Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli diplomatlary 2017-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlaryna $164,1 million möçberinde maliýe kömegini bermek barada maslahat edýärler. Bu mukdar 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde öňküsinden 44% ýokarydyr. Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Merkezi we Orta Aziýa işleri boýunça orunbasary Daniel Rosenblumyň aýtmagyna görä, gürrüňi edilýän maliýe serişdesi “hökümetiň we hususy pudagyň ýurduň durmuşynyň esasy, şol sanda azyk, bilim we saglygy saklaýyş pudaklarynda artýan maliýe ýetmezçiligini çözmäge ýardam berer”. Şu ýyl ABŞ öz maliýe kömeginiň iň uly bölegini Gyrgyzystana, iň az bölegini bolsa Türkmenistana bermegi planlaşdyrýar. Azatlyk Radiosy Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlaryna berilmegi göz öňünde tutulýan maliýe kömegi barada ýörite infografik taýýarlady.