Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Turizm näme isleýär?


Türkmenbashy şäherindäki “Türkmenbaşy” myhmanhanasy
Türkmenbashy şäherindäki “Türkmenbaşy” myhmanhanasy

Iýun aýynyň ahyrynda Türkmenistanda “Turizm barada” täze kanun kabul edildi we ol metbugatda çap edilen gününden beýläk güýje girdi. 50 maddadan ybarat bu täze kanun ýurda gelýän turistleriň sanynyň artmagyna täsir edip bilermi? Turizmi ösdürmegiň öňünde ýurtda nähili böwetler bar?

Soňky döwürde Türkmenistanda turizmi ösdürmek üçin köp tagalla edilýändigi barada ýerli metbugatda yzygiderli habar berilýär. Turizm barada täze kanunyň kabul edilmegi bu ulgamyň mundan beýläk çynlakaý ösmegine ýardam berer diýlip, türkmen metbugaty ýazýar.

Türkmenistanyň mejlisiniň Ylym-bilim we medeniýet boýunça komitetiniň agzasy Orazmyrat Orazgylyjow soňky kabul edilen kanunyň öňkülerden köp tapawudynyň bardygyny aýdýar: “Olaryň biri hem – täze kanunyň 2-nji maddasynda turizm pudagyna girýän esasy düşünjeleriň sanawynyň giňeldilenligidir” diýlip, türkmen metbugatynda ýazyldy.

Orazmyrat Orazglyjow “Kanunda turizm pudagynda hünärmenlige bolan talabyň, professional bilim almagyň şertleriniň we turizm bilen meşgullanýanlaryň hünärmenlik derejesini ýokarlandyrmagyň şertleri kesgitlenildi” diýýär.

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew häkimiýetleriň Türkmenistanyň kanuny bazasynyň kämilleşdirilmegi ugrunda edýän aladalaryna oňyn baha berdi. Emma, onuň pikiriçe, şol kanunlaryň amala aşyrylmagy gazanylmasa, täze kämilleşdirilen kanunlaryň kabul edilmeginiň peýdasy az bolar.

Ýol açykmy?

Öňki sowet respublikalarynda ýerleşýän we Türkmenistana bilet satýan turistik agentlikleriň ählisinde bu ýurda girmek üçin beýleki ýurtlaryň raýatlaryna wiza rugsadynyň gerekdigi, wiza üçin hem ilki bilen Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna ýüz tutup, ondan jogaba garaşmalydygy görkezilýär.

Wiza sorap ýüzlenýän adamlaryň ýarpysyndan gowragyna wiza berilmeýändigini turistik agentlikleriň işgärleri aýdýarlar. Turistik agentlikleriň işgärleri Türkmenistanyň “gaty özboluşly” ýurtdugyny, onda köp halatda kanuna arka diräp bolmaýandygyny gizläp duranoklar.

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýewiň pikiriçe, turizm baradaky kanunyň degerli netije bermegi üçin ýurduň hemme ministrlikleri bu ugurda sazlaşykly işlemeli: “Türkmenistanyň edaralary ýurda sapar etmek isleýän adamlara wiza bermejek bolup bahana gözlemeli däl-de, wiza berjek bolup dyrjaşmaly”.

Bilermeniň sözlerine görä, beýleki biznesde bolşy ýaly, turizm pudagynda hem adamlar belli bir ýurt baradaky garaýyşlaryny öz ýakynlary, tanyş-bilişleri bilen paýlaşýarlar.

“Wiza sorap, türkmen häkimiýetlerine ýüz tutan hem wiza alyp bilmedik adamlar öz tejribeleri barada beýlekilere gürrüň berseler, şol adamlarda hem Türkmenistana barmak höwesi gaçar. Türkmenistanyň ministrlikleri, Migrasion gullugy ýurduň abraýyny pese gaçyrman, ony ýokarlandyrmak ugrunda işlemeli” diýip, ykdysatçy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde nygtady.

“Munuň üçin turizm işleriniň köp bölegi hususy pudaga degişli bolmaly. Türkmenistanda bolsa, gynansak-da, turistik pudak esasan hökümete degişli” diýip, A.Hajyýew belledi.

Şeýle hem bilermen telekeçiligiň hemme görnüşinde edilişi ýaly turizmde hem marketing barlaglarynyň geçirilmeginiň möhümdigini ýatlatdy: “Türkmenistanyň potensial müşderileriniň dynç almak üçin näçeräk serişde sarp etmäge ukyplydygyny bilmeli. Munuň üçin olaryň ortaça aýlyklaryny, şol döwürde ýüze çykýan tendensiýalary öwrenmeli”.

Girdeji we ýyldyzlar

Dünýäde maliýe-ykdysady krizisi ýüze çykansoň, Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde dört-bäş ýyldyzly myhmanhanalar ýyldyzlaryny azaldyp, üçe getirmäge dyrjaşdylar. Sebäbi Ýewropa ýurtlaryna syýahat edýänleriň köpüsi üç ýyldyzly myhmanhanalary gözleýärler. Netijede krizis zerarly dört ýyldyzly myhmanhanalar boş galyp, girdeji getirip bilmediler.

Türkmenistanda döwlet býujetiniň serişdelerine hökümet tarapyndan gurulýan myhmanhanalaryň aglabasy dört ýa bäş ýyldyzly. Bu bolsa Türkmenistana dynç alyş putewkalarynyň bahasynyň ýokary bolmagyna getirýär.

Moskwadan alty günlük Aşgabat-Mary turistik saparynyň bahasy 1250 amerikan dollara barabar. Deňeşdirmek üçin Moskwadan Belgiýa-Germaniýa-Gollandiýa alty günlük saparyň bahasy adam başyna 1050 dollara golaý bolýar. Bu ýurtlar bolsa dünýädäki iň gymmat ýurtlaryň hataryna girýär.

Awazanyň “Grand Türkmen”, “Hazyna Hotel” ýa-da “Watançy” atly bäş ýyldyzly myhmanhanalarynda dokuz gün dynç almak isleýän adam diňe myhmanhanada ýaşany hem üç gezek iýmitleneni üçin – ýol kireýinden daşgary – takmynan 1600 dollara barabar pul tölemeli.

Şol bir wagtda-da Orsýetiň raýatlary 1600 amerikan dollaryna baradar pula iki bolup, Türkiýedäki üç ýyldyzly myhmanhanada 10 gün dynç alyp bilýärler. Şol turistik putýewka syýahatçylaryň iýmiti hem, ýol harajatlary hem girýär.

Hazaryň kenarynda Awaza milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça türkmen hökümeti tarapyndan bir milliard dollarlyk maýa goýuldy. Şol maliýe serişdeleriniň degişli ýerde myhmanhanalary, çagalary sagaldyş merkezlerini, dynç alyş seýilgählerini, delfinarium hem-de uly göwrümdäki akwariumlary, ahal-teke atçylyk merkezini, halkara ýaryşlaryň geçirilmegi üçin sport desgalaryny, ýahta klublaryny hem-de şuňa meňzeş syýahatçylyk toplumlaryny gurmak üçin ulanyljakdygy bellenilýär.

Bilermenleriň pikirine görä, Türkmenistanyň turizm ulgamynda düýpli özgerişlikler geçirilip, bu ugurdaky düzgünler halkara düzgünlerine laýyk getirilmese, Awaza zolagyndaky ullakan gurluşyklara döwlet tarapyndan ýatyrylan maýa goýumlarynyň haçan girdeji getirip başlajakdygy belli däl.
XS
SM
MD
LG