Bu ýyl ýaşlary ýokary okuw mekdeplerine kabul etmek 31-nji iýul- 23-nji awgust aralygynda geçjek üç sany giriş synagy esasynda, ýokary okuw mekdepleriniň özünde geçiriler.
Türkmen metbugaty soňky iki ýylyň içinde ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary mekdeplerinde okaýan türkmen ýaşlarynyň sanynyň birnäçe esse artandygyny, şonuň ýaly-da iki sany ýokary okuw mekdebiniň, halkara gatnaşyklary institutynyň we Russiýanyň Gubkin adyndaky döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynyň açylandygyny, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň birnäçesiniň girizilendigini habar berýär. Iň esasysy bolsa, türkmen metbugaty ýurduň lideriniň bilim resmileriniň öňünde ýokary mekdebe iň mynasyp ýaşlary seçip almak wezipesini goýandygyny nygtaýar.
Hakyky özgertmeler üçin näme etmeli?
Türkmenistanda iň mynysyp ýaşlary ýokary mekdeplere okuwa kabul etmek meselesiniň ýene bir gezek gün tertibine gelmegi, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, post-sowet giňişligindäki ýurtlaryň aglabasynyň umumy syýasy-ykdysady ýagdaýy bilen bagly.
Bilim pudagyndaky korrupsiýanyň dowam etmegi, hakyky okajak ýaşlaryň ýerine käte maddy taýdan gurply adamlaryň çagalarynyň okuwa alynmagy we ýurduň ýokary bilimli kadrlarynyň arasynda hakyky bilimsiz adamlaryň köpelmegi, synçylaryň tassyklamagyna görä, 70 ýyl gowrak dowam eden sowet sistemasynyň bir netijesi bolup durýar.
Türkiýäniň Koç uniwersitetiniň professory Timur Hojanyň pikirine görä, Türkmenistandaky bilim problemalarynyň bir däl-de birnäçe sebäbiniň bolmagy mümkin. Ol döwletiň marksistik ykdysadyýetden bazar ykdysadyýetine geçiş döwründe hem ykdysadyýetde we beýleki pudaklarda öňki düzgünler esasynda hereket etmegi bu ugurdaky bökdençligiň bir sebäbi bolmagy ahmal diýen pikiri orta atýar. “Mysal üçin, Türkmenistanda okuwçylaryň, professorlaryň aýlyk gazançlary bazar ykdysadyýetiniň şertlerine laýyk derejede diýip aýdyp bolmaz. Bu olaryň eklenç üçin ýeterlik gazanjynyň ýokdugyny aňladýar. Şu sebäpden hem olaryň käsi maşgalasyny eklemek üçin parahorluga baş goşýar.”
Professor Timur Hojanyň pikirine görä, durmuşyň gymmatlamagy bilen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň aýlyklarynyň arasynda deňagramlylyk bolmasa, bu ýagdaýyň bilim pudagyndaky korrupsiýany has-da artdyrmagy gaty mümkin.
Bu meselede çözgüt nirede?
Synçylar çözgüdiň ösen ýurtlaryň tejribesini öwrenmekdedigini aýdýarlar. Aýdaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýewropa ýurtlarynda, ýa-da bolmasa Türkiýe, Eýran, Hindistan ýaly ýurtlarda ýokary mekdeplere hakyky okajak we öz bilimi hem işi bilen ýurduny güýçlendirjek ýaşlary seçip almak meselesi nähili çözüldi?
Resmi Aşgabadyň ýaýradýan habarlaryna görä, Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň daşary ýurtlaryň tejribelerini öwrenmekde belli bir iş edilýär. Ýöne synçylar bu işiň haýal barýandygyny, Nyýazow döwründe ýitirilen wagtyň öwezini dolmak hem bilimsiz galan ýaşlaryň has köpüsine deň mümkinçilik döretmek üçin häzir gaty aýgytly hereket etmelidigini aýdýarlar.
Türk professory Timur Hojanyň pikirine görä, bu meselede ilki edilmeli iş bilime goýberilýän döwlet býudžetiniň artdyrylmagy bolup durýar. “Ikinjiden bolsa, hususy uniwersitetleriň, mekdepleriň açylmagyna rugsat bermeli. Daşary ýurtlaryň tejribesinden görnüşine görä, hususy okuw jaýlary baý adamlaryň çagalaryny hem puly bilen okuwa kabul edýärler. Ýöne olar şol puluň hasabyna garyp ýa-da orta maşgalalaryň zehinli çagalaryny hem okuwa kabul edýärler we olaryň synagda gowy baha alanlaryna stipendiýa berýärler.” Eger şeýle edilse ýurtda hakyky okajak çagalara hem ýol açylýar we erteki gün hakyky bilim alan ýaşlar ýurda köp peýda getirýär diýip, professor Timur Hoja aýdýar.
Ýerli synçylaryň pikirlerine görä, Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna hakyky okajak ýaşlaryň kabul edilmegi üçin ekzamenleri has adalatly geçirmegiň mehanizmasyny işläp düzmeli.
Ýewropaly türkmen mugallymynyň pikiri
Türkmen mekdeplerinde 16 ýyl işlän we häzir Ýewropada ýaşaýan öňki mugallym bu meselede Ýewropa ýurtlarynyň tejribesiniň örän peýdaly boljagyny aýdýar. Ol özüniň üç çagasynyň britan mekdebini gutaryp şol mekdepde beren ekzamenleri esasynda abraýly ýokary okuw jaýlaryna kabul edilendigini, Türkmenistanda hem ýaşlar ýokary okuwa kabul edilende orta mekdebiň gutardyş ekzamenlerinde alnan bahalara daýanylsa gowy boljagyny aýdýar.
Ýakynlarynyň howpsuzlygy üçin adyny aýtmakdan saklaýan öňki mugallymyň ynanjyna görä, bu çäre Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda zehinli, ýöne eli ýuka ýaşlara böwet bolýan tanyş-bilişlik, parahorluk faktlarynyň azalmagyna kömek eder.
Türkmen metbugaty 3-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda ýurt baştutanynyň bilim pudagynda hakyky reformalary talap edendigini we kadr çalşygyny geçirendigini habar berdi.
Türk professory Timur Hojanyň pikirine görä, bu hili kadr çalşyklaryny Saparmyrat Nyýazow hem geçiripdi we bu hili çäreler bilim pudagyndaky problemalary çözüp bilmändi.
“Bir ýurtda bilim pudagynda diňe prezidentiň ýa-da bilim ministriniň isleýändigi üçin reforma geçirmek mümkin bolmaz. Munuň üçin ol ýurtda metbugat erkin bolmaly we žurnalistler bu ugurdaky meseleler barada açyk ýazyp bilmeli” diýip türk professory belleýär. “Ýene bir möhüm mesele bolsa ýurtda oppozisiýanyň bolmagy we açyk işläp bilmegi. Eger ýurtda oppozision partiýalar işläp bilse, olar häkimiýet başyndaky adamlaryň goýberen ýalňyşlaryny açyk aýdyp, tankytlap bilýär we bu ýagdaý hem ýalňyşlaryň azalmagyna hem-de bar bolan problemalaryň tiz çözülmegine itergi berýär.”