme jaýlaryň ýykyljakdygy baradaky maglumatlar köpleri alada goýýar. Ýurtda aç-açanlygyň, garaşsyz metbugatyň ýoklugy bolsa adamlaryň aladasyny artdyrýar.
“Türkmenpagta” döwlet konserniniň tabşyrmagy boýunça Aşgabatda gurlan dört gatly ýaşaýyş jaýynyň üç otagly kwartirasyna göçüp baran orta ýaşly türkmen zenany hemme amatlyklary bolan oýde ýaşamak mümkinçiligine eýe bolany üçin özüniň bagtlydygyny aýdyp, Türkmen telewideniýesiniň taýýarlan reportažynda: “Şeýle ýokary hilli jaýda ýaşadygyňça ýaşasyň gelýär. Her bir türkmen raýatyna şeýle ak mermerden gurlan jaýda ýaşamak miýesser etsin” diýýär.
Bu zenanyň gowy arzuwlaryna garamazdan, Türkmenistanyň hemme raýatyna şeýle ak mermere gaplanan jaýlarda ýaşamak entek miýesser etmän gelýär.
2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelen Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligine aýratyn üns bermegi wada beripdi.
Türkmenistanyň resmileriniň berýän maglumatlarynda Aşgabatda hem welaýat merkezlerinde, ýurduň beýleki şäherlerinde hem obalarynda ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat raýonlaryň gurulýandygy habar berilýär. Häzir Türkmenistan boýunça umumy bahasy 32 milliard dollardan gowrak 2,100 gurluşygyň alnyp barylýanlygy aýdylýar.
Emma, muňa garamazdan, Azatlyk Radiosyna gowuşýan maglumatlarda soňky döwürde öýsüz galmak howpunyň ilat arasynda alada döredýänligi aýdylýar. Aşgabadyň eteginde ýerleşýän dürli raýonlaryň ýaşaýjylarynyň öz jaýlarynyň ýykylmagynyň mümkindigini alada edýändikleri habar berilýär.
Mysal üçin, ýakynda şeýle howatyrlanmalar “Gaža” diýlip atlandyrylýan raýonyň ýaşaýjylarynda peýda boldy. “Olaryň köpüsinde wagtlaýyn öý kitapçalary bar. Bu fakt sebäpli ýaşaýjylar özleriniň jaýsyz galmak howpunyň ýokarydygyna düşünýärler. Bu bolsa olary ynjalykdan gaçyrýar” diýlip, Azatlyk Radiosyna gowşan maglumatda bellenilýär.
Jaý ýykyşlygyň düýp sebäbi näme?
Synçylaryň käbiriniň bellemegine görä, Türkmenistanda ýyk-ha-ýyklygyň düýp sebäbi Aşgabat şäheriniň baş proýektiniň çyzgysynyň ýoklugy bilen bagly. Bu pikir bilen düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin hem ylalaşýar.
“Eger iň bolmanda 2020-nji ýyla çenli şäheriň baş plany bolan bolsa, prezident birdenkä “şu ýerde telediňi gurarys, bu ýerde bolsa söwda merkezini” diýip buýruk berip bilmezdi. Ýone şeýle ýagdaý diňe Aşgabatda däl. Türkmenbaşy şäherinde hem “Awaza” turistik zolagynyň gurluşygy sebäpli ýerli häkimiýetler belli bir firma bilen ylalaşyga gol çekip, nobatdaky myhmanhananyň gurluşygynyň ýerini kesgitleýärler" diýip, hukuk goraýjy aktiwist Tuhbatullin aýdýar.
Tuhbatulliniň pikiriçe, häkimiýet başyndakylaryň türkmen raýatlarynyň maglumat almak hukuklaryny çäklendirmegi ýaşaýjylaryň köpüsinde ynamsyzlyk döredýär. “Häzir jaý gurmaga mümkinçiligi bolan paýtagtyň ýaşaýjylary hem pul sarp edip, öý salmakdan saklanýarlar. Muňa ýene-de şäheriň baş planynyň ýoklugy, ýurtda kanunlaryň işlemeýänligi, köp meseleleriň çözgüdiniň bir adama baglydygy sebäp bolýar” diýip, Tuhbatullin nygtaýar.
Aktiwistiň pikiriçe, ýurtda dürli problemalar barada habar berip, häkimiýet başyndakylara olary çözmek ugrunda hereket etmäge mümkinçilik döredýän garaşsyz, erkin metbugatyň ýoklugy, aktiw graždan jemgyýetiň hereket etmeýänligi dürli sosial kynçylyklaryň çüňlaşmagyna getirýär. “Häkimiýet başyndakylaryň düýpden iş bilmezligi, ýagdaýa düşünmezligi ýurduň ykdysadyýetiniň dargamagyna hem dürli sosial partlaýyşlaryň döremegine getirip biler” diýip, Tuhbatullin belleýär.
2009-njy ýylyň başynda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti çykyş edip, her bir raýaty abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmekde döwletiň borjy barada ýurduň Konstitusiýasynda bellenilen düzgünleri ýatladyp, ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň hem ýola goýulmalydygyny nygtapdy. Ol bu meseläniň uzaklașdyrman, ýakyn wagtyň içinde çözmelidigini belläpdi.
Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň prezidentiniň “Ýaşaýyş jaý kodeksini” gysga wagtda kabul etmegi tabşyrandygy habar berildi. Ýöne indi prezidentiň aýdan șol “gysga wagtyna” adamlaryň çydamy ýetermikä diýen sowal keserip dur.