Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada Dikeldiş we Ösüş Banky Türkmenistanda


Ýewropada Dikeldiş we Ösüş Banky bilen Türkmenistanyň aragatnaşygy 2008-nji ýylda gaýtadan işjeňleşip başlady.
Ýewropada Dikeldiş we Ösüş Banky bilen Türkmenistanyň aragatnaşygy 2008-nji ýylda gaýtadan işjeňleşip başlady.

Ýewropada Dikeldiş we Ösüş Banky bilen Türkmenistanyň aragatnaşygy garaşsyzlykdan soňky bir näçe ýylyň dowamynda başlanypdy.

Ady agzalýan edara şol döwürde ýurduň dürli pudaklary bilen meşgullanyp, geçiş döwrüni başdan geçirýän Türkmenistana dürli ugurlardan ýardam etmäge synanyşdy.

Ilki başda, gatnaşyklar gowy ýaly bolup görünse-de, Nyýazowyň ýurtda ýolbaşçylyk eden döwrüniň ahyrlarynda, bu edara bilen Türkmenistanyň arasy sowaşyp başlady.

Ýewropada Dikeldiş we Ösüş Banky 2006-njy ýylda, Türkmenistan boýunça syýasatyny özgerdip, bu ýurt bilen bagly alyp barýan strategiýasyny üýtgetmek kararyna geldi.

2006-njy ýylyň Sentýabr aýynda bu bank tarapyndan yglan edilen täze strategiýada, özleriniň Türkmenistanda alyp barýan işlerini çäklendirjekdigi mälim edildi.

Bu şeýle hem boldy. Şol döwürde öňki prezident Nyýazow aradan çykdy. Onuň ornuna Türkmenistanda täze hökümetiň häkimiýet başyna geçmegine garamazdan, bu edara bilen Türkmenistanyň aragatnaşygy 2008-nji ýylda gaýtadan hereketlenip başlady.

Täzeden herekete geçiş

Ýewropada Dikeldiş we Ösüş Bankynyň web sahypasynda çap edilen maglumata görä, bu edara 2008-nji ýylda TAM-BAS atly programmasynyň çäginde Türkmenistanda käbir proýektleri ýola goýdy.

Ady agzalýan bank, bu programanyň diňe TAM atly bölegi boýunça alyp barýan maksatlarynyň çäginde, Türkmenistanda hususy sektory işjeňleşdirmek barada alada edýär. Bankyň bu programmalary boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Şarlot Selford häzir Türkmenistana sapar edýär. Ol Aşgabatda telefon arkaly Azatlyk radiosyna beren interwýusynda, häzirki döwürde Türkmenistanda alty kompaniýa bilen iş alnyp barylýandygyny aýtdy.

Şarlot Selford Aşgabada edýän saparynyň dowamynda, bankyň ady agzalýan programmalary boýunça tanyşdyrylyş dabarasyna-da gatnaşypdyr.

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, hanym Selford türkmen wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynda, kadrlary türgenleşdirmek meselesi hakda hem gürrüň edipdir. Ol Azatlyk radiosyna beren interwýusynda, bu ugurda eden teklipleriniň Türkmenistanyň hökümet wekilleri tarapyndan gowy garşy alnandygyny mälim etdi.

Kadr ýetmezçiligi

Türkmenistan barada gürrüň edilende, kadrlar meselesi mydama agzalýan problemalardan biri bolup durýar. Bu pikiri häkimiýet başyna geçen täze türkmen ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow hem yzygiderli beýan edip gelýär.

“Ýene bir mesele bar. Bu hem ýokary hünärli gurluşykçylaryň ýetmeýänligidir. Olaryň aýratyn hem welaýatlarda ýetmeýanligidir hem-de gurluşyk pudagynyň maddy binýadynyň gowşaklygydyr” diýip prezident Berdimuhamedow çykyşlarynyň birinde aýtdy.

Berdimuhamedow bu çykyşynda, gurluşykçylaryň ýetmezçilik edýänligi barada gürrüň etse-de, aslynda bilim we saglyk pudagynda-da kadr meselesiniň uly problema bolup durýanlygyny belledi.

Halkara krizis toparynyň Ýewropa regiony boýunça wise-prezidenti Alain Deletros, şeýle ýagdaýyň ýüze çykmagynyň sebäbiniň bilim pudagyna ýetirilen zyýandygyny aýdýar. “Bilim pudagynyň ýagdaýy bilen bir hatarda, Nyýazowyň ýazanlygy aýdylýan Ruhnama kitaby, ýurduň ähli raýatlary tarapyndan hökman okalmaly kitaba öwrüldi” diýip Alian Deletros aýdýar. “Şunlukda professorlar, mugallymlar, talyplar we beýleki pudaklaryň işgärleri peýdaly iş bilen meşgullanman, wagtlaryny bu kitaby okamak bilen geçirdiler. Bu hem şeýle ýagdaýyň döremegine sebäp boldy.”

Azatlyk radiosynyň habar merkeziniň analitigi Brýus Paniýeriň bize beren interwýusynda aýtmagyna görä, kadrlar meselesiniň şeýle uly problema öwrülendigine häzirki hökümet gözýetirip başlana meňzeýär.

Onuň aýtmagyna görä, Berdimuhamedow bu ugurda käbir ädimler ädip başlady. “Daşary ýurtly professorlaryň bu ýurda çagyrylmagy hem dogry tarapa ädilen bir ädimdir.”

Maglumat azatlygynyň zerurlygy

Halkara krizis toparynyň Ýewropa regiony boýunça wise-prezidenti Alain Deletros bolsa, bilim we beýleki ugurlarda edilmeli işiň heniz gaty köpdügini aýdýar. “Bäsleşikli bilim sistemasyny ýapyk ýurtda ýola goýmak mümkin däl. Munuň uçin ýurtda maglumat azatlygyny üpjün etmeli, alymlara daşary ýurtlara sapar etmäge, olara täze pikirler bilen tanyş bolmaga, pikirlerini aýtmaga we beýlekiler bilen öz pikirlerini paýlaşmaga mümkinçilik berilmeli.”

Kadrlary türgenleşdirmek meselesi baradaky teklibi hödürlemegine garamazdan, Ýewropada Dikeldiş we Ösüş Banky häzirki döwürde Türkmenistanda kiçi biznes pudagyny ösdürmek meselesi bilen gyzyklanýar.

Bu ugurdaky aladalaryň nähili netije bilen tamamlanjakdygy barada bir zat aýtmak kyn. Emma günbatarly synçylar bu ugurda ösüş gazanmak üçin syýasy erk-islegiň zerurdygyny we düýpli reformalaryň geçirilmelidigini nygtaýarlar.
XS
SM
MD
LG