Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Durnuklaşdyryş fondy nähili işleýär?


Geçen ýylyň oktýabr aýynda, dünýä ykdysady we maliýe krizisiniň ýurda ýetirjek täsirlerine garşy çäre görmek maksady bilen Türkmenistanyň durnuklaşdyryş fondy döredildi.

Durnuklaşdyryş fondy näme?

Ykdysadyýetçi Annadurdy Hajyýew durnuklaşdyryş fondlarynyň esasan çig maldan gelýän serişdelere garaşly ykdysadyýeti bolan ýurtlarda döredilýändigini belläp, şeýle ýurtlaryň býujetiniň çig malyň dünýä bazaryndaky bahasyna görä düzülýändigini aýdýar.

Býujet düzülende göz öňünde tutulan gazyň ýa-da nebitiň bahasy soňra ösen halatynda emele gelen goşmaça girdejiniň, adatça, durnuklaşdyryş fonduna geçirilýändigini ykdysadyýetçi belleýär.

Bu fonda zerur bolan serişdeler nireden alynýar?

Azatlyk radiosynyň Azerbeýjan gullugynyň ykdysadyýet boýunça eksperti Elhan Nasibow Azerbeýjanda durnuklaşdyryş fondunyň ýokdugyny, emma bu ýurtda ýörite nebit fondunyň döredilendigini, hut şol nebit fondunyň hem durnuklaşdyryş fondunyň wezipesini ýerine ýetirýändigini belledi.

Onuň aýtmagyna görä, häzirki döwür Azerbeýjanyň nebit fondunda 12 milliarda golaý amerikan dollary bar we ýurduň býujetinde serişde ýetmezçiligi ýüze çykanda, nebit fondunyň serişdelerinden peýdalanylýar.

Orsýetiň durnuklaşdyryş fonduna zerur bolan serişdeleriň birnäçe ýol bilen ýygnalýandygy hakda Orsýetiň Maliýe ministrliginiň internet saýtynda maglumat berilýär. Ýagny nebitiň eksportynyň gümrük töleglerinden gelýän girdeji, ýerasty baýlyklaryň özleşdirilmeginden alynýan salgyt, federal býujetden artdyrylan serişdeler hem-de durnuklaşdyryş fondunyň öz serişdelerini ulanmak bilen alynýan girdejiniň Orsýetiň durnuklaşdyryş fondunda toplanýandygy aýdylýar.

Bu fond nebitiň Ural görnüşiniň dünýa bazarynda her barreliniň bahasynyň 27 amerikan dollaryndan pese düşen ýagdaýynda federal býujetiň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen döredilipdir. Ýagny şeýle fondlar, adatça, ýerasty baýlyklary köp ýurtlarda hökümete gelýän girdejiniň möçberi kemelende, döwlet bujetini durnukly ýagdaýda saklamak maksady bilen döredilýändigini ykdysadçylar tassyklaýarlar.

Türkmenistanyň durnuklaşdyryş fondy

Türkmenistanyň durnuklaşdyryş fondy barada geçen ýylyň 24-nji dekabyrynda “Türkmenistan altyn asyr” internet gazetinde çap edilen maglumatda onuň iki wezipäni ýerine ýetirýändigi aýdylýar. Ýagny geçen ýyllarda býujetden artan serişdelerden ybarat bolan bu fonduň tygşytlylyk we durnuklylyk wezipeleri ýerine ýetirjekdigi nygtalýar.

Bu fondda ýygnalýan serişdeleriň milli programmalaryň durmuşa gerçirilmegine ösen tehnologiýanyň we enjamlaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilip, Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşine siňdiriljekdigi aýdylýar. Bu maglumata görä, Türkmenistanyň durnuklylaşdyryş fondunyň dolandyryşy ýurduň Maliýe ministrligine tabşyrylypdyr.

Ykdysadyýetçi Annadurdy Hajyýewiň aýtmagyna görä, Orsýet, Gazagystan ýaly ýurtlaryň maliýe ministrlikleriniň internet saýtlarynda durnuklylaşdyryş fonduna barýan serişdeleriň möçberi, şol serişdeleriň çeşmesi hakda giňişleýin maglumat berlip, serişdeleriň haýsy proýekte gönükdirilýändigi, nämä sarp edilýändigi barada doly maglumat berilýär.

Türkmenistanda bolsa, Nyýazowyň döwründen bäri köpçülige gaty çäkli maglumat bermek usulynyň ulanylyp gelýändigini, ykdysadyýetçi Azatlyk radiosy bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy.
XS
SM
MD
LG