25-nji noýabrda Italiýanyň ENI kompaniýasy tarapyndan ýaýradylan gysgaça press-relizde bu iki ýurduň arasynda energiýa hyzmatdaşlygyny artdyrmak barada ylalaşyga gelnenligi aýdyldy.
Düýbi Parižde ýerleşýän "Serhetsiz reportýorlar" guramasy 25-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda bu saparyň syrlar bilen örtülenligine ünsi çekip, bu barada özleriniň aşa geň galanlyklaryny habar berdiler.
“Aşa gizlin saklanmagyna garşy”
Ady agzalýan guramanyň postsowet ýurtlary boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Elza Wedal bu barada Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle diýdi: “Biz Berdimuhamedowyň Italiýa sapar etmegine garşy däl, emma bu saparyň aşa gizlin saklanylmagyna garşy çykýarys. Bu sapar barada resmilerden maglumat almak gaty kyn boldy. Metbugat serişdelerine hem bu sapar barada wagtynda maglumat berilmedi. Sebäbi biziň aragatnaşykda bolan habar agentliklerimizden hiç biri hem bu wizit başlamazdan öň onuň amala aşyrylyp-aşyrylmajagyny tassyklap bilmediler. Bu esasy problema bolup durýar”.
"Serhetsiz reportýorlar" guramasy tarapyndan ýaýradylan beýanatda aýratynam Türkmenistanyň metbugat azatlygy boýunça dünýäde iň repressiw ýurtlardan biridigi mälim edilip, ýurduň ýolbaşçysynyň geçirýän resmi duşuşyklary we gepleşiklerde maslahatlaşylýan temalar bilen halk tanyş edilmeli diýilýär.
Italiýanyň "Instituto Bruno Leoni" atly barlaglar merkeziniň energiýa boýunça ekesperti Karlos Tenýarodan bu saparyň gizlin saklanmagynyň sebäbini soranymyzda, ol şeýle jogap berdi: “Umuman aýdylanda, Italiýada şeýle duşuşyklar gizlinlikde amala aşyrylýar. Bu meselä Italiýanyň habar beriş serişdeleriniň näme üçin ýeterlik üns bermeýänliginiň sebäbini men anyk aýdyp biljek däl. Türkmen delegasiýasynyň Italiýa sapary bilen bagly aýdylanda, bu duşuşyklarda gazanylan o diýen uly netijäniň bolmazlygy muňa üns berilmezligine sebäp bolan bolmagy mümkin. Çünki bu ýygnaklarda diňe gürrüň edildi”.
Hususy duşuşykmy?
"Serhetsiz reportýorlar" guramasyna maglumat beren italiýaly ýolbaşçylar türkmen prezidentiniň bu saparynyň resmi däl, eýse Italiýanyň premýer-ministriniň hususy çakylygy esasynda amala aşyrylanlygyny aýdypdyrlar.
Elza Wedalyň aýtmagyna görä, italiýaly ýolbaşçylaryň bu barada beren düşündirişi hakykata gabat gelenok, sebäbi döwlet baştutanlarynyň arasynda hususy duşuşyk diýlen zat bolmaly däl: "Haçanda iki ýurduň ýolbaşçylary duşuşanda, hususy gepleşik diýlen zat bolmaly däl. Sebäbi olar bir ýurda wekilçilik edýänligini ýadyndan çykarmaly däl. Biz şeýle ýagdaýlara diňe ilaty aldamaga edilen synanyşyk diýip baha berýäris. Bu bizi alada goýýar. Italiýa Ýewropa Bileleşiginiň uly ýurtlaryndan biridir. Eger Rim Türkmenistan ýaly bir ýurt bilen aragatnaşyk sakalamak isleýän bolsa, onda ol muny aç-açanlykda amala aşyrmaly. Eger olar bu aragatnaşygyň özleriniň abraýy üçin gowy däldigini pikir edýän bolsalar, onda muny bes etmeli”.
Haçanda Türkmenistan bilen günbatar ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk bolanda, bu gepleşikleriň uly böleginiň energiýa temasyna gönükdirilenligi çak edilýär. Sebäbi Ýewropa Bileleşigi energiýa zerurlygy boýunça Orsýete garaşlylygyny azaldyp, alternatiw gaz çeşmelerini tapmaga synanyşýar.
Türkmenistan gaz ýataklary boýunça dünýäniň bäşinji uly ýurdy hökmünde, Ýewropany gaz bilen üpjün edip biljek çeşmelerden biridir.
Elza Wedal bu mesele boýunça Türkmenistan bilen aragatnaşyk gurulmagyna özleriniň garşy däldigini, emma şeýle hyzmatdaşlyk edilende Türkmenistanda adam hukuklarynyň gowulandyrylmagy baradaky talaplaryň hem ýatdan çykarylmaly däldigini aýdýar.
Pragmatik karar
Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça dünýäde iň repressiw üçünji ýurt hökmünde häsiýetlendirilýär. "Italiýaly şirketler bu ýurt bilen ylalaşyklara gol goýanda, bu meselä üns bermedilermi?" diýlen soraga Italiýaly synçy Karlos Teniýaro şeýle jogap berdi: “Meniň pikirimçe, Italiýaly ýolbaşçylar Türkmenistandaky ýagdaýlardan habarlydyr. Emma muňa garamazdan, Aşgabat bilen ylalaşyga gol goýmak arkaly Rim pragmatik bir karar kabul etdi”.
Teniýaronyň pikiriçe, italiýaly ýolbaşçylar Türkmenistan bilen aragatnaşygy artdyrmaklygyň ENI kompaniýasynyň bähbidine tamamlanjakdygyny çak edip, şeýle ädimi ätdiler. “Men Rim ENI-niň Türkmenistan baradaky strategiýasyny tassyklaýar diýip aýdyp biljek däl. Şol bir wagtyň özünde-de italiýaly ýolbaşçylar şeýle ylalaşyga gelinmegiň Türkmenistandaky ýagdaýlara hiç hili täsir ýetirmejegine-de göz ýetirýärler. Meselem Italiýa ýaly ýurtlaryň Türkmenistan bilen islendik ylalaşyga gol goýmagy, bu ýurtdaky ýagdaýa hiç hili täsirini ýetirmez, ol awtoritar hökümet we şeýle ylalaşyga gol goýlup-goýulmazlygyna garamazdan, şol ýurtdaky düzgün uýtgemez”.
Emma "Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň wekili Elza Wedal bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň özüne mahsus gymmatlyklarynyň bardygyny aýdyp, öz biznes bähbitleri ugrunda olar bu gymmatlyklardan ýüz öwürmeli däl, islendik ýurt bilen aragatnaşyk ýola goýlanda adam hukuklary ýaly meseleler hem ünsden düşürilmeli däl diýip, sözüni jemledi.