Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Psiphon

Psiphon 3 näme?

Psiphon 3 internet mazmunyna senzurasyz girmäge mümkinçilik berýän VPN, SSH we HTTP tehnologiýasyny ulanýan, Psiphon Inc. tarapyndan hödürlenýän dolanyşyk guralydyr. Psiphon 3 müşderiňiz senzura ilmezden geçmek mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin täze giriş nokatlary barada awtomatiki öwrener.

Psiphon 3-i nädip alyp bilerin?

Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly mugt Psiphon3 ulgamyny Android üçin ýükläp bilersiňiz.

Android üçin Psiphon 3-i nädip işledip bilerin?

Gurnamany başlatmak üçin Android e-poçtaňyzyň ýa-da brauzeriňiziň içinde Psiphon APK baglanyşygyna basyň.

Psiphon APK-ni gurnamak üçin Android enjamyňyzda söwda bazaryndan başga ýerden alnan programmalary gurnamaga rugsat berýän opsiýany açmaly. Android üçin Psiphon 3 özüni täzelär.

Psiphon 3 programmasyny işe goýbereniňizde ol Psiphon toruna awtomatiki birikmäge başlaýar.

Programma tora birigeninden soň ol öz içindäki Psiphon brauzerini işe goýberýär. Android üçin Psiphon 3 gelýän we gidýän mazmuny öňünden kabul edilen Android brauzeri ýa-da beýleki programmalar üçin awtomatiki amala aşyrmaýar.

Windows üçin Psiphon 3-i nädip işledip bilerin?

Müşderi programmasyny göçürip alyp, ony işlediň. Ony işledeniňizde, bu programmanyň Psiphon Inc. kompaniýasynyň kanuny önümidigini görkezýän howpsuzlyk sowalyny görersiňiz.

Psiphon 3-i işledeniňizde ol awtomatiki birigip başlaýar. Birigýärkä, pyrlanýan kiçi belgi görkezilýär. Aşakdaky ötük rejeleriniň birini saýlap bilersiňiz: VPN (IPSec üstünde L2TP ), SSH ýa-da SSH+ (SSH goşmak perde, protokolyň barmak yzy alynmaz ýaly SSH-iň ýokarsynda tötänleýin gatlak).

Ýaşyl reňkli kiçi belgi görkezileninde Psiphon serwerine birikme amala aşyrylýar. VPN rejesinde gelýän we gidýän mazmun awtomatiki usulda tutuşlygyna Psiphon 3 arkaly alnyp barylýar.

SSH we SSH+ rejelerinde Psiphon 3 Windows ulgamy proksi sazlamalaryny awtomatiki sazlaýar we şu sazlamalary berjaý edýän programmalarda gelýän hem-de gidýän mazmun Psiphon 3 arkaly amala aşyrylýar. Esasy web brauzerleriň ählisi bu sazlamalary öňünden kabul edilen görnüşde berjaý edýär.

Mundan başga-da, SSH we SSH+ rejelerinde Psiphon 3 bölünen ötük opsiýasyny hödürleýär, bu ýerde halkara gelýän we gidýän mazmun proksi arkaly amala aşyrylýar, ýurduň içindäki mazmun bolsa beýle däl. Bölünen ötügi işjeňleşdirmek üçin "Proksi etme..." opsiýasyny belläň. Bu opsiýa açyk mahaly proksi edilmedik domenler barada habar ýaýlasynda hasabat berilýär.

XS
SM
MD
LG