Hasabatda Türkmenistanyň GDA giňişliginde we Merkezi Aziýada jomartlykda birinji ýerde durýanlygy görkezildi. “Charities Aid Foundation” toparynyň barlaglar boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Riçard Harrison bu hasabatyň Türkmenistanyň raýatlarynyň müňden gowragy bilen geçirilen pikir soralyşygyň esasynda düzülendigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Bu hasabatda berlen maglumata görä, Türkmenistanyň raýatlary pul kömegi bilen däl-de, iş bilen ýardam bermäge taýýarlygy bilen-de tapawutlanýarlar. Pikir soralyşygyna gatnaşanlaryň 61%-i kömege mydama taýýardygyny mälim edipdir. Bu bolsa öz wagtyny sarp etmäge taýýarlyk boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkeziji bolup durýar.
Pikirleri soralan adamlar hakykatdan hem meýletin ýardam bermäge taýýarmy ýa-da şol adamlary meýletin kömek etmäge hökümet mejbur edýärmi? R.Harrison häkimiýetleriň ilaty zorluk bilen dürli işlere gatnaşmaga mejbur etmeýändiginiň ähtimaldygyny, emma muny anyklamagyň kyndygyny belleýär.
Nämäniň alamaty?
“Biz hemme ýurtlar üçin bir meňzeş soraglary düzüp, bu barlagy geçirdik. Her ýurduň hakyky ýagadaýyny düýpli öwrenip, bu hasabaty düzen bolsak, belki Türkmenistan beýle ýokary orny eýelemezdi. Biziň ýaýradan hasabatymyzda berlen sanlar belli bir kynçylyklaryň ýa-da oňyn ösüşiň alamaty bolup biler” diýip, Riçard Harrison aýdýar.
Şeýle hem ol: “Türkmenistanyň içerki önüminiň derejesi göz öňünde tutulanda, şeýle ýurtda beýlekilere ýardam bermek üçin öz wagtyny sarp etmäge taýýar adamlaryň sanynyň ýokarydygy adaty ýagdaý däl, ýöne şonda-da biziň hasabatymyz şol azda-kände geň ýagadaýa köpçüligiň ünsüni çekmäge mümkinçilik döredýär” diýýär.
“Gallup” agentliginiň öwrenmeleri 153 ýurtda 195 müň adamyň arasynda geçirilen pikir soralyşyga esaslanýar. Bu hasabatda 11-nji orunda ýerleşdirilen Siýerra Liona ilatyň ýaşaýyş derejesi boýunça iň pes orunlaryň birini eýeleýär. Şonuň üçin käbir synçylar jomartlyk diňe gurplulara mahsus bolman, esasan bagtly adamlara degişli hasiýetdir diýen netijä geldiler.
Beýleki tarapdan 1991-2002-nji ýyllar aralygynda graždanlyk urşuny başdan geçiren, ilatynyň aglabasy garyplykda ýaşaýan Siýerra Lionanyň halkynyň bagtlydygyny çaklamak kyn bolup biler. Şonuň üçin bu maglumatlardan çen tutup, ilatyň eli açyklygyna baýlyk bilen abatçylykdan, halkyň bagtyýarlygyndan başga-da şol ýurtdaky milli-medeni däp-dessurlaryň we dini ynançlarynyň täsir edýändigi baradaky netijä gelip bolar.
Adaty ýagdaý
Aslynda, türkmende hemişe goňşy-golama ýardam bermek, toýda-ýasda hyzmat etmek adaty ýagdaý hasaplanýar. Türkmençilikde hudaýýoly, aýdylan janly bermek hem hemme maşgalalara diýen ýaly mahsus. Gurbanlyk etmek, pitre sadakasyny bermek ýaly däpler hem türkmen maşgalalarynyň dumuşyna berk ornaşandyr.
Beýleki tarapdan bolsa, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň dürli resmi çärelere gatnaşmaga döwlet edaralarynyň işgärlerini, studentleri zorluk bilen mejbur edýändigi, şol çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň köp wagtyny sarp etmäge mejburdygy hem häzirki hakykata laýyk gelýär diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.
ABŞ-da türkmen ýaşlarynyň bilim almagyna ýardam bermek maksady bilen döredilen “Türkmenistan Youth and Civic Values Foundation” guramasynyň direktory Sarah Ann Lange türkmenistanlylaryň arasynda meýletin birek-birege kömek etmäge taýýar adamlaryň köpdügini Azatlyk Radiosyna aýtdy. Ol türkmenistanlylaryň anonimlik şerti bilen öz fondlaryna maliýe ýardamyny hem berýändiklerini belledi.
Günbatarda ynsanperwerlik fondlarynyň jemgyýetiň ösüşinde oýnaýan roly uly. Mysal üçin, ABŞ-da ynsanperwerlik fondlarynyň ýurduň ylym, bilim, medeniýet we sungat pudaklaryna berýän ýardamy, hökümetiň goldawyndan has köp. Şeýle fondlar ýurtda graždan jemgyýetiniň ösmegine, raýatlaryň aň-düşünjesiniň derejesiniň ýokarlanmagyna hem uly goşant goşýarlar.
ABŞ-da ynsanperwerlik fondlarynyň fondlaryň sanynyň artmagyna bolsa, ýurduň kanunçylygynda ynsanperwerlik kömegini görkezýän firmadyr-kompaniýalara salgyt ýeňillikleriniň göz öňünde tutulýandygy öz täsirini ýetirýär. Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde hem haýyr-sahawata berilýän serişdeler salgytdan doly boşadylýar.
Türkmenistandaky kanuny mümkinçilikler
Türkmenistanyň Salgyt kodeksinde hem inwestision, pension fondlary, inwalidleriň reabilitasiýasy bilen meşgullanýan guramalar, bilim edaralary, inwalidleriň jemgyýetçilik birleşigi, dini guramalar, oba hojalyk kärhanalarynyň salgytdan boşadylýandygy aýdylýar.
Aşgabat şäheriniň Guryhowdan B mikroraýonynda ýerleşýän 18-nji orta mekdebiniň sport meýdançasynda 1994-nji ýylyň 15-nji awgustynda 140 adamdan ybarat inwalidleriň topary özleriniň sport mekdebini açdy. “Döwlet tarapyndan goldaw berilmeýän bu sport mekdebiniň öz bank hasaby ýok. Mekdebiň ýolbaşçylaryna özlerine zerur bolan serişdeleri el serip tapmak aňsat däl” diýip Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa aýdýar.
S.Açylowanyň habar bermegine görä, bu maýyplaryň mekdebine haýsy-da bolsa bir hususy kärhana maliýe kömegini bermek kararyna gelende, şäher häkimligi şol serişdeleri paýtagtyň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirýär. “Özem şeýle ýagdaý diňe Aşgabatda däl, ýurduň beýleki şäherlerinde hem ýüze çykýar. Mysal üçin, hususy kärhanalar Balkanabatda ýerleşýän ýetimler öýüne ýardam berip bilmeýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa belledi.
“Charities Aid Foundation” guramasynyň işgäri Riçard Harrisonyň pikiriçe Türkmenistan ýaly ýurtlarda ynsanperwerligiň gülläp ösmegi üçin graždan jemgyýetini ösdürilmeli. “Jemgyýet korrupsiýadan erkin bolmaly, garaşsyz guramalar döredilmeli. Gumanitar maksatlara berilýän serişdeleriň degerli guramalar tarapyndan ýerlikli ulanyljakdygyna ynam bolmaly. Häkimiýetler graždan jemgyýetiniň ösmegini goldamaly. Şeýle jemgyýetde ilat birek-birege ýardam berip, belli bir adamlar toparynyň durmuşynyň gowy tarapa özgermegine täsir edip biljekdiklerine göz ýetirmeli”.