Gazagysytanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri bu sammite gatnaşmajakdyklaryny öňünden mälim etdiler. Olaryň ýokary derejeli delegasiýaslari Kişinýowdaky duşuşyga gatnaşarlar.
Ukrainanyň prezidenti Ýuşenkonyň sammite gatnaşjakdygy anyk däl. Eger Kişinýowa barsa, onda Ýuşenko awgustdan soňra Orsýetli kärdeşi Medwedew bilen ilkinji gezek duşuşar. Geçen awgustdaky açyk hatynda Medwedew “Orsýete garşy syýasat ýöredýänlikde” Kiýewi aýyplady.
Gürjüstan ilkinji bolup, GDA-dan çykýandygyny awgustda resmileşdirendigi üçin bu sammite gatnaşmaz.
Kişinýowdaky sammit barada Moldowanyň premýer ministri Wlad Filat “Biz GDA-nyň häzirki strukturasynyň netijesizdigini bilýäris. Ony üýtgetmek zerur. Emma ol käbir bähbitli temalary maslhatalaşmaga mümkinçilik berýär”diýip, Azatlyk Radiosynyň Moldowa gullugyna aýtdy.
Sammitiň barşynda...
Merkezi Aziýa döwletleri bilen birlikde Orsýet, Ukraina, Belarus, Azerbeýjan, Ermenistan we Moldowa GDA agza. Kişinýowda geçýän sammitde ykdysady, gumanitar, howpsuzlyk hyzmatdaşlygy barasynda 20 çemesi proýekte garalar.
Ýöne, adatda bolşy ýaly, bu sammitde hem oňa gatnaşyanlaryň arasynda nämeleriň bolup-bolmajakdygy ünsi çekýär.
Mysal üçin, Ýuşenko sammite bararmy? Bir tarapdan, geçen awgustdaky açyk hatynda Medwedew Ukrainanyň häzirki ýolbaşçylary bilen kadaly gatnaşyklaryň mümkin däldigini ýazdy . Başga tarapdan, Kişinýowyň Kiýew bilen birlikde Ýewro Atlantik integrasiýasyna goşulmak isleýändigini Moldowanyň premýer-ministri Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Ýuşenkonyň bolsa, Moldowanyň Günbataryň tarapdary bolan täze hökümetini goldaýandygyny açyk görkezmek isleýän bolmagy mümkin.
Ukrainanyň daşary işler ministriniň öňki orunbasary Oleksandr Çaly Moldowa bilen ýarandygyny görkezmäge Kiýew üçin pursatyň dörändigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Has uly lapykeçlik
Türkmenistan we Özbegistan GDA-nyň ylalaşyklaryny hiç mahal tassyklamady. Olar Arkalaşygyň sammitlerine hem gyzyklanma bildirmediler.
Emma GDA-nyň Kişinýowdaky sammitine Türkmenistanyň we Täjigistanyň prezidentleriniň barmandygy olaryň Kreml bilen energiýa, Orsýetiň Täjigistandaky harby bazasy üçin töleg meseleleri we Orsýetiň Merkezi Aziýa döwletlerine wiza düzgünini girizmeginiň mümkindigi bilen bagly çylşyrymly döwre gabat geldi.
Gazagystanyň prezidenti N.Nazarbaýewiň sammite gatnaşmaýandygy köp alada goýýar. Onuň bu karary barada edarasy düşündiriş bermedi. Kişinýowdaky duşuşyk wagtynda Ermenistanyň we Azerbeyjanyň prezidentleri ikiçäk gepleşik geçirerler. Bu ýurtlaryň gatnaşyklaryny ösdürmek potensialyna Ýerewanyň we Azerbeýjanyň strategik ýarany Türkiýäniň gatnaşyklarynyň maýlamagy zeper ýetirdi.
Şeýle-de Kişinýowdaky sammitde Gürjüstanyň Abhaziýa we Günorta Osetiýa regionlary barada hem gürrüň ediler. Olaryň garaşsyzlygyny Orsýet ykrar etdi. Emma, Kremliň basyşyna seretmezden, Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň garaşsyzlygyny GDA-nyň hiç bir döwleti entek ykrar etmedi.
Abhaziýanyň lideri Bagapş GDA-nyň käbir döwleti bilen öz regionynyň garaşsyzlygyny ykrar etmegi barada gepleşik geçirendigini we ýakyn wagtda şeýle ädime pesinden Belarysdan garaşýandygyny Orsýetiň “Wremýa Nowosteý ” gazetine aýtdy.