Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk önümleri gymmatlaýar, benzin gytalýar, býujet işgärleri we harbylar açylmadyk pagtany ýygmaga iberilýär


Türkmen TW-si ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendgini aýdyp, süýt-gatyk, mesge önümlerini görkezýär.
Türkmen TW-si ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendgini aýdyp, süýt-gatyk, mesge önümlerini görkezýär.

Azatlygyň Marydaky habarçysy welaýatda unuň hem gytalýandygyny, hem gymmatlaýandygyny habar berýär.

Mundan öň Azatlygyň Lebapdaky habarçysy ýurtda gök-bakja, miwe ekinlerini iň köp öndürýän sebitde bu ýyl awgustyň aýagynda hem pomidoryň gymmatlaýandygyny habar berdi.

Şu günler Lebabyň bazarlarynda iň arzan pomidoryň kilogramy 5.50 manatdan başlanýar; kartoşkanyň kilogramy – 10, armydyňky - 14, hyýaryň kilogramy – 5 başlanýar, gawunyň biri 12 manatdan 30 manat aralygynda bahalanýar” diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de ol Lebapda tüwiniň gaty gymmatlandygyny,häzir onuň kilogramynyň 22-30 manat aralygynda bahalanýndygyny, geçen ýyl nyrhlar 6-7 manat derejesinde bolandygyny habar berdi.

Bu maglumatlar türkmen hökümetiniň nobatdaky mejlisinde pagta ýygymynyň resmi taýdan başlanmagyna we güýzlük bugdaý ekişine girişilmegine prezident tarapyndan “ak pata” berilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Obalaryň käbirindäki döwlet dükanlarynda bir halta uny 60 manatdan satýarlar. Uny hususyýetçilerden aljak bolsaň, haltasyny 140 manatdan bahalaýarlar. Ýöne ol hemişe tapylyp durmaýar” diýip, Marydaky habarçymyz aýdýar.

Şeýle-de ol il arasynda “un gytaljak, gymmatlajak”diýen gürrüňleriň bardygyny aýtdy.

Ýöne Marydaky gytçylyk diňe un, çörek bilen çäklenmeýär. Habarçy un bilen bile benziniň hem gytalýandygyny habar berýär.

Şu günler A 95 benzin düýbünden ýok diýsem-de bolar, ýöne 92-ligem gaty gyt, kä günler ýangyç guýýan stansiýalaryň köpüsinden benzin bolmaýar, ýa bolup, derrew gutarýar” diýip, habarçy aýtdy. Ol bu ýagdaýlaryň adamlary barha kän alada goýýandygyny, “indi näme bolar, bu zatlaryň soňy geljek dälmikä, gytçylykdan çykman geçdik-le?” diýip, ýaşaýjylaryň käbiriniň özara gürrüňçilikde içindäki dowluny daşyna çykarýandygyny gürrüň berdi.

Pagta ýygymynyň başlanmagy bilen, oba, etrap ýerlerinde ýangyç, benzin harçlanyşy hem, öňkülerine garanda has ýokarlanýar diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy awgustda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine, 11-nji sentýabrda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda, 18-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna başlamaga “ak pata” berdi.

Şu aralykda Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi habarçymyza esgerleriň eýýämden pagta ýygmaga iberilýändigini aýtdy.

Sowet ýyllarynyň tejribesinden çen tutulsa, pagta ýygymyna daşardan kömekçi çekmek çäreleri biraz giç başlanýardy. Emma bu ýyl häkimiýetleriň diňe harbylary däl, mugallymlary hem başdan pagta ýygmaga mejbur etmegi planlaşdyrýandylary aýdylýar.

“Turkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenabat şäheriniň mekdepleriniň mugallymlary 1-nji sentýabrdan pagta ýygmaga ugradylar.

Neşir 31-nji awgustda welaýat adminstrasiýasynda pagta ýygymynyň başlanmagyna bagyşlap, býujet we hojalyk hasaplaşygy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirilendigini hem habar berýär.

Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesiniň tassyklamagyna görä, meýdanda pagta az bolansoň, häkimiýetler öňünden gaçyp, bolanja hasyly basymrak ýygnap almagyň aladasyny edýärler.

Emma kärendeçiler bu gyssanmaçlykdan peýda däl, zyýan geljegini aýdýarlar.

Azatlygyň regionlardaky habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen kärendeçileriň köpüsi hasylyň entek doly ýetişmändigini, gowaçalardaky gozalaryň heniz 1-2 prosentiniň hem açylmandygyny gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde “mejbury ýa-da hökmany zähmetiň gadagandygy” aýdylýar.

Halkara hukuk toparlary türkmen hökümetini ýylda diýen ýaly pagta ýygymynda mejbury zähmeti ulanmagy bes etmäge çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG