Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň dronlary Russiýanyň Smolensk regionyny nyşana aldy – ýerli häkim


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

2-nji maýda irden Ukrainanyň dronlary Russiýanyň Smolensk regionynyň energiýa infrastrukturasyny nyşana aldylar. Bu barada ýerli häkim Wasiliý Anohin Telegram kanalynda mälim etdi.

“Şu gün Smolensk regionyna ýene-de Ukrainanyň pilotsyz uçuş enjamlary bilen hüjüm edildi. Rostawl etrabynda duşman raýat energetika desgasyna zyýan ýetirmäge synanyşdy. Adam pidalary ýok. Adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary we kanungoraýjy edaralar sebitde iş alyp barýarlar” diýip, Anohin başga goşmaça maglumat bermezden belledi.

Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurduň bäş regionynyň üstünde Ukrainanyň 12 dronuny urup düşürendigini mälim etdi.

Ukraina Russiýanyň garaşsyz ýagdaýda barlap bolmaýan bu beýanatyna jogap bermedi

XS
SM
MD
LG