Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda graždan jemgyýeti


Türkmenistanda 89 sany jemgyýetçilik guramalarynyň hasaba alnandygy aýdylýar.
Türkmenistanda 89 sany jemgyýetçilik guramalarynyň hasaba alnandygy aýdylýar.

16-njy fewralda Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton dünýäniň 20 ýurdunyň graždan aktiwistleri bilen taryhda ilkinji strategiki dialoga başlady. Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň ýagdaýy nähili?

Waşingtonda graždan aktiwistleri bilen geçirilýän strategik dialogyň açylyş dabarasynda çykyş eden Hillari Klinton graždan jemgyýetleri hökümetden öz işleri barada hasabat talap edip, hökümetiň has adalatly bolmagyna täsir edýär, bu bolsa hökümetiň has netijeli işlemegine getirýär diýip nygtady.

Türkmenistanda-da ýurduň prezidenti öz çykyşlarynda wagtal-wagtal jemgyýetçilik guramalaryny döretmek, ýurdy demokratiýalaşdyrmak barada dil ýarýar. Emma Berdimuhamedowyň şeýle çykyşlaryna garamazdan, käbir synçylar häzir Türkmenistandaky graždan jemgyýetiniň ýagdaýyna hatda öňki prezident Nyýazowyň döwründäkidenem ýaramaz diýip, baha berýärler.

Türkmenistanly graždan aktiwisti Natalýa Şabuns häkimiýetler tarapyndan 2003-nji ýyldan başlap, ýurtdaky graždan jemgyýetini ýok etmek ugrunda hereket edilýändigini aýdýar: “Graždan jemgyýeti aşakdan, halkdan gelýän inisiatiwadan başlanýar. Türkmenistanda bolsa, 2003-nji ýylda jemgyýetçilik guramalar baradaky kanuna üýtgetmeler girizilensoň, hemme azda-kände işleýan hökümete degişli däl guramalary ýapdylar. Soňra hemme inisiatiw toparlary hereket etmez ýaly etdiler-de, indi graždan jemgyýeti barada gürrüň edýärler”.

Aziýanyň ösüş banky tarapyndan Türkmenistandaky hökümete degişli däl guramalar hakynda ýaýradylan maglumatda Türkmenistanyň resmi statistikasyna salgylanyp, ýurtda 89 sany jemgyýetçilik guramalarynyň hasaba alnandygy aýdylýar. Olardan diňe birnäçesiniň hakykatdan hem peýdaly iş alyp barýandygy bu maglumatda bellenilýär. Olaryň hataryna aýallaryň meseleleri bilen meşgullanýan “Ynam”, “Keýigokara” ýaly guramalaryň bardygy aýdylýar.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşigi, Gurbansoltan eje adyndaky aýallar birleşigi jemgyýetçilik guramalar diýlip atlandyrylsa-da, hakykatda olaryň hökümete garaşlydygy bellenilýär.

Güýçli halk - güýçli döwlet

Türkmenistanly graždan aktiwisti Natalýa Şabuns özüniň “Counterpart International” guramasynda işländigini, şoňra bu guramanyň Türkmenistanda alyp barýan işlerini bes etmeli bolandygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Işlän döwründe adamlaryň höwes bilen jemgyýetçilik işine goşulandyklaryny gürrüň berip, Natalýa Şabuns azda-kände inisiatiwanyň peýda bolandygyny gören Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň gelip, şol inisiatiwany basyp ýatyrmak bilen meşgullanandyklaryny ýatlady.

Şeýle hem Natalýa Şabuns graždan aktiwisti Abdyrahman Baýyrowyň Mejlise bolan saýlawlarda özbaşdak kandidat hökmünde öz kandidaturasyny hödürländigi üçin tussag edilendigini gürrüň berdi.

Waşingtonda graždan aktiwistleri bilen geçirilýän strategik dialogyň açylyş dabarasynda çykyş eden Hillari Klinton durnukly jemgyýetiň üç sütüniniň bardygyny belledi: “Olar jogapkärçilikli, eden işleri barada hasabat berýän hökümetden, ykdysadyýetde gujurly, netijeli işleýän hususy pudakdan we graždan jemgyýetinden ybarat. Eger şol sütünleriň biri uzyn ýa gysga bolsa, onda şeýle jemgyýetde durnuksyzlyk emele gelýar”.

Türkmenistanly synçy Galkan Remow ýurtda Ýakyn Gündogar ýurtlaryndaka meňzeş wakalaryň ýüze çykmazlygy üçin “Türkmenistan awtoritarizmi güýçlendirmeli däl-de, döwleti güýçlendirmeli. Döwleti güýçlendirmek bolsa diňe döwlet institutlarynyň kämil işlemegi we aktiw graždan jemgyýetiniň döremegi bilen mümkin bolýar” diýip, Azatlyk Radiosy üçin ýazan makalasynda nygtaýar.
XS
SM
MD
LG