Türkmenistan 2005-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Korrupsiýa garşy göreş boýunça Konwensiýasyna goşulypdy. Şu ýylyň iýunda aýynda bolsa, ol jenaýatçylykly ýollar bilen gelýän girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça Ýewraziýa toparyna (EAG) agza boldy.
Azatlyk Radiosy bikanun girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän hem-de EAG toparyna gözegçilik edýän FATF (Financial Action Task Force) guramasynyň maslahatlaryny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanda zerur şertler barmy diýen sowal bilen Parižde ýerleşýän FATF guramasynyň administratory Riçard Berkhouta ýüzlendi.
Merkezi Aziýa regiony babatda iş alyp barýan Riçard Berkhout: “FATF guramasynyň teklipleri bikanun girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy global ölçegler hökmünde Halkara walýuta fondy, Bütindünýa Banky, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan ykrar edildi. Şonuň üçin ol maslahatlar hökmany suratda amala aşyrylmaly” diýip, Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Şeýle-de ol FATF guramasynyň rekomendasiýalaryny durmuşa geçirmekde kynçylyk çekýän ýurtlaryň hem bardygyny belleýär. Ýagny, bilermeniň tassyklamagyna görä, käbir ýurtlara bu maslahatlary ýerine ýetirmek üçin wagt gerek bolup durýar. Türkmenistan hem şol entek wagty talap edýän ýurtlaryň hatarynda diýip, bilermen nygtady.
Merkezi Aziýa
FATF guramasynyň administratory Riçard Berkhout umumy Merkezi Aziýa regionyna girýän ýurtlarda berilýän maslahatlary durmuşa geçirmek üçin degerli şertleriň döredilmegi ugrunda entek köp işleriň edilmelidigini belleýär. Munuň üçin bolsa, bilermen kadrlar meselesiniň esasy kynçylygy döredýändigini öňe sürýär.
“Takmynan üç ýyl mundan ozal biz Türkmenistan we Merkezi Aziýa regionyna girýän beýleki ýurtlar üçin goldanma kitapçasyny çap etdik. Şonda biziň talap edýän standartlarymyzy ýurtda ornaşdyrmak üçin edilmeli işler barada aýdylyp, bu ugurda peýdaly maslahatlar berildi” diýip, Riçard Berkhout aýdýar.
Ol FATF toparynyň ölçegleriniň bir aspektiniň dürli agentlikleriň döredilmeginden ybaratdygyny hem belleýär. “Olar hem hökümete, hem hususy pudaga degişli bolmalydyr. Ýene bir edilmeli iş, ölçeglerimizi durmuşa geçirmek üçin ýörite plan düzüp, ileri tutmaly wezipeler kesgitlenmeli. Sebäbi hemme talaplarymyzy birbada ýerine ýetirmek mümkin däl”.
Riçard Berkhout hökümetara FATF guramasynyň işiniň bikanun girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy diňe belli bir syýasaty kesgitläp, her ýurduň şol ölçeglere ýetmek ugrunda edýän tagallalaryna gözegçilik etmekden ybaratdygyny aýdýar.
Şeýle hem Riçard Berkhout FATF guramasynyň bank pudagynyň işinde, buhgalteriýanyň ýöredilşinde öz kesgitlän ölçegleri boýunça işlenmegini talap edip bilýändigini aýdýar. Emma bilermen aýratyn pudaklara doly gözegçilik edip bilmeýändiklerini hem boýun alýar.
Şu ýylyň fewral aýynda FATF toparynyň Türkmenistan bilen bagly ýaýradan maglumatynda ýurtda bikanun gazançlaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşde, beýleki edilmeli işler bilen bir hatarda Maliýe Aňtaw gullugynyň döredilmeginiň zerurdygy nygtalýar.
“Ýakynda biz töwekgelçiligi beýle ýokary bolmadyk 30-a golaý ýurdy öz içine alýan sanawymyzy ýaýratdyk. Türkmenistan hem şol ýurtlaryň hatarynda bar” diýip, Riçard Berkhout aýdýar. “Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzyň iki ýoly bar: onuň biri gönüden-göni türkmen resmileri bilen hyzmatdaşlyk. Beýlekisi bolsa, regional guramamyz (EAG) bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk”.
Maslahatlar toplumy
Häzir FATF guramasy bikanun pul serişdeleriniň ýuwulmagyna garşy göreş boýunça jemi 40 teklipden ybarat maslahatlar toplumyny taýýarlady. Şeýle hem terrorçylygy maliýeleşdirmek meselesine garşy bu topar tarapyndan dokuz maslahat taýýarlanyp, dünýäniň hemme ýurtlaryndan olaryň durmuşa geçirilmegi talap edilýär. Bu gurama agza ýurtlaryň içinde öňki sowet giňişliginden diňe Orsýet bar.
Häzir FATF guramasynyň beren maglumatlarynda hyzmatdaşlykdan boýun gaçyrýan hem-de bikanun gazanylan serişdeleriň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşmekden ejiz gelýän we terrorçylygy maliýeleşdirmekde iň towekgelçilikli ýurt hökmünde Eýran agzalýar.
FATF guramasynyň döredilmegi barada 1989-njy ýylda senagat taýdan ösen ýedi ýurduň (G-7) Sammitinde ylalaşylypdy. Bu gurama hapa pullary ýuwmaklygyň ýollaryny öwrenip, bikanun girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy ýörite maslahatlaryň toplumyny taýýarlaýar.
Soňra FATF her ýurduň şol maslahatlary durmuşa geçirşine syn edip, netije çykarylýar. Ýagny, belli bir ýurt FATF guramasynyň tekliplerini durmuşa geçirmekden boýun gaçyrsa, şol ýurt halkara derejesinde gara sanawa girizilýär we oňa garşy dürli çäreler görülýär.