17-nji noýabrda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň Sergi köşgünde ýurduň Söwda-senagat palatasy tarapyndan gurnalan «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2010» atly 15-nji halkara sergisi açyldy. Bu serginiň ertesi güni, 18-nji noýabrda, “Türkmenistanyň nebit we gaz senagaty: ösüş perspektiwalary hem halkara hyzmatdaşlygy” diýen üç günlük halkara konferensiýa hem başlady.
Türkmenistanyň “Nebitgaz” senagaty we mineral resurslary ministrliginiň “Summit Trade Events Ltd” atly britan kompaniýasy bilen bilelikde gurnan bu halkara forumyna dünýaniň 35 ýurdundan 700-e golaý delegatyň gatnaşýandygy aýdylýar. Olaryň hatarynda Awstriýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan Orsýetden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Ukrainadan, Eýrandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen jemi 160-a golaý iri kompaniýalaryň bardygy habar berildi.
Bu halkara konferensiýa gatnaşýanlara ýüzlenmesinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gazynyň Orsýete, Hytaýa hem Eýrana akdyrylýandygyny nygtap, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň proýektiniň üstünde işlenýändigini nygtady. Prezidentiň ýüzlenmesinde Ýewropa ýurtlaryna niýetlenen gaz proýektleri barada hiç zat aýdylmady.
40 milliard kubometr Ýewropa üçin
Emma Itar-Tass habar gullugy 19-njy noýabrda “Türkmenistanyň nebit we gaz senagaty: ösüş perspektiwalary hem halkara hyzmatdaşlygy” forumynda çykyş eden wise-premýer Baýmyrat Hojamuhammedowa salgylanyp, Türkmenistan Ýewropa her ýylda 40 milliard kubometr tebigy gaz satmak üçin ýörite infrastrukturany taýýarlaýar diýip, habar berdi.
“2011-nji ýylda “Petronas” kompaniýasy tarapyndan gazylyp alynýan 5 mlrd. kubometr tebigy gazy satmak üçin alyjy gözleýäris. Günorta Ýolöten ýatagyndaky gazy ýurduň günbataryna akdyrmak maksady bilen kuwwatlylygy 30 mlrd. kubometre barabar “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi gurulýar” diýip, B.Hojamuhammedow aýtdy. “Ýewropa ýurtlary üçin bizde her ýylda 40 milliard kubometr gaz artýar, bu ýurtlar gaz üpjünçiligi meselesi barada gaýgy etmesinler”.
Rumyniýanyň Ylymlar Akademiýasynyň agzasy, “Money channel” telewizion kanalynyň ykdysadyýet boýunça eksperti Dan Susio “Nabukko” proýektiniň Türkmenistan üçin diňe maliýe taýdan däl, eýse başga bähbitli taraplarynyň hem köpdügini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.
“Nabukko” proýektiniň gaz bilen üpjünçiliginiň doly anyk bolmazlygy bu proýektiň amala aşyrylmagyny bökdeýän esasy mesele bolup durýardy. Şeýle hem proýektiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegi meselesinde ikirjiňlenmeler ýok däldi. Emma Dan Susionyň aýtmagyna görä, bu proýektiň gijikmegine Ýewropa ýurtlarynyň öz içindäki problemalar hem sebäp boldy.
“Transowgan”
Aşgabatdaky energiýa konferensiýasynda çykyş eden Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisinin orunbasary Susan Elliott Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçiriji proýektiniň amala aşyrylmagynyň, Owganystan ýaly goňşy ýurtlara oňyn täsir edip biljekdigini belledi.
“Bu proýektiň amala aşyrylmagy ugrunda entek köp päsgelçilikleriň bardygyna garamazdan, onuň durmuşa geçirilmegi babatda köp işler edildi. Bu ugurdan gazanylan öňegidişlik bizi hem höweslendirýär. Bu gaz geçirijiniň uzak möhletleýin proýektdigini ýatdan çykarmaly däl. Ýagny, onuň amala aşyrylmagy üçin edilýän ägirt uly tagallalar Türkmenistana-da, umuman, tutuş bu regiona-da uzak möhletleýin peýda getirer” diýip, Susan Elliott aýtdy.
ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomatynyň aýtmagyna görä, bu proýekt goňşy ýurtlary ykdysady ösüş meselesinde biri-biri bilen baglanyşdyryp, özboluşly durnuklylyk koridoryny döredip biler: “TOPH-niň amala aşyrylmagy Owganystana zerur bolan girdejini getirip, bu ýurtda iş orunlarynyň döredilmegine oňyn täsir edip biler. Ol Pakistanyň, Hindistanyň ösýän ykdysadyýetlerini-de arassa ýangyç bilen üpjün eder”.
Türkmenistan öz tebigy gaz rezerwleriniň anyklanan möçberiniň 25 trillion kub metre golaýdygyny resmi derejede yglan edýär. Häzir ýyllyk 75 milliard kub metr tebigy gaz öndürýän Türkmenistan geljekde muny 230 milliarda kub metre çykarmagy we onuň 180 milliard kub metrini eksport etmegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar.