Näme üçin türkmen metbugatynda, Eýrandaky prezidentlik saýlawlardan soň, ýurduň oppozisiýasynyň geçirýän protestleri barada maglumat berilmeýär diýen sowala, jurnalistleriň hak-hukuklaryny goraýan “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Ýewropa we post-Sowet döwletleri boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Elza Widal, bu ýagdaýda türkmen metbugaty beýleki ýapyk ýurtlaryň metbugaty ýaly özüni alyp barýar diýip jogap berdi. “Olar, Eýrandaky ýagadaýyň türkmen halkyna hem görelde bolup biljeginden howatyrlanyp, ýagny repressiw rejimlere garşy nädip protest etmeli diýen mesele boýunça sapak bolar öýdüp, göňşy ýurtda geçirilýan protestler hakda maglumat bermeýän bolmaklary mümkin.”
Bu mesele bilen gyzyklanyp, biz Türkmenistanyň “Altyn Asyr” telewideniýesiniň redaksiýasyna hem jan etdik, emma bu soraga jogap berip bilmejekdiklerini bize aýtdylar.
Şol bir wagtyň özunde, dünýäde bolup geçýän wakalar hakda maglumat berýan amerikan, ors telekanallaryna tomaşa edip, başga dillerde şol ýagdaýlar barada maglumat almak mümkin diýip türkmenistanly ýaşaýjylar aýdýarlar. Ýazyjy, garaşsyz žurnalist Akmuhammet Welisapar, Nyýazowyň dowründe girizilen gadagançylygy türkmen häkimiýetleriniň ýatyrmak islemeýändiklerini, bir gezek şol gadagançylyk ýatyrylsa, adamlaryň özlerini has erkin duýup başlajakdyklaryny aýtýar.
Öňe gidişlik barmy?
Soňky döwür, türkmen metbugatynda belli bir öňegidişlikler duýulýarmy diýen sowalymyza, “Serhetsiz reporterlar” guramasynyň Ýewropa we post-Sowet döwletleri boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Elza Widal, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda ýolbaşçylyk edip başlanynda, Internet kafeler açylyp, metbugat azatlygyna ýol beriler diýen umytlaryň peýda bolandygyny, emma şu çaka çenli hiçbir göze ilýän öňe gidişlikleri görmändiklerini Azatlyk radiosyna gürrüň berdi. Şeýle hem ol, türkmen häkimiýetlerine ýollan hatlaryna jogap gelmändigini aýdyp, Elza Widal, öz guramalary bilen türkmen häkimiýetleriniň arasynda gepleşikleriň ýokdugyny aýtdy.
Ynsan hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondynyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa, metbugat azatlygy meselesinde käbir öňegidişligiň bolandygyny, ýagny dürli keseller, meselem doňuz dümewi barada öň berilmedik maglumatlaryň, türkmen mediasynda peýda bolandygny öňe sürýär.
Internet bar ýöne erkin däl
Türkmenistanda internet hyzmatlarynyň has elýeterli bolmagy, halkyň, esasan hem ýaş nesliň daşarky dünýä bilen aragatnaşygyny ýeňilleşdirip, dünýäde bolup geçýän wakalar, syýasy we jemgyýetçilik meseleleri boýunça çap edilýän materiallar bilen tanyşmaklaryna pursat döretdi. Emma, Ýazyjy Akmuhammet Welisapar, ýurtda Internete gözegçiligiň hem artandygyny aýdyp, özuniň Internet sahypasynyň Türkmenistanda petiklenendigini belläp geçdi.
Eýranda önüp-ösen, soňra Türkmenistanda uzak wagtlap ýaşan, häzir bolsa Kanadadan baş pena alan Muhammet Deweji, Eýrandaky ýagadaýlar barada türkmen metbugatynda hiç hilli maglumatyň berilmezligi, iki goňşy ýurduň gatnaşyklaryna hem täsir edip biler diýip pikir edýär.
Türkmen metbugaty beýleki ýapyk ýurtlaryň metbugaty ýaly özüni alyp barýar.