Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telekeçilere nähili karzlar hödürlenýär?


Türkmenistanyň häkimiýetleriniň plany boýunça, 2020-nji ýyla çenli Türkmenistanda jemi içerki önümiň, ýangyç energetika pudagy hasaba alynmanda, 70%-i hususy pudagyň harytlaryndan we hyzmatlaryndan ybarat bolmaly.

Bazar ykdysadyýetiniň prinsiplerine laýyklykda, hususy pudagy ösdürmek üçin, beýleki faktorlar bilen bir hatarda, telekeçilere karz puluň, kreditleriň elýeterli bolmagy möhüm rol oýnaýar.

Häzir Türkmenistanyň banklarynda telekeçiler üçin mikrokreditler berlip başlandy. Mysal üçin, Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynyň resmi maglumatlarynda hususy işewürlere telekeçilik işini alyp barmak, uzak wagtlaýyn ulanylýan harytlary satyn almak üçin kreditleriň, ýagny sarp edijilik karzlarynyň we gurluşyk maksatlaryna niýetlenen karzlaryň berilýändigi aýdylýar.

Karz serişdeleriniň Türkmenistanyň milli pulunda berilýändigi, olaryň gysga möhletli hem uzak möhletli häsiýete eýe bolup biljekdigi hem bellenilýär. Karz almak isleýän adamyň zerur maglumat bilen gös-göni bankda tanşyp biljekdigi, Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynyň kredit bilen meşgullanýan işgärlerinden bu meselä degişli maslahaty almagyň mümkindigi hem aýdylýar.

"Türkmenbaşy" döwlet täjirçilik banky

Türkmenistanyň "Türkmenbaşy" döwlet täjirçilik bankynyň telekeçilere hödürleýän karz hyzmatlarynyň görnüşleriniň sanawyna düýpli maýa goýumlary üçin niýetlenen uzak möhletli (10 ýyla çenli) karz puluň berilmegi ýaly hyzmat hem girýär.

Önümçilik, düýpli gurluşyk we beýleki işler üçin 5 ýyla çenli karz puluň berilýändigi, telekeçiniň işgärlerine zähmet hakyny tölemegi üçin bank tarapyndan üç aýdan alty aýa çenli möhlet bilen karz pul hödürlenýändigi hem habar berilýär. Täjirçilik maksady bilen 2 ýyla çenli karz puluň berilmegi hem bankyň raýatlara hödürleýän hyzmatlarynyň hataryna girýär.

Mundan başga-da "Türkmenbaşy" döwlet täjirçilik banky telekeçilere daşary yurt walýutasynda karz-kredit hyzmatlarynyň birnäçe görnüşlerini hödürleýär. Ýagny, bank raýatlara önümçiligi ýola goýmak üçin esasy serişdeleriň, haryt-maddy gymmatlyklarynyň satyn alynmagy üçin üç ýyla çenli möhlet bilen karz pul hödürleýär.

Şeýle hem "Türkmenbaşy" döwlet täjirçilik bankynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň öwezini dolmak üçin telekeçilere üç aýa çenli möhlet bilen karz puluň berilmegi göz öňünde tutulýar. Täjirçilik üçin berliýän kreditleriň iki ýyla çenli möhlet bilen hödürlenýändigi bankyň resmi maglumatlarynda aýdylýar.

"Türkmenbaşy" döwlet täjirçilik banky ulag satyn almak isleýänlere üç ýyla çenli möhlet bilen ulagyň nyrhynyň 60%-ne barabar kredit hödürleýär. Bu karzlaryň göterimi, olary almak üçin zerur bolan dokumentler hakda bankyň internet sahypalarynda anyk maglumat berilmeýär.

“Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky

Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky, beýleki banklardan tapawutlylykda, telekeçilere karz almak üçin zerur bolan dokumetleriň sanawyny çap edipdir. Bu bankda telekeçilere berilýän karzyň möçberiniň telekeçiligiň girdejililigine baglydygy aýdylýar.

“Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynda berilýän karzlaryň möhleti olaryň näme maksatlar bilen alynýandygyna bagly. Ýagny, söwda maksatlary üçin karz puluň 18 aýa çenli; önümçilik we hyzmat üçin karz puluň üç ýyla çenli berilýändigi, karzlaryň ýeňillik möhletiniň-de alty aýa çenlidigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG