Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar Türkmenistana çagyryş edýär


Fransiýanyň adam hukuklary boýunça ilçisi Fransua Zimere şu gün üç günlük resmi sapar bilen Türkmenistana barýar.

Fransiýanyň adam hukuklary boýunça ilçisi Fransua Zimere
Ilçiniň bu saparynyň dowamynda kimler bilen duşuşjakdygy we şol duşuşyklarda nähili meselelere garaljakdygy hakda takyk maglumat ýok. Emma düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy fransuz ilçisini türkmen ýolbaşçylary bilen duşuşanda metbugat we söz azatlygy ýaly meselelere-de üns bermäge çagyrýar.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy şu günki ýaýradan beýanatynda Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet başyna geçensoň käbir umytlaryň döränligini öňe sürüp, maglumatyny şeýle dowam etdirýär: “Fransuz ilçisiniň bu sapary halkara jemgyýetçiliginiň umytlaryny we isleglerini kanagatlandyrmak nukdaýnazaryndan türkmen ýolbaşçylary üçin hem möhüm bir pursat bolup durýar”.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy Aşgabadyň Günbatar bilen gatnaşygyny artdyrmak arkaly uly abraý gazanyp biljekdigini, emma munuň üçin ýurtda demokratiýalaşmak prosesiniň tizleşmeginiň zerurdygyny belleýär.

“Türkmenistanda henizem söz we metbugat azatlygyna ýol berilmeýär we adam hukuklaryna ýeterlik sarpa goýulmaýar” diýip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasy belleýär. Muňa mysal hökmünde agzalan gurama Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Allamyrat Rahymyň başdan geçiren wakasyny ýatladýar.

Türkmenistana barmak üçin wiza berlendigine garamazdan, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalisti Allamyrat Rahym 19-njy maýda Aşgabat aeroportuna baransoň, ýurda salynman, yzyna gaýtaryldy.

Allamyrat Rahym “Öz adynyň Türkmenistana barmagy gadagan edilen adamlaryň sanawynda duranlygy üçin” ýurda salynmanlygynyň aýdylanlygyny we onuň sebäbi barada özüne düşündiriş berilmänligini nygtaýar.

Žurnalisteriň ýanalmagy

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy ýurtda höküm sürýän syýasy ýagdaýlar zerarly Türkmenistanda işleýän garaşsyz žurnalistlere howpsuzlyk güýçleri tarapyndan yzygiderli haýbat atylýanlygyny belleýär.

“Serhetsiz reportýorlar” şu günki ýaýradan beýanatynda Türkmen hökümetini “dialog üçin gapylaryny” açmaga çagyrýar. Beýanatda aýratynam ýurtda wagtal-wagtal yglan edilýän günägeçişliklerde türmelerde saklanýan hukuk goraýjy aktiwistleriň, žurnalistleriň we syýasy tussaglaryň hem atlarynyň goşulmagy talap edilýär.

Şol beýanatda aýratynam Türkmenistan barada raport taýýarlamaga ýardam edenligi üçin tussag edilen aktiwistler Annagurban Amangylyjowyň we Sapardurdy Hajyýewiň henizem tussaglykda saklanýanlygy ýatladylýar.

“Serhetsiz reportýorlar” şol aktiwistlere sekiz ýyl iş kesilenligini we olara berlen tussaglyk möhletiniň ýarpysynyň geçenligini belleýär. Beýanatda aýratynam 2006-njy ýylda türmede aradan çykan žurnalist Ogulsapar Myradowa bilen bagly waka boýunça derňewleriň geçirilmegi talap edilýär.

Fransuz parlamenti
“Serhetsiz reportýorlar” guramasy ÝB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk barada kabul eden dokumentini Fransiýanyň 7-nji aprelde gözden geçirip başlanlygyny habar berýär.

Fransuz hasabatçysy Gaýtan Gorsynyň inisiatiwasy bilen milli parlamentiň Daşary gatnaşyklar boýunça komissiýasy bu taslamanyň Fransiýa tarapyndan tassyklanmagyny şert edip goýupdy.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň maglumatyna görä, şol şertleriň arasynda türmede saklanylýan iki žurnalistiň boşadylmagy hem bar. Agzalýan topar muňa oňyn ädim hökmünde baha berýär.
XS
SM
MD
LG