Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jemgyýetiň orta gatlagy nähili bolýar?


Turkmenistan -- a bus stop in Ashgabat, 24Jul2009
Turkmenistan -- a bus stop in Ashgabat, 24Jul2009

Dünýä möçberinde emele gelen ykdysady krizisiň köp ýurtlaryň, esasan-da ösen ýurtlaryň orta gatlagyna ýaramaz täsir edendigi aýdylýar.

Eýse, orta gatlak diýilýän nähili bolýar? Orta gatlaga kimler degişli? Orta gatlaga kimleriň degişlidigi nädip kesgitlenilýär? Ýagny “Orta gatlaga degişli adamyň diňe maliýe mümkinçiligi göz öňünde tutulýarmy ýa-da onuň intellektual potensialy hem belli bir rol oýnaýarmy?” diýen sowallar ýüze çykýar. Bütindünýä bankynyň kesgitlemegine görä, ýylda 4 müňden 17 müň aralygynda amerikan dollaryna barabar gazanýan adamlar orta gatlaga degişli hasaplanylýarlar.

Jemgyýetiň 3 synpy

Ykdysadçy Annadurdy Hajyýew Aristoteliň her ýurtda 3 synpyň bardygyny aýdyp geçendigini ýatladýar. “Biri baý, beýlekisi garyp üçünjisi bolsa, iň gowysy – diýip, Aristotel orta gatlagy agzapdyr. Şeýle-de, gadym zamanyň filosofy jemgyýetde orta gatlaga girýän raýatlaryň sany näçe köp bolsa, şonça-da agzalan jemgyýet durnukly bolar diýipdir.”

“Ösen ýurtlarda kadaly iýmitlenip, uzak wagta ýaraýan harytlary satyn almaga gurby çatýan, ýylyna bir gezek dynç alyş kurortlaryna barmaga mümkinçiligi bolan, öz ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin serişde tygşytlap bilen, medisina hyzmatlaryna, çagalarynyň okuwyna maliýe mümkinçiligi bolan adam orta gatlaga degişli hasaplanylýar.” diýip, ykdysadçy belleýär.

Günbataryň ösen ýurtlarynda orta gatlagyň ikä bölünýändigini britaniýaly alym Entoni Giddens ýazýar. Onuň bir bölegine orta gatlaga girmäge maliýe mümkinçilikleri bolan telekeçiler girýärler. Orta gatlagyň bu bölegi häli-şindi täzelenip durýar. Ýagny öz ukyplaryny telekeçilikde ulanyp görmek isleýan adamlar bu gatlaga täzeden goşulýarlar. Işi başa barmadyklar telekeçilikden el çekýärler. Şeýdip hem bu proses dowam edýär.

Beýleki bir bölegine öz intellektual potensiýalyna bil baglaýan alymlar, professorlor, işini ussatlyk bilen edýän hünärmenler, mugallymlar, medisina işgärleri, menejerler hem ýokary derejeli menejerler we dürli ugurlarda ýokary derejä ýetip bilen spesialistler girýärler.

Orta gatlagyň bu bölegine girýänleriň öz ukyplary, intellekti olaryň esasy emlägi hasaplanylýar. Hut şol sebäpli Günbatar ýurtlarda käbir halatlarda okuwyň gaty gymmatdygyna garamazdan, karz alyp, ukyply adamlar ýokary bilim almaga çalyşýarlar. Sebäbi ýokary okuw jaýynyň diplomy bilen gowy aýlyk tölenýän düşewüntli işi tapyp, mynasyp ýaşamak mümkinçiligi döreýar.

Orta gatlak

Ykdysadçy Annadurdy Hajyýew ösen Günbatar döwletlerinde, şol ýurtlaryň ýaşaýyş derejesine hem tölenýän aýlyklaryň möçberine baglylykda, orta gatlaga hökümet işgärleri, ýokary kwalifikasiýasy bolan işçiler, mugallymlar, injenerler, biznesmenler we başga adamlaryň girmeginiň mümkindigini aýdýar.

Sosiolog Farhat Ylýasow ABŞ-da jemgyýet gatlaklarynyň girdejisiniň möçberi boýunça ýedi derejä bölünýändigini belleýär. Onuň ýokarky hem aşaky iki gatlagy baý hem girdejisi az gatlaga degişli bolýar, arada galýan üç derejesi bolsa, orta gatlaga degişli – diýip, sosiolog aýdýar.

Hut şol sebäpli ABŞ-da häkimiýetler orta gatlaga ýardam bermek maksady bilen Ak Tamyň Internet sahypasynda ýurduň wise-prezidenti Jo Baýdeniň gatnaşmagynda ýörite operatiw topary döredip, internet arkaly orta gatlagyň çekýän kynçylyklary dogrusynda ilatyň pikirini bilmäge synanyşýarlar. Şol pikirleriň netijesinde hem orta gatlagy goramak üçin edilmeli işler kesgitlener diýlip, maglumat berilýär.

Bu mesele bilen baglanyşykly Ak Tamyň internet sahypasynda Jo Baýdeniň ýüzlenmesi ýerleşdirilipdir. Ol bu ýüzlenmesinde gujurly orta gatlak Amerikanyň kuwwatlylygyny hem aňladýar diýip belleýär.

Ýöne günbataryň ösen ýurtlarynda orta gatlagyň birnäçe asyryň dowamynda döränligini aýdyp, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan sosiolog Farhat Ylýasow öňki Sowet giňişliginde ýagdaýyň başgaçadygyny aýdýar. Sowet döwründe işçiler synpynyň höküm sürendigi aýdylan hem bolsa, ýurdy dollandyrýan partiýanyň elitasy bilen iki aralykda intelligensiýanyň wekillerinden ybarat bolan orta gatlagyň bolandygyny Ylýasow belledi.

Häzirki döwürde bolsa, maliýe ýagdaýlarynyň ýaramazlygy zerarly intelligensiýa wekilleriniň köpüsiniň pes gatlaga geçendiklerini, orta gatlaga esasan telekeçilik bilen meşgullanýan ýa-da daşary ýurt kompaniýalarynda ýokary aýylykly işlerde işleýän adamlaryň girýändigini sosiolog Farhat Ylýasow aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, Orsýet, Baltika ýurtlarynyň ýagdaýynyň Merkezi Aziýa regionyndan köp tapawutlanýar.

Merkezi Aziýa regionynda orta gatlak bilen bagly ýagdaý nähili?

GDA Institutynyň merkezi Aziýa boýunça bilermeni professor Andreý Grozin, hatda Jelalabatda hem-de Oşda Bütin Dünýä bankynyň kesgitlemegine laýyklykda orta gatlaga degişli adamlary tapmak gaty kyndygyny öňe sürýär.

“Elbetde, Merkezi Aziýa regionyna girýän hemme ýurtlaryň paýtagt şaherlerinde ýaşaýan ilatyň arasynda orta gatlaga degişli bolar ýaly derejede pul gazanýan adamlar bardyr. Ýagny Almaty, Daşkent, Aşgabat, Astana, Bişkek, Duşenbe ýaly uly şäherlerde orta gatlaga degişli adamlary tapmak mümkin” diýip Grozin aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, tebigy baýlyklara baý Gazagystanyň ýagdaýyny Türkmenistandaky ýagdaý bilen deňeşdirer ýaly däl. “Sebäbi Gazagystanda hatda käbir döwlet edaralarynda işleýän adamlaryň aýlyklarynyň derejesi Türkmenistandakydan has ýokary. Emma muňa garamazdan, Merkezi Aziýa regionynda orta gatlaga girip bilýän adamlaryň köpüsi ýylyna 4-5 müň dollara barabar gazanýan döwlet edaralarynyň işgärleridir.”

Grozin bu tendensiýa diňe Merkezi Aziýa regionyna mahsus diýip hasaplaýar. Özem bu tendensiýa köp halatlarda Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan ýaly ýurtlara degişli bolup durýar diýip bilermen sözüne goşýar. “Gazagystan bilen Gyrgyzystanda orta we kiçi biznes has ösen, şonuň üçin hem bu ýurtlarda orta gatlaga telekeçilik bilen meşgullanyp, özleri özlerine ýagdaý döreden adamlary hem gatnaşdyryp bolar.”

Şeýle-de, häzirki döwürde ýazyjy-şahyrlar ýaly intelligensiýa wekilleriniň orta gatlaga degişli däldigini aýdyp, Merkezi Aziýa döwletlerinde ýa hususy pudakda ýa-da döwlet edaralarynda işleýänler jemgyýetiň kiçi orta gatlagyna girýärler diýip, professor Andreý Grozin öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG