Türkmenistanda “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi” ýa-da “işde goýberen kemçilikleri” üçin diýlip, soňky 1 ýarym aýyň dowamynda ýokary derejeli resmileriň 52 sanysyna “käýinç”, “berk käýinç” yglan edildi ýa-da eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu kadr çalşygynyň iň soňky tapgyry G.Berdimuhamedowyň 16-njy iýunda Daşoguz welaýatyna eden saparynyň çäginde boldy. Azatlyk Radiosy şol resmiler barada ýörite infografik taýýarlady.
Dünýäniň 10 ýurdunyň meşhur paýtagtlaryny suratdan tanaýapyzmy? Köp ýerini gezip, geografiýany gowy bilýän diýýänleri bu ýerde özüni synamaga çagyrýarys.
Resmi statistika laýyklykda, lukmanlaryň ortaça alýan aýlyk haklary barada maglumat berýän infografik.
Haýsy ýurtlar Ikinji Jahan Uruş döwründe Osman imperiýasy tarapyndan 1,5 million ermeniniň köpçülikleýin öldürilmegini genosid diýip ykrar edýär?
Türkmenistanyň raýatlary dünýäniň 51 ýurduna ýeňilleşdirilen wiza düzgüni esasynda, ýagny wizasyz ýa-da şol ýurduň aeroportuna baran mahaly wiza alyp syýahat edip bilýärler. “Passport Index 2016” atly hasabatda dünýäniň 200-e golaý ýurdunyň pasporty barada maglumat berilýär. Azatlyk Radiosy bu hasabatda Türkmenistanyň pasportyna eýe raýatlaryň haýsy ýurtlara ýeňilleşdirilen wiza düzgüni esasynda syýahat edip bilýändigi barada ýörite infografik taýýarlady.
Russiýa Ukrainany aýlanyp geçmezden, özüniň anneksiýa eden Krym ýarymadasyny ýurda birikdirjek 19 km uzynlygyndaky köpriniň gurluşygyna başlady. Bu Kerç bogazynda gurulýan bu köpriniň 2018-nji ýylyň dekabr aýynda açylmagyna garaşylýar.
Dünýäde käbir ýurtlar tussaglaryň ählisine ses bermäge rugsat berýär, käbir ýurtlarda bolsa bölekleýin ýa-da doly gadagan edilýär. Käbir ýurtlar bolsa, tussaglar azatlyga goýberilenden soň hem, olaryň ses bermegini gadagan edýär.
Orsýet doping bozulmalary barada gürrüň edilende dünýä çempiony bolýar.
Haýsy ýurduň pasporty has köp syýahat etmek erkinligini berýär?
2015-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi daşary ýurtlardan import edýän harytlarynyň aglabasyny Hytaýdan (20%0, Birleşen Ştatlardan (14%) we Orsýetden (8%) aldy.
2050-nji ýyla çenli dünýäniň ilatynyň 65%-i şäherde ýaşar.
Dünýäde 640 million adam aşa semizlikden ejir çekýär
Ýene-de ýükle