Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýene soňky orunda...


Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň başlygy Baba Amansaryýew (çepde) we medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradow Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda, 9-njy sentýabr 2010-njy ýyl.
Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň başlygy Baba Amansaryýew (çepde) we medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradow Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda, 9-njy sentýabr 2010-njy ýyl.

Parižde ýerleşýän “Serhetsiz raportýorlar” guramasynyň 2010-njy ýyl boýunça metbugat azatlygy barada şu günki çap eden hasabatynda Türkmenistan ýene-de iň yzdan 3-nji orny eýeleýär.

Bu baha 178 ýurdy öz içine alýan şol hasabatda Türkmenistanyň Demirgazyk Koreýadan we Eriteriýadan soň metbugat azatlygyna ýol bermeýän dünýädäki iň repressiw üç ýurtdan biridigini aňladýar. Metbugat azatlygy barada çap edilýän hasabatlarda Türkmenistan uzak wagtdan bäri sanawyň iň soňlarynda orun alyp gelýär.

“Serhetsiz raportýorlar” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Elza Widal bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Eger bu ýyl hasabata täze ýurtlaryň girizilenligini hem göz öňünde tutsak, Türkmenistana berlen bahanyň hasam pese gaçanlygyny aýdyp bolar. Şol bir wagtyň özünde-de metbugat azatlygy barada gürrüň edilende, ýurtda asla göze ilýän ösüş ýok”.

“Göz üçin”


Halkara guramalaryň hasabatlaryndan tapawutlylykda türkmen prezidenti G.Berdmuhamedow döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň hilini ýokarlandyrmaklygyň zerurdygyny nygtap gelýär. Ol 2010-njy ýylyň 20-nji awgustynda eden çykyşynda Türkmenistanyň teleýaýlymlarynda efire berilýän gepleşiklere ünsi çekip, olary ösdürmek baradaky tagallalaryň halkara standartlaryna gabat getirilmelidigini aýdypdy.

Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew “Rysgal” atly täze hususy neşir bilen tanyşdyrýar, sentýabr 2010.
“Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň işini halkara habarlar giňişliginde işjeň utgaşdyrmaly, dünýäniň öňdebaryjy habar gulluklary bilen maglumat alyşmagy hem ýola goýmaly. Halkara žurnalistika ulgamynda edilýän hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça degişli guramaçylyk işlerini hem alyp barmaly” diýip, G.Berdimuhamedow şol çykyşynda aýtdy.

Prezident şol çykyşynda türkmenistanly žurnalistleri öz käri boýunça tejribe gazanmak üçin wagtal-wagtal daşary ýurtlara ibermekligiň zerurdygyny-da belledi. Emma “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Elza Widal şeýle çykyşlaryň öňem edilenligini, emma aýdylanlaryň durmuşa geçirilmändigini nygtaýar.

“Ýurdy demokratiýalaşdyrmak boýunça halkara standartlaryna ýetmek barada resmileriň edýän çykyşlary göýä göz üçin edilýän ýaly bolup görünýär. Sebäbi şeýle çykyşlara garamazdan, iş ýüzünde hiç zat üýtgemedi, metbugat azatlygy barada aýdylanda hem garaşsyz maglumatlaryň ilata elýeterliligi gaty çäkli bolup galýar” diýip, Elza Widal aýdýar.

“Serhetsiz raportýorlar” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Elza Widal şu ýyl käbir žurnalistleriň ýurtdan çykmagyna hem rugsat edilmänligini we daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän raýatlaryň dürli basyşlara sezewar edilenligi barada hem özlerine maglumat gowşanlygyny aýdýar.

Internet mümkinçiligi


Soňky döwürlerde Türkmenistanda açylan internet-kafeler, çäkli hem bolsa, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, halky maglumat bilen üpjün etjek goşmaça serişde hökmünde iş alyp barýarlar. Emma şol internet-kafeler hökümetiň gözegçiliginde, internet ulanyjylaryň peýdalanýan Web sahypalaryna howpsuzlyk güýçleri gözegçilik edýärler diýlip, habar berilýär.

Londonda ýerleşýän “Uruş we parahatçylyk maglumatlar institutynyň” baş redaktory Jon MakLoud Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda maglumatlary çäklendirmegi dowam edýänligi göz öňünde tutulanda, häzirki režimiň öňküden o diýen tapawutly däldigini öňe sürýär.

Jon MakLoud: “Prezident metbugat azatlygy barada gürrüň edip, ýurtda garaşsyz gazetiň çap edilip başlananlygyny hem-de maglumatlaryň halka elýeterli edilmelidigini aýdýar. Emma beýleki tarapdan, ol halk köpçüligine hödürlenýän maglumatlara gözegçilik edýär” diýip, Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň wekili Elza Widal bolsa uly şäherlerde internet-kafeleriň açylanlygyna gowy baha berip, emma bu ädim bärden gaýdýar diýýär: “Has köp türkmenistanlylar üçin internetiň elýeterli bolmagy gowy zat, emma internet studentler üçin hem has elýeterli bolsa, örän gowy bolardy. Sebäbi olar internet arkaly başga medeniýetler bilen tanyşmaga mümkinçilik alardylar”.

Elza Widal daşary ýurtlarda okap ýören türkmen studentleri yzlaryna dolansalar, ýurtda şeýle mümkinçiligiň bolmagy olar üçin hem peýdaly bolardy diýýär: “Sebäbi olar internete öwrenişensoňlar, öz ýurtlarynda hem şeýle mümkinçiligiň bolmagyny islärler. Olar netijede ýurduň özgermegine goşant goşarlar. Emma henize çenli bu ugurda bolan o diýen uly özgerişlik göze ilenok, biz bu ugurda hakyky ösüşleriň bolmagyna garaşýarys”.
XS
SM
MD
LG