Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda çürtüm we ýygym üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar; Plany ilkinji bolup Ahal dolmaly edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda girişilýän pagta ýygym möwsüminde häkimiýetleriň raýatlardan, hususan-da býujet işgärlerinden pagta önümçiligine degişli dilden edýän goşmaça talaplary has-da güýçlenýär.

29-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy býujet işgärlerinden edilýän talaplar barada maglumat berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, welaýatyň döwlet edara-kärhanalary gowaçanyň çürtüm işleri hem-de pagta ýygymy üçin işgärlerine salgyt salýar:

“Mary welaýatynda býujet işgärlerinden gowaçanyň çürtüm işleri üçin 15 manatdan we pagta üçin 20 manatdan pul ýygnaýarlar” diýip, Marydaky habarçymyz habar berýär.

Döwlet edara-kärhanalary ýygnalýan pullary “ýygyma ýa-da çürtüme hakyna tutma adam iberýändiklerini” aýdyp düşündirýärler.

Habarçynyň maglumatyna görä, işgärlerinden pul ýygnaýan her bir edara çürtüm işleri üçin gowaça meýdanlaryna 5-6 adam, pagta ýygym üçin 10 adam hakyna tutup iberýändiklerini aýdyp, pul çöpleýär.

Bu ýyl Türkmenistanda kärendeçileriň döwlet bilen baglaşylan şertnama esasynda öndürýän pagta hasylynyň töweregindäki mejbury çäreler pagtanyň ýygylýan döwründen has öňe, gowaça çürtmek döwrüne süýşüpdi.

Ýatladyp geçsek, mundan bir aý töweregi ozal 31-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy bu regionda häkimiýetleriň adamlary mejbury gowaça çürtümine çekýändiklerini habar beripdi.

Lebabyň döwlet edara-kärhanalarynda işgärlere çürtüm üçin dilden görkezme esasynda salynýan salgydyň möçberi 20 manat möçberinde kesgitlenipdi.

“Çürtüm üçin diýip, işgärleriň hersinden 20 manat ýygnap alýarlar, çürtüm işleri tamam bolýança her edara-kärhanany 5-6 adamy gezekleşdirip, gowaça meýdanlaryna ibermeli etdiler” diýip, lebaply habarçy iýulyň aýagynda Azatlyga maglumat berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumaty yzarlap, ýurt içindäki bir magaryf işgäri bilen habarlaşansoň, käbir jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrdy.

Iýulyň aýagynda Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen magaryf işgäri mekdep direktorynyň özlerinden ýygnalan puly welaýat bilim bölümine geçirýändigini aýtdy. Direktoryň sözüne görä, welaýat bilim bölüminde ol pullar başga adamlaryň deregine gowaça çürtmäge gidýän işsiz adamlara berilýär.

Azatlyk Radiosynyň gowaça çürtümine hem-de pagta ýygyma degişli býujet işgärlerinden dilden görkezme esasynda alynýan tölegler barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginden maglumat almak synanyşygy başa barmady.

Beýleki tarapdan, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 29-njy awgustda bu ýyl Ahal welaýatynyň pagta plan borçnamasyny beýleki welaýatlardan öňünçä dolmak barada, beýleki welaýatlaryň zähmet resurslaryny hem bu regiona gönükdirmek barada Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde maslahat edilendigini habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, 15-nji awgustda Türkmenistanyň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginde welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Magtymguly Baýramdurdyýew bu ýylky pagta plan borçnamasyny dolmak üçin ähli tagallalary gaýgyrmazlyk barada çykyş etdi. Ýöne soňra ýygnananlara bu ýyl ilkinji bolup Ahal welaýatynyň pagta plan borçnamasyny ilkinji bolup dolmalydygy, bu ugurda beýleki welaýatlaryň Ahala kömek etmelidikleri barada tabşyryk berildi.

Ahal welaýatyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG