Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowa boýunça karara reaksiýa bildirilýär


Belgradda bir zenan “Kosowa Serbiýanyň kalbydyr” diýlip ýazylan diwaryň deňinden geçip barýar, 23-nji iýul, 2010-njy ýyl.
Belgradda bir zenan “Kosowa Serbiýanyň kalbydyr” diýlip ýazylan diwaryň deňinden geçip barýar, 23-nji iýul, 2010-njy ýyl.

Geçen hepde BMG-niň Halkara sudy Kosowanyň garaşsyzlygynyň halkara kanunçylygyna garşy gelmeýändigi barada karar çykaranda, ol Kosowa bilen baglanyşykly ýagdaýy «özboluşly» bir ýagdaý diýip häsiýetlendirdi.

Elbetde, Halkara sudunyň bu kesgitlemesi dünýäniň köpsanly beýleki ýurtlarynda garaşsyzlyga eýe bolmak ugrunda çalyşýan regionlara kän bir umyt bermezlik maksady bilen aýdylana meňzeýär.

Ýöne Halkara sudunyň islegine garamazdan, barybir, Kosowanyň Serbiýadan garaşsyzlygy barada suduň çykaran karary dünýäniň dürli regionlarynda her dürli reaksiýalary döretdi.

Kosowanyň garaşsyzlygynyň halkara kanunçylygyna garşy gelmeýändigi barada BMG-niň Halkara sudunyň çykaran kararyna ilkinjileriň hatarynda reaksiýa bildirenlerden birem Bosniýa-Gersogowinanyň Srbska respublikasynyň lideri Milorad Dodik boldy.

Srbska respublikasy

Milorad Dodik Kosowanyň Serbiýadan bölünip aýrylmagy halkara kanunçylygyna garşy gelmeýän bolsa, onda Bosniýa-Gersogowinadan bölünip aýrylmak isleýän Srbska respublikasy babatda-da şeýle standartyň ulanylmalydygyny öňe sürdi.

Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Indi köp wagtlardan bäri biz - Srbska respublikasynda ýaşaýanlar Bosniýa-Gersogowinanyň düzüminde bolmaklykdan hoşal däl. Elbetde, biz Daýton ylalaşygyna hormat goýýarys, emma, beýleki tarapdan, Halkara sudunyň karary biziň üçin indi öz statusymyza we gelejegimize eýe bolmak ugrundaky dowam edýän göreşimizde çelgi bolup biler».

Bu garaýşa jogap edip, öz gezeginde Bosniýa-Gersogowinanyň üçlük tarapyndan dolandyrylýan prezident apparatynyň başlygy Haris Silaýjiç Bosniýa-Gersogowinanyň serhetleriniň üýtgewsiz galjakdygyny nygtap çykyş etdi.

Haris Silaýjiç: «Bosniýa-Gersogowinanyň territorial bitewiligi we özygtyýarlylygy doly kepillendirilen ýagdaýdyr. Soňky uruşda bolşy ýaly, bu bitewilige garşy islendik bir synanyşygyň öňi hökman alnar» diýip, nygtady.

69 döwlet ykrar etdi

BMG-niň Halkara sudy öz kararynda Kosowanyň Serbiýadan garaşsyzlygynyň halkara kanunçylygyna garşy gelmeýändigini tassyklasa-da, ol Kosowanyň döwlet statusynyň näderejede halkara kanunçylygyna laýyk gelip-gelmeýändigi barada karar çykarmakdan welin saklandy. Şeýlelikde, sud onuň garaşsyz döwlet hökmündäki statusyny ykrar edip-etmezlik meselesini her bir döwletiň özüne goýdy.

2008-nji ýyldan bäri şu günki güne çenli Kosowanyň döwlet hökmündäki özbaşdaklygyny dünýäniň 69 döwleti resmi ýagdaýda ykrar etdi, olaryň hatarynda bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşiginiň-de aglaba döwletleri bar.

Öz içerki regionlarynyň separatistik meýilleri bilen baglanyşykly käbir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýän Orsýet, Hytaý we Ispaniýa ýaly dünýäniň käbir uly döwletleri henize çenli Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmän gelýärler.

Preddnestrowiýa

Halkara dawalaryna sebäp bolup gelýän separatistik regionlardan biri bolan Moldowanyň separatistik Preddnestrowiýa regionynyň resmileri BMG-niň Halkara sudunyň Kosowanyň garaşsyzlygy barada kabul eden karary barada häzirlikçe hiç hili açyk çykyş etmediler.

Ýöne Moldowanyň käbir hökümet maslahatçylary Preddnestrowiýa regionynyň töweregindäki syýasata dahylly esasy «oýunçylardan» hiç biriniň pozisiýasyna Halkara sudunyň bu soňky kararynyň täsir etmejekdigini öňe sürdüler.

Aglaba ilaty rus dilli ýaşaýjylardan durýan Preddnestrowiýa regiony 1990-njy ýylda Moldowadan resmi ýagdaýda bölünip aýrylmaga synanyşdy. Onun bu synanyşygynyň başa barmandygyna garamazdan, Moskwa tarapyndan goldaw berilýän bu region şu günki güne çenli Moldowanyň merkezi hökümetine boýun egmeýän özbaşdak region bolmagynda galýar.

Kawkazdaky ýagdaýlar

Iki ýyl mundan ozal öz düzümindäki Abhaziýa we Günorta Osetiýa regionlaryny elden gideren Gürjüstanyň hökümeti hem Kosowanyň garaşsyzlygy barada BMG-niň Halkara sudunyň kabul eden kararynyň öz separatistik regionlary bilen aradaky ýagdaýlara düýpli bir üýtgeşiklik getirmejekdigini aýdýar.

Emma, Ermenistanyň parlamentindäki «Ermeni rewolýusion federasiýasy» fraksiýasynyň başlygy Wahan Howhannisýan Daglyk-Garabag regionynyň ýagdaýynyň hem Kosowanyňka meňzeşdigini öňe sürüp, Halkara sudunyň bu soňky çykaran kararynyň indi Daglyk-Garabag regionynyň özbaşdaklygynyň hem halkara derejesinde ykrar edilmegi üçin esas bolup hyzmat etmelidigini nygtady.
XS
SM
MD
LG