Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan halkara göreş toparyna goşular


Türkmenistan jenaýatçylyk ýoly bilen gelýän girdejilere we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça “Ýewraziýa toparyna” agza hökmünde goşulmak üçin taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň prezidentiniň gol çeken permany bilen Daşary işler we Maliýe ministrliklerine bu ugurda zerur işleri ýerine ýetirmek tabşyryldy.

Jenaýatçylyk ýoly arkaly gelýän girdejilere we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça “Ýewraziýa toparyna” Türkmenistanyň agza bolmagy ýurduň, döwrüň global howplaryna garşy göreş ugrunda alyp barýan halkara hyzmatdaşlygynyň çägini giňeltmekde täze ädim bolar diýip, Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda bellenilýär.

2004-nji ýylda döredilen “Jenaýatçylyk ýoly arkaly gelýän girdejileriň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça Ýewraziýa toparyna” Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Orsýet, Täjigistan, Özbegistan we Hytaý girýär. Ýewraziýa regionynyň döwletleriniň bileleşiginiň maksady ykdysady jenaýatçylyga we halkara terrorçylyk howpuna garşy bilelikdäki tagallalary amala aşyrmakdan ybarat.

“Ýewraziýa toparynyň” resmi maglumatynda guramanyň jenaýatçylykly ýol arkaly gelýän girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş üçin regionyň döwletlerine öz milli sistemasyny döretmäge ýardam bermegi maksat edinýänligi aýdylýar.

Ýurda näme berer?

Postsowet giňişliginde syýasy-jemgyýetçilik prosesleri öwrenýän informasion- analiz merkeziniň bilermeni Aleksandr Karawaýewiň pikirine görä, “Ýewraziýa toparyna” goşulmak ädimi Türkmenistana halkara hyzmatdaşlygy meselesinde öz pozitiw syýasy obrazyny döretmäge goşmaça mümkinçilik berýär.

Türkmenistan jenaýatçylykly girdejilere we terroçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş ugrunda halkara borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýänligini resmi derejede mälim edýär.

Türkmenistan halkara guramaçylykly jenaýatçylyga we korrupsiýa garşy göreş boýunça ençeme halkara dokumentlere, şol sanda BMG-niň konwensiýalaryna goşulypdy.

2009-njy ýylda Türkmenistan jenaýatçylykly ýol arkaly gelýän girdejileriň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça kanun kabul etdi. 2007-nji ýylda Türkmenistan jenaýatçylykly girdejileriň hem terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça “Ýewropa toparyna” goşulypdy.

Jenaýatçylykly girdejilere garşy göreş meselesi ABŞ-nyň Maliýe ministriniň baştutanlygynda “Hapa pullary ýuwmaklyga garşy göreş üçin maliýe çärelerini işläp düzmek boýunça halkara toparynyň” 5-nji aprelde türkmen tarapy bilen Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň dowamynda hem maslahat edildi.

31 döwleti, iki sany halkara guramany we 20-den gowrak synçylary öz içine alýan bu guramanyň işläp düzýän teklipleri hapa pullaryň ýuwulmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy syýasatda halkara standartlarynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilýär.

Netijelilik nämä bagly bolar?

Jenaýatçylykly girdejilere we terroçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş ugrunda ädýän ädimleriniň ýurduň aktiw pozisiýasyndan habar bereýänligi Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda aýdylýar. Emma ýurtdaky ýagdaýy anyk görkezýän takyk sanlar resmi taýdan köpçüligiň dykgatyna ýetirilmeýär.

Energiýa serişdelerine baý ýurtlaryň tebigy baýlyklardan gelýän girdejileri ulanyşyna syn edýän, hökümete degişli däl halkara strukturasy bolan “Global Witness” guramasyndan Tomas Maýn jenaýatçylykly girdejiler problemasynyň möçberiniň korrupsiýanyň derejesine bagly bolup durýanlygyny belläp, Türkmenistanda bikanun pullary ýuwmak bilen bagly problemanyň güýçlüdigini çak etdi.

Tomas Maýn Türkmenistanyň ýapyklygyna galmagynyň korrupsiýanyň we jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan pul dolanyşygynyň möçberine baha bermek işini-de kynlaşdyrýanlygyny belledi.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanda jenaýatçylykly girdejilere garşy göreşiň netijeli boljagyna şübhe hem bildirilýär. “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň 20-nji aprelde çap eden maglumatynda Türkmenistanyň ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň ençemesiniň gurluşyk pudagyndaky korrupsiýa gatnaşygy barada habar berilýär. Bu mesele bilen baglanyşykly, hususan-da, Türkmenistanyň ýangyç-energiýa pudagyna gözegçilik edýän wise-premýeriň, Milli howpsuzlyk ministriniň we döwlet protokoly bölüminiň ýolbaşçysynyň atlary agzalýar.

Jenaýatçylykly girdejilere we terorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça Türkmenistanda görülýän çäreleriň täze bir gural hökmünde ulanylmagynyň ähtimallygyny hem synçylar aradan aýyrmaýarlar.

Postsowet döwletleri boýunça bilermen Aleksandr Karawaýewiň pikirine görä, Türkmenistanyň jenaýatçylykly girdejilere garşy yglan edýän ädimleriniň netijeliligi Türkmenistanda maliýe serişdeleriniň dolanyşygyna gözegçilik etmäge borçly gulluklaryň obýektiwligine we ýolbaşçylaryň öz bähbitlerine kowalaşmazlygyna bagly bolar.
XS
SM
MD
LG