Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Korrupsiýa ýurda howp abandyrýar”


Häzir arap ýürtlarynda dowam edýän protestleriň döremegine esasan korrupsiýa meselesi sebäp boldy diýlip, syn berilýär.
Häzir arap ýürtlarynda dowam edýän protestleriň döremegine esasan korrupsiýa meselesi sebäp boldy diýlip, syn berilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik wezipesine girişmegine dört ýyl boldy. 2007-nji ýyldaky saýlawlarda Berdimuhamedowyň halka beren wadalarynyň hatarynda ýaşlaryň bilimli-sowatly bolmagy ugrunda iş alyp barjakdygy baradaky wada hem bardy.

Geçen dört ýylyň dowamynda ýurduň bilim pudagynda geçirilen reformalaryň netijesinde Türkmenistanyň orta mekdepleri 9 ýyllykdan 10 ýyllyga geçirildi. Ýurduň orta bilim möhleti ortaça halkara kadalaryna laýyk getirilmegi bolsa türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlara gidip okamak mümkinçiliklerini artdyrdy.

Geçen ýyl Türkmenistanyň 17 ýokary okuw jaýyna alnan studentleriň jemi sany 3 müň 480 adamdan ybarat boldy. Edil şol döwürde, ýagny 2010-njy ýylda ýurduň orta mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň sany bolsa 100 müňden geçýär. Ýaşlaryň öz ýurdunda bilim almagyna bolsa korrupsiýanyň gaty uly päsgelçilik berýänligi habar berilýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan zenan gyzyndan tehnikuma girmek üçin 500 amerikan dollaryna baradar paranyň soralandygyny, bilim pudagyndaky parahorlugyň çagalarda “okap bilim alan däl-de, okaman para beren okuwyny dowam etdirip bilýär” diýen düşünjäni döredip, ýaşlara ahlak taýdan ýaramaz täsir edýändigini, olaryň zehinini köýdürip, okuwa bolan höwesini öçürýändigini gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy boýunça indiki ýyl ýurtda prezidentlik saýlawlary geçirilmeli. Häzirki prezident saýlawçylaryň seslerini gazanmak üçin näme etmeli diýen sowala raýatlaryň köpüsi onuň şahsyýet kultuny gurmagy bes edip, ýurtda korrupsiýa garşy aýgytly göreşiň yglan edilmegini isleýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habaraçysy Osman Hallyýew hem bu mesele bilen bagly ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň köpüsiniň korrupsiýadan Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna howp abanýandygyny aýdandyklaryny habar berdi.

“Türkmen Helsinki” fondunyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa korrupsiýadan Türkmenistanyň milli howpuslygyna howpuň abanýandygy baradaky pikir bilen ylalaşýar. Ol: “Türkmen resmileri ýokary okuw jaýlarynyň sanyny köpeltmese, alternatiw, ýagny hususy okuw jaýlarynyň açylmagyna ýol bermeseler, mugallymlaryň aýlyklaryny artdyrmasalar, okuw programmalaryna täzeden garap, olary professional taýdan güýçlendirmeseler, ýaşlarymyz parahorluk problemasy bilen gündelik durmuşda ýüzbe-ýüz bolarlar”.

Erkin metbugatyň zerurlygy


“Transparancy International” guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüm müdiri Mikloş Marşallyň Azatlyk Radiosy bilen gürrüňde bellemegine görä, parahorluga garşy göreşmek üçin ýurtda erkin metbugatyň, ösen graždan jemgyýetiniň bolmagy zerur.

Türkmenistanda parahorluk we korrupsiýa ýaly meseleler ýurduň habar serişdelerinde köp gozgalmaýar.
Dört ýyl mundan ozal Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynyň birinde: “Ýurtda demokratiýany, adam hukuklaryny, söz we pikir azatlyklaryny berjaý ederis” diýip, erkin metbugata ýol bermegi wada edipdi. Emma häzir Türkmenistanda erkin metbugata ýol berilmeýär, parahorluk we korrupsiýa ýaly meseleler ýurduň habar serişdelerinde köp gozgalmaýar.

Döwlet mediasynda ýurtdaky korrupsiýa bilen bagly waka diňe 2009-njy ýylyň aprel aýynda efire berildi. Şonda D.Azady adyndaky Milli dünýä diller institutynda parahorlugyň üstüniň açylandygy barada “Watan” habarlar gullugy maglumat ýaýratdy. Bu institutyň rektorynyň we iki dekanynyň okuwa girmek isleýän sekiz adamdan jemi 119 müň amerikan dollaryndan ybarat pul alandyklary habar berildi.

Ýurtda graždan jemgyýetiniň ösdürilmegi ugrunda hem anyk ädimler ädilmeýär. Gaýta, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş programmasy (UNDP) ýaly halkara edaralaryndan hökümete degişli bolmadyk guramalary açmak üçin grant alan aktiwistleriň yzarlanýandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Daşoguzly synçy Şatlyk Öwezow “Eger-de hökümet başynda oturanlar korrupsiýanyň bardygyny resmi ýagdaýda boýun alyp, bu belanyň garşysyna aýgytly hem hemmetaraplaýyn berk göreşmeseler, onda ýurdumyzyň, halkymyzyň gelejeginiň uly howp astyna düşjegi ikuçsyz” diýip, Azatlyk Radiosyna ýollan blog çykyşynda ýazýar.

Dünýa tejribesinde korrupsiýa garşy göreş mehanizimleriniň biri hökmünde her ýyl salgyt deklarasiýasyny ýurduň Maliýe ministrligine tabşyrmak ýaly usul ulanylýar. Öz girdejisi baradaky şol deklarasiýany her raýat - prezidentden başlap, ýaňy işe duran ýaşlara çenli - hemme kişi tabşyrmaly. Köp ýurtlarda hökümetde ýokary derejeli wezipeleri eýeleýän çinownikleriň salgyt deklarasiýalary metbugatda çap edilip, köpçülige ýetirilýär.

Häzir arap ýürtlarynda dowam edýän protestleriň döremegine esasan korrupsiýa meselesi sebäp boldy diýlip, syn berilýär. “Transparency International” guramasynyň 178 ýurdy öz içine alýan “Korrupsiýanyň Indeksi 2010” hasabatynda Bahreýn 48-nji, Tunis 59-njy, Müsür 98-nji, Liwiýa we Ýemen bolsa 146-njy orny eýeleýärdi. Bu hasabatda Türkmenistan korrupsiýa boýunça iň ýaramaz ýurtlaryň arasynda - 172-nji orunda ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG