Eýranyň Baş kanuny 1980-nji ýylda kabul edildi. Onuň 15-nji maddasynda pars diliniň ýany bilen pars bolmadyk halklaryň-de öz ene dillerinde hatly-sowatly bolmaga hakynyň bardygy kepillendirildi, ýöne Baş kanunyň bu maddasy indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri durmuşa geçirilmän gelinýär. Konstitusiýanyň 19-njy maddasynda bolsa jyns, reňk we dini tapawutlara garamazdan, ähli eýranlylaryň deňhukuklydygy görkezilen.
Eýranda ýaşaýan türkmenleriň öz ene dillerinde hatly sowatly bolmak baradaky islegleri baryp 32 ýyl mundan öň şa režimine garşy protest ýörişinde: «Okuw gerek, hat gerek – Türkmençe mekdep gerek!» diýen meşhur şygarda öz beýanyny tapypdy.
Şu geçen 30 ýylyň dowamynda ene dilinde okamakdan mahrum edilen türkmenler dura-bara öz milli kimliklerinden daşlaşyp gelýärler diýip, medeni ugurda alada edýän türkmen aktiwistleri çuňňur alada bildirýärler.
Pitiwa neşir edildi
Indi 30 ýyldan soňra ilkinji gezek Eýran yslam jemhuryýetiniň düýbüni tutanlardan aýatolla Montezeri birki hepde mundan öň türki dilli halkalaryň öz ene dillerinde hatly-sowatly bolmagyna hiç kesiň böwet bolmaga hakynyň ýokdugy dogrusynda pitiwasyny neşir etdi. Bu pitiwa dürli internet saýtlarda ýerleşdirildi.
«Türki dilli halklaryň milli kimligini ýok etmäge ýa-da olary öz ene dillerinden mahrum etmäge hiç kimiň haky ýok» diýip, aýatolla Montezeriniň pitiwasynda aýdylýar. «Şoňa görä, siz, eziz türki dilli doganlyrym, öz hak-hukuklaryňyzy kanuny ýoldan yzarlap, mejlisdäki wekilleriňiziň, ahun-mollalaryňyzyň üsti bilen ony gazanjak boluň» diýip, şol pitiwada ýörite bellenilýär.
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan we adynyň agzalmagyny islemedik türkmensähraly bir türkmen Eýranda milli azlyklaryň, şol sanda türkmenleriň ene dillerinde ýekeje-de mekdebiň ýokdugyny tassyklady.
Propagandirlenýär emma...
Eýranda 12-nji iýuldaky prezidentlige saýlawlaryň öň ýanyndaky kompaniýalarda bu wezipä dalaş edýänler Musawi, Karrubi we Ahmadinejad pars bolmadyk halklara öz ene dillerinde sowatly bolmaga rugsat berilmelidigini propagandirlediler.
Ahmedinejadyň kabinetinde arap, azerbeýjan we türkmen dillerinde uniwersitetlerde sapagyň ýola goýulmagy dogrusynda bir karar kabul edildi. Ýöne ol henize çenli ýerine ýeririlmän gelinýär, şonuň üçin tankytçylar bu kararyň diňe saýlaw propagandasy üçin öňe sürlendigini aýdýarlar.
Eýranda geçirilýän ilat ýazuwynda adamlaryň haýsy etniki ýa-da ene diliniň haýsydygy görkezilmän gelinýär. Üstesine, täze doglan çagalara, mysal üçin türkmenlere, öz çagasyna türkmençe at dakmakda-da birgiden päsgelçilik döredilýär diýip, türkmenleriň mediniýet ugrundan alada edip gelýän aktiwisti Ýusup aýdýar.
Pitiwanyň ähmiýeti
Aýatolla Montezeriniň bu pitiwasy birnäçe nukdaýnazardan ähmiýetli diýip, azerbeýjanlaryň medeni meseleler boýunça aktiwisti Ýunes Şameli şu aşakdakylary sanaýar: birinjiden, onuň ýokary derejeli ruhany lider tarapyndan ara atylmagy; ikinjiden, türki dilleriň ýurtda ähmiýetlidigini bellemegi; üçünjiden, ýurtda bir diliň, ýagny pars diliniň agalyk edýändigini boýun almagy; dördünjiden bolsa, 30 ýyl çemesi öý tussaglygynda oturan aýatollanyň häzirki dörän syýasy ýagdaýdan peýdalanyp, etnik haklaryň arasyndan özüne tarapdar gözlemegi – diýip, Şameli belleýär.
Aýatolla Montezeriniň pitiwasynyň azeri türklerine ýetirip biljek täsiri dogrusynda Azatlyk Radiosynyň pars gullugynyň analitigi, gelip-çykyşy azerilerden bolan Huseýin Arýen bu pitiwanyň azeri halkyna uly kömek boljagyny aýdýar.
Ýeri gelende aýtsak, eger Türkmenistan goňşy döwletlerde ýaşaýan türkmenlere niýetläp, ýörite radio-telewideniýe gepleşiklerine ýola goýsa, gowy bolardy diýip diňleýjilerimiz aýdýar.