Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inçekesel ilata howp salýar


Öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň hatarynda inçekeseliň häzirki durky barada gürrüň edilende, Gazagystan bilen Täjigistanyň ýagdaýynyň beýleki goňşy ýurtlar bilen deňeşdirilende has agyrdygy aýdylýar.

BMG-niň Bütindünýä saglyk topary tarapyndan 18-nji martda çap edilen hasabatda bellenişine görä, Gazagystanda her 100 müň adamdan 129-nyň bu kesele ýoluganlygy mälim edilip, Gyrgyzystanda bu sanyň 121 we Täjigistanda 100 müň adamdan 230 adama barabardygy aýdylýar.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň inçekesele garşy göreş boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Dr. Mario Rawiglione bu barada Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanda inçekesel barada gürrüň edilende, ýagdaýyň beýleki goňşy ýurtlar bilen deňeşdirilende ganymatdygyny aýtdy: “Türkmenistanda 100 müň adamdan bu kesele ýoluganlaryň sany diňe 68 adamdyr. Özbegistanda bolsa bu san 113 adama barabar”.

Ady agzalýan wekiliň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa barada gürrüň edilende, ilatyň saglygyna inçekeseliň däri-dermanlara uýgunlaşan görnüşi uly howp salýar.

BMG-niň Bütindünýä Saglyk topary tarapyndan 18-nji martda çap edilen hasabatda Merkezi Aziýanyň we Orsýetiň käbir ýerlerinde bu keseliň aşa köp ýaýranlygy bellenilýär. Raportda aýdylyşyna görä, şol regionlar inçekeseliň däri-dermanlara uýgunlaşan görnüşine ýolugan adamlaryň sany boýunça dünýäde birinji orunda durýar.

Ýagdaý agyr

Frank Dorner
Inçekekesel barada gürrüň edilende, “Serhetsiz lukmanlar” topary hem Türkmenistandaky ýagdaýlara ünsi çekip, bu keseliň däri-dermanlara uýgunlaşan görnüşiniň ýurtda aşa ýaýranlygyny agzalan gurama ýakynda habar beripdi.

“Serhetsiz lukmanlar” toparynyň ýolbaşçylaryndan Frank Dorner Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda bu kesel barada Türkmenistanyň resmi çeşmeleri tarapyndan berilýän maglumatlara seredilende hem onuň häzirki döwürde ýurda näderejede howp salýandygyna göz ýetirip bolar diýýär: “Türkmenistanda inçekesele ýoluganlygy anyklanan kesellileriň 20 prosentiniň onuň ötüşen görnüşine uçranlygy ýüze çykaryldy. Şunlukda bu kesele ýolugan bäş adamdan biri şeýle agyr hassalyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar”.

Dorner sözünini dowam etdirip, “Bu gaty alada galarlykly ýagdaýdyr. Şol adamlar gaýra goýulmazdan bejerilmeli. Bejerişiň gijä galdyrylmagy diňe inçekesele ýolugan adamlara däl, tutuş ýurda hem howp salar” diýdi.

“Serhetsiz lukmanlar” topary Türkmenistanda inçekesele garşy göreş alyp barýan esasy guramalardan biridir. Bu gurama bu keseliň däri-dermanlara uýgunlaşan görnüşine garşy göreşmek boýunça proýekt taýýarlap, mundan birnäçe wagt öň türkmen hökümetine tabşyrypdy.

Dorneriň aýtmagyna görä, uzak wagtlap garaşsalar-da, olara bu barada iş alyp barmaga rugsat berilmänsoň, ”Serhetsiz lukmanlar” topary 2009-njy ýylyň dekabar aýynda Türkmenistanda alyp barýan işlerini togtatmaga mejbur bolupdyrlar.

BMG-niň wekiliniň aýtmagyna görä, bu kesele ýolugan adamlaryň gijä galman lukmana ýüz tutmagy zerurdyr. Sebäbi keseliň netijeli bejerilmegi onuň öz wagtynda anyklanmagyna gös-göni bagly.

Nähili anyklap bolar?

“Inçekeseliň ýokuşanlygyny nähili anyklap bolar?” diýlen soraga BMG-niň Bütindünýä Saglyk edarasynyň inçekesele garşy göreş boýuinça bölüminiň ýolbaşçysy Dr.Mario şeýle diýip, jogap berdi: “Bu kesele ýolugan adamlar, umuman, köp üsgürýärler. Haçanda inçekesele uçran hassalar üsgürse, olaryň üsgülewügi bilen inçekeseliň mikroblary ýaýraýar. Şeýle mikroblaryň naharhanada ýa köpçüligiň uýşen beýleki ýerlerinde ýayramak howpy az. Sebäbi bu mikrob uzak wagtlap howada saklanmaýar”.

Emma dr. Marionyň aýtmagyna görä, bu kesele ýolugan adam bilen ýakyn aragatnaşygy bolanlar gaty serasap bolmaly, sebäbi şeýle hassalyga uçran adamlaryň bu mikroby, meselem, ýanýoldaşyna ýokuşdyrmagy mümkin.

Görülmeli çäreler

Bu keseliň nähili öňüni alyp bolar diýlen sorag barada gürrüň edilende, elbetde, bu ugurda ýurtda ýeterlik saglyk merkezleriniň bolmaklygy we olaryň ýeterlik enjamlar bilen üpjün edilmeginiň zerurdygy aýdylýar.

“Şonuň bilen bilelikde ilaty bu kesel we onuň howpy bilen tanyşdyrmaklyk hem zerur” diýip, BMG-niň wekili Dr.Mario Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Dr.Mario aýratynam obalarda ýaşaýan adamlaryň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, bu barada diňe Türkmenistanda däl, dünýäniň ähli ýerinde alada edilmeli diýdi.

BMG-niň Bütindünýä Saglyk toparynyň hasabatynda bellenişine görä, inçekesele ýolugan adamlar wagtynda bejerilmedik halatynda kesel ötüşip, däri-dermanlara uýgunlaşan görnüşine geçýär.

Şol raportda aýratynam dünýäniň käbir regionlarynda bu kesele uçran adamlaryň 1/4 böleginiň ýagdaýynyň häzirki döwürde bejerip bolmajak derejä ýetenligi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG