Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda diplomatlaryň güni bellenýär


(çepden-saga) Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Halnazar Agahanow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwada, 8-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.
(çepden-saga) Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Halnazar Agahanow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwada, 8-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.

Diplomatlar güni bilen bagly prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýaýradylan beýanatda soňky döwürde ýurduň daşary syýasatynda gazanylan üstünlikler barada gürrüň edilýär.

Şol beýanatda 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň döredilmegine we BMG-de 2008-nji ýylda energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky kararyň kabul edilmegine aýratyn uly üstünlik hökmünde baha berilýär.

Prezident G.Berdimuhamedow 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda eden çykyşynda hem, umuman, şu günki gaýtalan pikirlerini öňe sürüp, ony ýurduň daşary syýasatynyň üstünlikleri hökmünde häsiýetlendiripdi.

Ol esasanam energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny kepillendirmek hakda BMG-de kabul edilen karary göz öňünde tutup, 2009-njy ýylyň fewral aýynda eden çykyşynda şeýle resminamanyň kabul edilmegi, dünýäde energiýä üpjünçiliginiň, energiýa howpsuzlygynyň halkara hukuk binýadyny döretmekde ilkinji ädimleriň biri diýipdi.

“Türkmenistanyň bu işiň başynda durmagy bolsa biziň daşary syýasatymyzyň örän büýsançly we guwandyryjy üstünligidir” diýip prezident Berdimuhamedow şol çykyşynda aýtdy.

Geçen ýylky çykyşyndan tapawutlylykda Berdimuhamedow diplomatlar güni mynasybetli bu ýyl ýaýradan beýanatynda ýurduň daşary syýasatynyň gumanitar ugurlary boýunça alnyp barylýan işler hakda maglumat berip, bu ugurda diplomatlaryň alyp barýan roly barada-da durup geçdi.

Berdimuhamedow şol beýanatynda aýratynam Türkmenistanda alnyp barylýan bu aladalary halkara jemgyýetçiligine ýetirmekde we ýurduň halkara abraýyny artdyrmakda diplomatlaryň üstüne düşýän wezipeler barada hem maglumat berýär.

Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, ýurduň abraýyny halkara jemgyýetçiliginiň arasynda ýokarlandyrmak barada gürrüň edilende, Aşgabadyň adam hukuklary ýaly syýasatyny halkara jemgyýetçiligine düşündirmek türkmen diplomatlary üçin aňsat bolmasa gerek.

Türkmenistan hukuk goraýjy halkara guramalaryň ýyllyk hasabatlarynda henizem adam hukuklaryny depeleýän we bu ugurda gol goýan halkara şertnamalaryny berjaý etmeýän ýurt hökmünde häsiýetlendirilýär.

Türkmen diplomatlarynyň çekýän kynçylygy

Aşgabadyň syýasatyny halkara jemgyýetçiligine düşündirmekde çekýän kynçylyklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Türkiýedäki öňki ilçisi Nurmuhammet Hanamow türkmen diplomatlarynyň beýleki bir kynçylygyna hem ünsi çekip, Türkmenistan tarapyndan diplomat hökmünde ýerine ýetirilmeli işleriň talap edilmeýändigini öňe sürýär.

Diplomatlar öz ýerleşýän ýurtlarynyň içinde bolýan zatlary, wakalary hasabat hökmünde iberýärler welin, şuňa-da seredilip durlanok diýip, öňki türkmen diplomaty Hanamow aýdýar. “Ýa ikitaraplaýyn aragatnaşyk barada bir meseläni öňe sürseň, şuňa başga göz bilen seredýärler, hamala, şol ýerde ýaňky diplomatlar ýa ilçi öz peýdasy üçin şol kärhanany öňe sürýän ýaly”.

Türkmen diplomatlary şol bir wagtyň özünde öz ýerleşýän ýurtlarynda Türkmenistanyň doly ygtyýarly ilçisi hem resmi wekili hökmünde iş alyp barýarlar, bu hem öz nobatynda olaryň näderejede jogapkärçilikli wezipäni eýeleýänligini aňladýar.

Emma öňki ilçi Nurmuhammet Hanamow Türkmenistanda hökümet ýolbaşçylarynyň bu wezipäniň ähmiýetine o diýen göz ýetirmeýänligini aýdyp, öz tejribelerinden mysal berdi: “Men Türkiýede ilçi boldum. Şol Türkiýedäki çözmeli meseläniň Aşgabatdaky Türkiýe ilçiliginiň üstünden däl-de, Ankarada ilçihanaň bar şonuň üstünden çözmeli. Ýogsa, Türkiýäniň ilçihanasyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministerligine barylýar. Bizem Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden bilip galýarys, ýaňky Türkmenistan palan mesele boýunça biz ýüz tutdy diýip, bu gaty uly ýalňyşdyr”.

Hanamow aýratynam Türkmenistandan çem gelen adamynyň başga ýurtlara diplomat edilip iberilýänligini hem sözüniň üstüne goşdy.

Indi nähili?

Emma Türkiýeli ekspert, düýbi Ankarada ýerleşýän Gazi uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň professory Mehmet Seýfettin Erol bu pikir bilen ylalaşmaýar.

Erol ýakynda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi bilen duşuşanlygyny aýdyp, bu söhbetdeşlikde diplomatyň özünde galdyran täsiri barada şeýle diýdi: “Men ilçi bilen bir strategiki-barlaglar merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde duşuşypdym. Şol duşuşykda ol gaty möhüm bir pikiri orta atdy. Ol şeýle we hakyky manyda iş alyp barýan strategiki merkezlere Türkmenistanda, şol sanda Merkezi Aziýada hem zerurlygyň bardygyny we şeýle merkezleriň döredilmegi arkaly şol ýurtlaryň hasam güýçlenjekdigini mälim etdi”.

Türkiýeli ekspertiň pikiriçe, bu dil ujundan aýdylan pikir hem bolsa, gaty möhüm bir wakadyr.

Mehmet Seýfettin Erol aýratynam mundan ozal hem türkmen diplomatlary bilen duşuşmaga mümkinçiliginiň bolanlygyny we öňki döwürlerde halkara syýasaty bilen baglanyşygy bolmadyk, käri boýunça öňki bilim ministri ýa şahyr ýaly adamlaryň ilçi edilip bellenenligine özüniň şaýat bolanlygyny aýtdy.

Erol sözüni dowam etdirip, “Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi göz öňünde tutulyp aýdylanda welin, şol düzgüniň häzirki döwürde uýtgänligini aýtmak mümkin” diýdi.

Emma Nurmuhammet Hanamow bilen türkiýeli ekspert, professor Mehmet Seýfettin Erolyň ikisi-de diplomatlaryň işlerini gowulandyrmak barada edilmeli işiň henizem köpdügini we bu ugurda halkara tejribelerden peýdalanmagyň zerurdygyny tassykladylar.
XS
SM
MD
LG