Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sany uzak möhletli wiza esasynda Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmenistanlylaryň wagtlaýyn Türkmenistana dolananlarynda olaryň türkmen häkimiýetleri tarapyndan daşary ýurtlara çykarylmazlygy bilen bagly aýdylýan gürrüňlere gönükdirilýär.
Täze barlagyň netijelerine görä, Türkmenistanda häkimiýetler azyndan 133 saýty petikli saklaýar.
13-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýaragly güýçleriniň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, gije ýarymdan agandan soňra, degişli düzümleri dessine söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.
“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň bu sany akyldar şahyr Magtymguly Pyragy we türkmeniň intellektual örüsiniň meselelerine bagyşlanýar.
Gepleşigimiziň bu sanynda dünýä türkmenleriniň arasyndaky özbolşuly Oraza däpleri barada gürrüň edilýär.
Martyň soňky ongünlüginde Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda ýaşaýan etniki türkmenleriň arasynda “Türkmenler öz çagalaryny mekdebe ýollasyn” atly kampaniýa girişildi. "Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sany şol kampaniýalar baradaky söhbetlere gönükdirilýär.
“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sanynda Eýranyň il arasynda Türkmensähra atlandyrylýan sebitlerinde, şeýle-de Türkmenistanyň Eýran bilen araçäkleşýän regionlarynda ýüze çykan soňky howa hadysalary we olaryň ilatyň gündelik durmuşyna ýetiren täsiri barada gürrüň edilýär.
"Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň bu sanynda geçen asyryň başlarynda owgan türkmenleriniň ata watandan owgan serhedine bosup çykmagynyň aňyrsynda ýatan sebäpleri baradaky gürrüň dowam etdirilýär.
"Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň bu sany geçen asyryň 20 - 30-njy ýyllarynda türkmen topragyny terk edip, Owganystana bosup çykan türkmenlerden söz açýar. Köpçülikleýin migrasiýanyň taryhy sebäpleri, onuň täsiri we netijeleri nämelerdi?
"Dünýä Türkmenleriniň" bu sanynda Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin hem-de "Türkmenistanyň alternatiw habarlary" neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew bilen geçirilen söhbetdeşligi siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
"Dünýä Türkmenleriniň" bu sany Eýranda bolup geçen rewolýusiýanyň 40-njy ýyldönüminde eýranly türkmenleriň geçen ýoluna, owgan türkmenleriniň arasynda kämilleşýän syýasy düşünjelilik baradaky söhbete we türkmenistanly migrantlaryň Türkiýedäki medeni durmuşyna gönükdirilýär.
Ýene-de ýükle