Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan $4 milliard maýa garaşýar


Hazar deňziniň türkmen ýalpaklyklarynda ýerleşýän 30 töweregi ýataga Türkmenistanyň tender yglan edendigi habar berilýär.
Hazar deňziniň türkmen ýalpaklyklarynda ýerleşýän 30 töweregi ýataga Türkmenistanyň tender yglan edendigi habar berilýär.

ABŞ-nyň “Chevron” we Fransiýanyň “Total” kompaniýalarynyň Hazar deňziniň ýalpaklyklarynda gaz ýataklarynyň özleşdirilmegi babatda türkmen tarapy bilen ylalaşyga gol çekmegine garaşylýar. Şoňa görä-de, şu ýyl Türkmenistanda 4 milliard dollara barabar maýa ýatyryljakdygy çaklanylýar.

Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça Döwlet agentligi resmisi Aşyr Begliýewe salgylanyp, “Reuters” habar gullugynyň ýaýradan maglumatynda şu ýyl Türkmenistanyň energiýa pudagyna ýatyryljak sermaýanyň möçberiniň geçen ýylky 2,8 milliard dollardan köp bolup, 4 milliard dollara barmagyna garaşylýandygy aýdylýar.

13-nji oktýabrda Türkmen-britan senagat geňeşiniň ýolbaşçysy Ronald Neş bilen Aşgabatda geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa serişdelerini eksport etmek üçin ýurduň ähli mümkinçilikleriniň bardygyny we bu ugurda daşary ýurt, aýratynam ýewropaly hyzmatdaşlary bilen işleşmäge taýýardygyny ýene bir gezek nygtady.

ABŞ-nyň “Chevron” hem Fransiýanyň “Total” kompaniýalarynyň Hazar deňziniň ýalpaklyklarynda gaz ýataklarynyň özleşdirilmegi babatda türkmen tarapy bilen öndüriljek önümi bölüşmek boýunça ylalaşyga gol çekilmegine garaşylýar. Bu kompaniýalaryň Hazaryň ýalpaklyklarynda ýerleşýän iki gaz ýatagyny özleşdirmek üçin saýlap alandyklary habar berilýär.

Inwestision klimat

Türkmenistanda sermaýanyň ýeterlik derejede kepillendirilmeýändigi, açyklygyň ýokdugy aýdylyp, bu faktorlaryň inwestorlary ürküzýändigi aýdylýardy. Moskwadaky GDA döwletleri institutynyň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Andreý Grozin Türkmenistanyň entek hem inwestisiýalar üçin iň töwekgelçilikli ýurtlaryň hataryna girýändigini öňe sürýär.

“Türkmenistana maýa ýatyrmak isleýän daşary ýurtly kompaniýalar ýurduň geosyýasatynda ileri tutulýan wezipeler özgeren halatynda bu ýurtda ýatyran maýalaryndan el üzmäge taýyn bolmaly” diýip, Andreý Grozin aýdýar.

Şeýle hem Andreý Grozin türkmen tarapynyň iri daşary ýurt kompaniýalary bilen belli bir ylalaşyga gol çekende, köplenç meseläniň syýasy tarapyna serdeýändigini öňe sürýär. Şonuň üçinem ol häzirki döwürde Türkmenistanyň “Chevron” ýaly kompaniýalar bilen ylalaşyga gol çekmeginiň ähtimaldygyny belleýär.

Türkmen resmisi Aşyr Begliýew 1997-nji ýyldan başlap, ýurtda öndüriljek önümi bölüşmek baradaky ylalaşyklara gol çekilip başlaly bäri, Türkmenistana 9 milliard dollara barabar sermaýanyň ýatyrlandygyny Türkmen-britan senagat geňeşiniň duşuşygynda nygtady diýlip, “Reuters” habar gullugynyň ýaýradan maglumatynda bellenilýär.

Haýsysy amatly?

Türkmenistanyň maliýe pudagynyň öňki işgäri, ykdysatçy Annadurdy Hajýyew “öndüriljek önümi bölüşmek” diýlip atlandyrylýan ylalaşygyň çäklerinde ýataklary özleşdirmeli ýangyç kompaniýalarynyň bu işiň tehnologiýasyna we ony alyp barmak üçin zerur bolan enjamlara maýa ýatyrýandygyny belleýär.

“Eger iş şowly bolup, ýatakdan nebit ýa gaz alnyp başlansa, onda alnan girdejiden şol tehnologiýalara, işçi güýjüne we enjamlara edilen çykdajynyň öwezi doldurylýar. Soňra bolsa galan girdeji iki tarapyň arasynda bölüşilýär. Gazanylan girdejiniň özara nähili usulda paýlaşyljakdygy öňünden ylalaşyşylýar”, diýip, A.Hajyýew aýdýar.

“Ýöne onuň köp bölegi köplenç ýatagyň eýesine, ýagny türkmen tarapyna geçýär, galany bolsa ýatagy özleşdirýän firma degişli bolýar” diýip, ykdysatçy belleýär. “Emma bu usul hökümete amatly däl hasaplanýar, häzir, mysal üçin, Gazagystanda öndüriljek önümi bölüşmek usuly bilen däl-de, alynýan girdejä salynýan salgyt boýunça hasaplaşyk usuly köp ulanylýar”.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Andreý Grozin kanunlar kadaly işleýän ýurtlarda alynýan girdejä salynýan salgyt boýunça hasaplaşyk usulynyň iki tarapa-da amatlydygyny aýdýar. Emma Gazagystanyň mysalynda şeýle ylalaşyklaryň şertleriniň soňra özgerdilýändigini görmek bolýar.

“10 ýyl mundan öň Tengiz bilen Garaçaganak ýataklarynda işleýän kompaniýalar bilen gazak hökümeti iki tarapa hem amatly şertler esasynda ylalaşypdy. Häzir Gazagystan biraz gurplanyp, berkänsoň, bu ylalaşyklar gazak tarapyna has amatly bolar ýaly özgerdildi. Täze şertler bilen ylalaşmaýan kompaniýalar ýurdy terk etmeli boldy” diýip, Grozin belleýär.

Ýurduň halkara abraýy

Grozin Türkmenistana hem Günbatar kompaniýalary baran halatynda şeýle ýagdaýyň ýüze çykmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýar: “Türkmenistan Gazagystandan tapawutlylykda halkara arbitraž sudlary baradaky şertnamalara gol çekmedi. Şonuň üçin bu proses 10 ýyla çekmän, häkimiýetleriň gysga wagtda ylalaşygyň şertlerini özgertmekleri mümkin”.

Adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki” fondunyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa inwestorlary çekmek meselesinde belli bir ýurduň halkara arenasyndaky abraýynyň uly rol oýnaýandygyny ýatladýar.

Begmedowanyň pikiriçe, soňky döwürde Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklarynyň raýatlara, aktiwistlere basyşlaryny artdyrmagy bilen bagly maglumatlar dünýa metbugatynda çap edilip, Türkmenistanyň at-abraýyna zeper ýetirýär: “Netijede milli bähbitleri aramaly Milli howpsuzlyk gullugynyň öz ýurduna garşy hereket edýändigini görüp bolýar”.

“Reuters” habar gullugynyň ýaýradan maglumatynda Hazar deňziniň türkmen ýalpaklyklarynda ýerleşýän 30 töweregi ýataga Türkmenistanyň tender yglan edendigi habar berilýär. Resmi Aşgabadyň berýän maglumatlarynda bu ýataklarda 12 milliard tonna nebitiň we 6,2 trillion kub metr tebigy gazyň bardygy çak edilýär.
XS
SM
MD
LG