Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda pagta ýygymy bilen 'barha agralýan mejbury zähmet' hem başlandy


Türkmenistanly pagtaçylar
Türkmenistanly pagtaçylar

Mary welaýatynyň käbir etraplarynda pagta ýygymy başlandy we buýjet işgärlerine eýýämden “goşamça zähmete” taýýar bolmalydygy duýduryldy diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Ýerli synçylar ýurtda mejbury zähmetiň ýyl-ýyldan agralmagyny "dolandyryş krizisiniň" çuňlaşmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň 19-njy awgustda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda tassyklamagyna görä, pagta planyny doldurmak üçin zerur bolan ähli çäre görüldi we pagta arassalaýjy zawodlar gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi.

Emma hökümet maslahatynda pagta ýygymy bilen býujet işgärleriniň üstüne düşýän goşmaça ýük barada agzalmaýar.

Resmi maglumatlardan tapawutlylykda, Azatlygyň habarçylary we ýerli synçylar bu gezekki pagta ýygym möwsüminiň gowaçalaryň köpçülikleýin gunça dökmegi, suw ýetmezçiligi bilen utgaşandygyny habar berýärler. Bu maglumatlar Mary welaýatyndaky gowaça meýdanlarynyň gyrasynda gijelerine uludan ot ýakylmagy, Azatlygyň habaryndan soň prezidentiň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmegi tabşyrmagy bilen hem tassyk boldy.

Hukuk goraýjylar Türkmenistany pagta ýygymynda mejbury zähmeti ulanmakda yzygiderli tankyt edýärler. Ýöne synçylar bu tankydyň ýurduň ekin meýdanlaryndaky ýagdaýa hiç bir täsir etmeýändigini, pagta senagatyndaky mejbury zähmet ozalesasan ýygym möwsüminde ýakasyny tanadan bolsa, indi gowaça ideg edilýän wagty hem öz içine alýandygyny belleýärler.

“Ýygym möwsüminiň başlanmagy bilen hökümet işgärlerine pagta ýygmaga taýýar bolmalydygyny aýtdylar” diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, geçen ýyllardaky ýaly, hökümet işgärleri bu ýyl hem öz deregine pagta ibermek üçin adam tutmaly bolarlar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda diňe pagta möwsüminde däl, şugundyr hasyly ýygnalanda hem býujet işgärleri “mejbury zähmetiň” pidasy bolýarlar.

Pagta ýygymyna taýýar bolmak diýmek ozaly hökümetiň edara-kärhanalarynda işleýän işgärleriň pagta gezekleriniň kesgitlenmegini aňladýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran magaryf işgäri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, özi pagta gidip bilmeýän adamlar deregine adam tutýarlar ýa-da edara başlyklaryna her pagta güni üçin 20 manat möçberinde pul töleýärler.

Şol bir wagtda ol ýerine adam tutan işgärleriň hökman işe çykmagynyň hem şert bolup durýandygyny belledi. Eger pagta ýygymyna ýatymlyk gitmeli bolsa, onda tölenmeli puluň möçberi köpelip, 300-400 manada çenli baryp ýetýär diýip, ýaşuly mugallym aýtdy.

Eger öz ýeriňe pagta ýygjak adama pul töläp bilmeseň, pagta özüň gitmeli bolýarsyň, özem bu işi begenip etmeli, eger sähel nägilelik bildirseň, arzaňy ýazaý diýýärler” diýip, bu ýagdaýy radionyň habarçysy bilen awtobus duralgasynda söhbetdeş bolan başga bir býujet işgäri hem tassyk etdi.

Synçylar pagta ýygymyndaky mejbury zähmetiň saklanyp galmagyny sowet praktikalarynyň saklanyp galmagy, bazar gatnaşyklaryna geçilmezligi bilen baglanyşdyrýarlar.Şol bir wagtda, oba hojalygyndaky dolandyryş krizisi gytaklaýyn hökümet ýolbaşçylary tarapyndan hem boýun alynýar.

Mysal üçin, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabrynda, ýapylyp-dikeldilen Halk maslahatynyň ilkinji mejlisinde on ýyldan gowrak dowam eden “Oba syýasatyny” täzelän bolsa, öňki prezident Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylda öz “Täze oba syýasatynyň” netijesiz bolandygyny, pagta ýygymynda dowam edýän “gözboýagçylygy" doly diýen ýaly boýun aldy.

Hökümetden syzyp çykýan maglumatlara görä, Türkmenistanda soňky ýyllarda planlaşdyrylýan bugdaý, şaly we pagta hasyllary ýygnalyp bilinmeýär we ýerli hünärmenler bu şowsuzlygy esasan "uzaga çeken dolandyryş krizisi" bilen düşündirýärler.

XS
SM
MD
LG