Parlamentiň iň ýaş deputaty 25 ýaşly Jomart Saparbaýew. Ýaşlygyna garamazdan, Saparbaýew ençeme ýyllardan bäri özüniň syýasy karýerasyny başarnykly alyp barýar. Ol özüniň syýasata goşulan döwrunde “Ata-Meken” partiýasynyň ýaşlar bölüminiň lideri boldy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda öz iňlis dilini has hem kämilleşdirdi we gatnaşan syýasy çäreleri sebäpli gysga möhletli türme tussaglygyny başdan geçirdi.
Jomart Saparbaýew Gyrgyzystanyň täze döreýän parlament demokratiýasyny çuňňur goldaýar. Onuň mysalynda täze nesliň gyrgyz syýasatyna we bu ýurda nämeler getirip biljekdigine göz ýetirse bolýar.
Gyrgyz däbine laýyklykda, Gyrgyzystanyň parlamentiniň ilkinji duşuşygy deputatlaryň in ýaşulusy, “Ata-Meken” partiýasynyň agzasy Taşpolot Baltabaýew tarapyndan açyldy. Täze saýlanan Ýokarky Geňeşiň ilkinji taryhy açylyşynda hemmeleriň ünsi Baltabaýewiň öz partiýasyndan bolan egindeşi, iň ýaş deputat 25 ýaşly Jomart Saparbaýewdi. Gyrgyzstandaky syýasy güýçleriň özara söwdalaşýan döwründe Saparbaýewiň adynyň “Ata-Meken” partiýasynyň agzalarynyň arasynda öňdäki orny eýelemegi partiýalaryň öz ýaş agzalaryndan köp zada garaşýandyklarynyň alamaty boldy.
Saparbaýew diýseň göwnaçyk we şadyýan oglan. Ol ýaşy boýunça özünden uly syýasatçylaryň garşylygyna öwrenişen. Emma Jomart diňe öz partiýasynyň täze pikirli hakyky gymmatlyklara uýýan partiýadygyny öňe sürýär: "Men partiýamyzyň sanawyna 15-nji agza bolup giremde, partiýamyzdaky ýokary derejeli agzalardan, şeýle hem dürli partiýalaryň dürli agzalaryndan manysyz zatlary eşitdim. Olar meniň adymy partiýamyzyň sanawynyň ýokardaky orunlaryň birine girizmeginiň kemakyl tejribedigini aýtdylar. Emma biz muny başardyk. Biziň liderlerimiz täze güýjüň gerekdigine düşünýärler. Bize täze pikirler we täze nesil gerek”.
“Ata-Meken” partiýasy özüniň ýaş agzalaryny goldaýan ýeke-täk partiýa. Parlamentde orun alan bäş partiýanyň arasyndan “Respublika” we “Ata-Žurt” ýaly bäsdeş partiýalar hem 22 ýaşly kandidatlaryny Ýokarky Geňeşe agza etmegi göz öňünde tutdular. Emma Saparbaýew özüniň syýasy başarnyklarynyň beýlekilerden üstündigini belleýär. Ol Gyrgyzystanda parlament demokratiýasyna geçişiň arkasynda duran iň uly güýç bolan Ömürbek Tekebaýewiň baştutanlygyndaky “Ata-Meken” partiýasyna eýýäm alty ýyldan bäri agza.
Aýgytly göreş
Partiýa agza bolan döwrüniň dowamynda Saparbaýew şol wagtky premýer-ministr Feliks Kulowyň Gyrgyzystany Halkara walýuta fondundan we Bütindünýä bankyndan karz pul dileýän ýurtlaryň hataryna goşmak synanyşyklaryna garşy göreşen ýaslaryň hereketinde aktiw rol oýnady. Saparbaýew seýle etmegiň garyp döwletleri has hem garyplaşdyrandygyny, bu ýagdaý esasan hem 2005-nji ýylda ýaňy “Çigildem rewolýusiýasy” bolan Gyrgyzystanda Kurmanbek Bakyýewiň we onuň ýaranlary Feliks Kulow dagylaryň öňe çykan wagtlary Gyrgyzystanyň doly dargamagyna getirip biljekdi diýip belleýär.
"Sol wagt bizde täze hökümet bardy. Sol hökümet özünden jogapkärçiligi aýyrmak üçin bu programma goşulmaga çalyşýardy. Näme üçindir olaryň bu problemany ilki bilen özleri çözesleri gelmändi. Eger bu başartmasa, onda beýleki çözgütleri göz öňünde tutup bolardy. Ýöne şol wagt munuň üçin amatly pursat däldi. Sebäbi Gyrgyzystanda ýaňy rewolýusiýa bolupdy. Kulow bu meseläni çözmek hem islemedi. Ol diňe hemme problemany öz başyndan sowmak isläpdi. Biziň jemgyýetcilik hereketlerimiz şeýle başlapdy. Seýdibem biz Bakyýewiň režimi bilen göreşe başladyk." diýip, Saparbaýew aýtdy.
2007-nji ýyldaky parlament saýlawlarynda sesleriň sanawyndaky galplyklar bilen bagly talaplaryň artmagy netijesinde student aktiwistler ‘Men ynanamok’ atly umumy protestlere başlanlaryndan soň, Jomart Saparbaýew özüniň aktiwligini has hem artdyrdy. Ahyrsoňy Saparbaýew oppozision çärelere gatnaşandygy üçin türme tussaglygyna höküm edildi. Muňa garamazdan, ol özüniň tussaglygynyň ‘gorkuly dal-de, gülkünç’ bolandygyny aýdýar. Emma bu ýagdaý onuň Bakyýewiň režimine oppozisiýada bolmagyna we garaşsyz Gyrgyzystanyň ideologiyasyny tireparazlykdan has ýokary tutýan iň gadymy we esasy partiýasyna, ýagny “Ata-Mekene” wepalylygyny has hem berkidipdir.
Gyrgyzystanyň wekili
Bişkegiň golaýyndaky kiçijik obada iki doganyň kiçisi bolup ulalan Jomart Saparbaýew gyrgyz syýasy dünýäsine awtomatiki ýagdaýda girmedi. Öz döwründe onuň egindeşleri ‘biznes we pul’ barada alada edýärkäler, ol paýtagta syýasat öwrenmäge gitmezden ozal, ýerli kitaphanada Makiawelliniň we Genri Kissinjeriň eserlerini okap, öwrenje syýasatçy bolmagy başardy.
Şondan soň Jomart Saparbaýew ABŞ-nyň demirgazygynda ýerleşýän Minnesotanyň Mankato Döwlet Uniwersitetinde bir ýyl okaýar. ABŞ-nyň habar beriş serişdelerinde Gyrgyzystandaky “Çigildem rewolýusiýasy” barada habarlaryň peýda bolmagy bilen Saparbaýew Demokratik partiýada meýletin mugallym bolup işleýär. Hazir bolsa ol Günorta-merkezi Minnesotada ýaşaýanlaryň Amerikanyň beýleki ýerlerinde ýaşaýan adamlardan Gyrgyzystan barada has köp zat bilýändiklerine begenýär.
Öz ýurduna gaýdyp geleli bäri Jomart Saparbaýew özünde Gyrgyzystandan müdimilik gitmek üçin ençeme pursatlaryň bolandygyny aýdýar. Emma öýli we dört aýlyk gyzy bolan parlamentiň iň ýaş deputaty Gyrgyzystanda ýaşamagy karar edendigini aýdýar. Ol aprel aýynda bolup geçen wakalar netijesinde Bakyýew wezipeden kowlansoň dörän beýleki syýasy özegrişikleriň netijesinde emele gelen Gyrgyzystanyň parlament sistemasynyň kämilleşmegi üçin göreşjekdigini aýdýar. Ol "Meniň maksadym hakyky syýsasy sistemany döretmek. Bir adama bagly bolmadyk sistema döretmek" diýýär.
Parlamentin ilkinji sessiyasyndan birnäçe minut soň, Saparbaýew syýasy we ykdysady kynçylyklary ýeňip geçmek üçin uly jogapkarçilige garaşýandygyny boýun alýar. Şeýle-de ol “Ata-Žurt” we “Ar-Namys” partiýalarynyň prezidentlik sistemasyna dolanmak synanyşyklaryna garşy Gyrgyzystanyň täze parlament demokratiýasyny dowam etdirmeginiň juda möhümdigini belleýar: "Bu uly bir waka. Men mandat alýandygym üçin begenmeýärin. Men ol ýerde nämeler boljakdygy barada pikir edýärin. Ol ýerde Bakyýewiň adamlaryndan bolan “Ata-Žurt” partiýasy bar. Biz olar bilen nähili işleşip bileris? Parlamentiň maksady ylalaşmak. Men şeýle ylalaşyga öz garşymyza göreşen adamlar bilen nädip gelip biljekdigimiz hakda oýlanýaryn".