Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlarda bilim alan ýaş hünärmenleri dolurak ulanmagyň we olaryň ukybynyň Watanyň peýdasyna sarp edilmeginiň zerurlygyny belledi. Bu barada resmi Aşgabat habar berdi.
Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti ýurtda döwrebap bilim derejesine we ýokary derejeli professional kadrlara bolan talabyň ýyl-ýyldan artýanlygyny hem nygtapdyr.
Türkmenistanda daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek düzgüni baradaky permana soňky hökümet maslahatynda gol çekilenligi türkmen metbugatynda habar berildi. Şol bir wagtyň özünde-de bu prosesiň sentýabr aýyna çenli yza tesdirilenligi barada resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlar hem gowuşýar.
Daşary ýurt diplomlaryna degişli täze düzgünler barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň özünden maglumat alyp bolmady.
Täze düzgün nähili bolar?
Graždanlaryň daşary ýurtlarda okap alan diplomlarynyň kabul edilmegi Nyýazow döwründe ýatyrylypdy. Soňky ýyllarda bu meselä ençeme sapar hökümet derejesinde garaldy. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň diplomlaryny ykrar etmek boýunça işleri barlamagyň zerurlygy nygtaldy. Emma taze düzgüniň mazmuny köpçülige mälim edilmedi.
Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts diplomlar meselesindäki kesgitsizligiň aladalary hasam güýçlendirýänligini belleýär.
“Bu täze düzgünleriň nähili boljagyny bilip bolsady, şonda men hasam begenerdim. Sebäbi täze düzgün barada anyk maglumat almak isleýänler muny şu çaka çenli anyklap bilmediler. Şonuň uçin adamlar täze karar näçe gowy bolsa-da, onuň gümürtik taraplarynyň ýene-de köp boljagyna we raýatlaryň öz diplomlaryny ykrar edip bilmejegine aladalanýarlar” diýip, Şabunts belleýär.
Şu günki gün Türkmenistanda diplomatlaryny ykrar etdirmekde ilkinji nobatda daşary ýurtlaryň hususy okuw jaýlaryny tamamlanlar ýa-da öz hasabyna okanlar kynçylyk çekýärler.
Emma Şabunts sowet döwründe diplomly bolan hünärmenleriň hem kynçylyklardan halas däldigini aýdýar: “Sowet döwründe Özbegistanda okap, diplomly bolan raýatlary örän kösändiklerini anyk bilýärin. Ýogsa, şol diplomlar bir döwletiň çäginde alnypdy”.
Şabuntsyň bellemegine görä, diplomlar resmi derejede ykrar edilip başlanan ýagdaýda-da türkmen raýatlary üçin öz ýurdunda işe ýerleşmek kyn. Muňa esasy sebäp bolýan zat - işsizlik we korrupsiýa.
Para-peşgeş we tanyş-bilişlik
Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy, synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, ýurtda diplomlary ykrar etmekde-de, işe yerleşmekde-de raýatlaryň hünär ýa bilim derejesi däl-de, esasan para-peşgeş we tanyş-bilişlik rol oýnaýar: “Halkara ykdysadyýetine, halkara hukuk gatnaşyklaryna degişli fakultetleri gutaran we bäş-alty dili bilýän hakyky bilimli adamlara ýol ýok. Sebäbi ýurtda korrupsiýa we tanyşparazlyk gidip otyr”.
Şu çaka çenli Türkmenistanda daşary ýurt diplomyny ykrar etdirmek isleýän raýatlar Bilim ministrliginiň ýörite komissiýasyna okan ugrundan we “Ruhnamadan” ekzamen tabşyrmalydy.
Şu günki gün daşary ýurtlarda bilim alanlar üçin Türkmenistanda, daşary ýurt diplomlarynyň ykrar edilmeginden we işsizlikdir-parahorluk ýaly problemalardan başga-da böwetleriň bardygy aýdylýar.
Şeýle böwetleriň biri - ýurtda ençeme spesialistlere bolan talabyň ujypsyzlygydyr. “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň bellemegine görä, Türkmenistanda hususan-da psihologlara, sosiologlara, syýasaty öwrenijilere we žurnalistlere isleg bildirilmeýär.
Resmi maglumatlarda, 2010-njy ýylda ýurduň daşyna döwlet programmasy boýunça 2,700-e golaý adamynyň okamaga gidenligi aýdylýar. Emma daşary ýurtlarda öz hasabyna okaýanlaryň sany barada resmi statistika berilmeýär.
Garaşsyz maglumatlarda daşary ýurtlarda özbaşdak okaýanlaryň onlarça müňdügi aýdylýar. Diňe bir Ukrainada 5,5 müň türkmenistanlynyň okaýanlygy ýakynda ukrain metbugatynda habar berildi.
Türkmenistanyň raýatlary ABŞ-da, Ýewropa döwletlerinde, Orsýetde, Belarusda, Türkiýede, Hytaýda, Malaýziýada we ýene ençeme döwletlerde ýokary bilim alýarlar. Olaryň arasynda aspirantura okuwlaryny dowam etdirýänler hem az däl.