Bahreýnli şaýylar proteste çykdy
15-nji fewralda müňlerçe bahreýnliler ýurduň paýtagty Manamanyň merkezi Göwher medançasyna ýygnandylar. Oppozisiýa toparlary ýurtda has uly syýasy reformalaryň geçirilmegine çagyrýarlar. Şeýle-de olar ýurdy dolandyrýan sünni monarhiýasynyň möhüm kararlar we döwlet wezipeleri boýunça häkimiýetiniň soňlanmalydygyny öňe sürýärler.