27-nji iýuna planlaşdyrylan referendumyň yza süýşürilmegini ret eden wagtlaýyn hökümet täze Baş kanun ýurduň düýbüni berk tutmaga hyzmat eder diýen umytda. Ýöne bu Konstitusiýadan maksat prezidentiň ygtyýarlyklaryny çäklendirmek bolsa-da, doly parlamentar sistemany döretmeýär.
Täze Konstitusiýadan maksat ilkinji nobatda prezidentiň ygtyýarlylygy bilen parlamentiň ygtyýarlygynyň arasynda geňaramlylyk döretmäge synanyşylýar. Muňa belli bir at bermeli bolanda, bu kanuny ýazanlaryň özleri hem kynçylyk çekýärler.
“Biziň garşydaşlarymyz turuwbaşdan ‘Bu bir parlamentar sistema däl, bu bir garym-gatym zat’ diýmäge synanyşdylar. Biz hem ‘Bu proýekti parlamentar sistema diýip ýazamzok. Onuň nämedigini taryhçylar we beýleki alymlar kesgitlärler’ diýdik. Biz Gyrgyzystana kyn ýagdaýdan çykmaga kömek edip biljek Baş kanunyň proýektini hödürledik. Biz, bu proýektiň başlangyjyny goýanlar, oňa parlamentar sistema diýýäris” diýip, Baş kanunyň geňeşiniň başlygy, wagtlaýyn hökümetiň başlygynyň orunbasary Ömürbek Tekebaýew aýdýar.
Iki güýçli wezipe
Gyrgyz Konstitusiýasyna görä, iki sany güýçli wezipe döreýär. Bularyň biri premýer-ministriňki, beýlekisi hem prezidentiňki. Diýmek, prezident Ýewropanyň parlamentar sistemalarynyň köpüsinde bolşy ýaly, güýç-gudratsyz gury bir ýolbaşçy şahsyýet däl. Ýöne ol öňküsi ýaly güýçli hem däl.
Täze Konstitusiýada parlamentdäki orunlar 90-dan 120-ä ýetirilýär. Hiç bir partiýanyň hem 65 orundan ýokary orny eýelemäge hukugy ýok. Köp adamlary, şol sanda Ýewropa Geňeşiniň Wenesiýa Komissiýasynyň sekretary Tomas Markerti hem geňirgendirýän şol. Onuň pikiriçe, bu Gyrgyzystanyň awtoritar hökümdarlar döwründe edinen tejribesinden gelip çykan zat.
“Bir tarapdan men munuň nireden gelip çykýanyna düşünýärin. Onuň aňyrsynda ýagşy niýetiň ýatandygyna-da düşünýärin. Beýleki tarapdan bolsa, ol sesleriň hiliniň az-kem bozulmagy. Bir partiýa gowy bolsa, näme üçin köp ses almaly däl? Bu meniň pozisiýam däl. Muny maslahat hem bermezdim. Ýöne Gyrgyzystanda näme üçin beýle edilýänligine düşünýärin” diýip, Markert aýdýar.
Parlament saýlawlary
Täze Baş kanun boýunça parlament saýlawlary her bäş ýyldan geçer. Ses bermäge hukukly adamlar – ýaşy 18-den ýokarylar.
Etniki we dini esaslara daýanyp, syýasy partiýa gurmaga ýol ýok. Prezidentlige hem alty ýyl möhlet bilen diňe bir gezek saýlanyp bolýar. Kandidatlar 35 bilen 70 ýaşyň aralygynda bolmaly, gyrgyz dilinde oňat gürläp bilmeli, iň bärsinden 15 ýyl ýurtda ýaşan bolmaly.
Tekebaýewiň aýtmagyna görä, Baş kanun düzülende awtolar Wenesiýa komissiýasynyň berýän maslahatlarynyň 90 prosente golaýyny ýerine ýetiripdirler.
Markert muňa özleriniň begenýändiklerini bildirýär: “Tutuşlygyna alanyňda biziň reaksiýamyz gaty oňaýly boldy. Meniň pikirimçe, gyrgyzlar beýleki ýurtlaryň tejribelerinden sapak alyp, bir güýçli sistema gurmaga synanyşdylar. Biziň reaksiýamyz sud häkimiýetleri we tekstdäki adam hukuklary barada hem oňaýly boldy. Biz bu kanuny amala aşyrmakda olary goldamaly. Bu aňsat bolmaz. Şol sebäpden bu proses dogry ugra gönüger ýäly olara goldaw bermeli” diýip, Markert öz pikirini beýan edýär.