11-nji oktýabrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwrüň we siwilizasiýalaryň arabaglanyşygy - Parahatçylygyň we ösüşiň esaslary” atly halkara foruma gatnaşmak üçin 10-a golaý döwlet baştutany Aşgabatda ýygnandy.
Aşgabatdaky duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistana baran Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin forumyň çäginde Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer.
Türkmen resmileri tarapyndan medeni we parahatçylykly çäre hökmünde häsiýetlendirilýän, emma ilkibaşda Türki döwletleri guramasynyň resmi däl sammiti hökmünde meýilleşdirilen, bu foruma Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan barmady.
Degişli maglumat Putin Aşgabatda özüniň eýranly kärdeşi Pezeşkiýan bilen duşuşarRus prezidenti Putiniň Aşgabatda sapary bilen baglanyşykly Ukrainanyň Daşary işler ministrligi türkmen häkimiýetlerini rus liderini “halkara kadalaryna laýyklykda” tussag etmäge çagyrdy. Bu beýanat Ukrainanyň DIM-niň resmi websaýtynda çap edildi
Türkmenistan Halkara Jenaýat Sudunyň Putini tussag etmek barada çykaran kararyna esas berýän Rim düzgünnamasyna gol çeken ýurt däl. Şeýle-de bolsa, Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Aşgabadyň “halkara hukugynyň kadalaryna” we Halkara Jenaýat Sudunyň kararyna hormat bilen çemeleşjegine umyt bildirdi.
Sentýabryň başynda Ukraina we beýleki ýurtlaryň ençemesi Putiniň Mongoliýa saparynyň dowamynda şol ýurduň häkimiýetlerini ony tussag etmäge çagyrypdy.
Aşgabatdaky forumynyň medeni çäre hökmünde kesgitlenmegine garamazdan, rus prezidenti eden çykyşynda baýlygyň has adalatly paýlanylýan we her bir ýurduň pikiri göz öňünde tutulýan täze dünýä tertibiniň zerurdygyny aýtdy.
Kreml tarapyndan anna güni irden ýaýradylan wideoýazgyda Putiniň Aşgabatdaky foruma gatnaşmak üçin öz gara limuzin bilen barandygy we onuň içinde türkmen lideri bilen elleşip, soňra konferensiýa ýüzlenendigi görkezildi.
Putiniň türkmen kärdeşi Serdar Berdymuhamedow bilen aýratyn gepleşik geçirjegi habar berildi.
Media maglumatlaryna görä, Putin Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy we rus-türkmen strategiýa partnýorlygynyň gowy özgerýändigini aýtdy we gatnaşyklary ynamly häsiýetlendirdi. Halk maslahatynyň başlygy Putini Magtymguly Pyragynyň ýubileý medaly bilen gutlady we onuň gumanitar gatnaşyklara goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Aşgabatdaky forumuň öňünde Kriml çäräniň çäginde Putiniň Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian bilen Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlary alyp maslahatlaşmalydygyny aýtdy.
Putin bilen Eýranyň lideri Masud Pezeşkianyň arasynda bolan duşuşyga Aşgabatdaky forumyň çägindäki esasy wakalaryň biri hökmünde garalýar. Bu, iki prezidentiň arasynda Pezeşkian saýlanaly bäri ilkinji duşuşyk.
Bu iki lideriň arasyndaky gepleşikler Ýakyn Gündogarda barha möwjeýän dartgynlylygyň we Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylygyň fonunda bolar. Ysraýyl Liwanda Eýran tarapyndan goldanýan radikal şaýy topary "Hizballa" garşy operasiýa geçirýär. Eýran ýylyň başyndan bäri iki gezek ballistik raketalar bilen Ysraýyla hüjüm etdi. Ysraýylyň Eýrandan ar almak niýetini yglan etmegi bu konfliktiň giň gerimli söweşe öwrülmegi bilen bagly aladalary artdyrdy.
Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Panniýer Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli diýlip, geçirilýän foruma gatnaşýan liderleriň ony syýasy bähbitler sahnasyna öwürendigini belledi.
“Birinji mesele, Orsýetiň prezidentiniň we Eýranyň prezidentiniň gatnaşmagy bilen bagly. Olaryň ikisi-de halkara çärä gatnaşmagy bilen öz ýurtlarynyň üzňelikde däldigini görkezmek iseýärler. Putin örän köp ýerlerde islenilmeýän şahsdyr, eýran prezidenti hem köp ýerde islenilmeýär. Bu forum olaryň ikisine-de başga ýurtlaryň liderleri bilen bilelikde halkara duşuşygyna gatnaşmagyny görkezmek üçin pursat boldy. Şeýlelikde bu örän simwoliki häsiýete eýe. Şeýle-de, Putin munuň bilen öz ähmiýetini nygtamak isleýär” diýip Panniýer aýdýar.
Bilermen bu forumyň Türkmenistan üçin ähmiýeti barada aýdyp, ýurda demirgazy-günorta transport koridory ýaly proýektleriň geljegi we uly söwda toparyny döretmek, gaz söwdasy ýaly ykdysady regional meseleleri maslahatlaşmak üçin mümkinçilik berýändigini belledi. Şeýle-de, Panniýer Türkmensitanyň beýleki ýurtlara özüniň parahatçylykly ýurtdygyny we olara köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gepleşik geçirmek üçin mümkinçilik hödürlemäge ukyplydygyny görkezmek üçin pursat bolandygyny aýtdy.
Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwrüň we siwilizasiýanyň gatnaşygy parahatçylygyň we ösüşiň esasyny düzýär” halkara forumy ilkibaşda Türk döwletleri guramasynyň (TDG) ýolbaşçylarynyň sammiti hökmünde meýilleşdirilipdi, ýöne soň näbelli sebäplere görä, medeni-bilim çäresine öwrülipdi.
Planlaşdyrylan, emma başa barmadyk sammitde Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň gatnaşmagyna garaşylypdy we TDG guramasyna synçy statusynda gatnaşýan Türkmenistanyň doly agza bolmak kararyny yglan etjegi çak edilipdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada şu ýylyň fewral aýynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilen diplomatik forumda eden çykyşynda beýan edipdi.
Degişli maglumat Türkmenistan Russiýa, Eýran we beýlekiler bilen halkara parahatçylyk forumyna taýýarlyk görýär“Bu ýyl 'Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy şygary bilen biziň ýurdumyzda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belleýäris. Bu ýubileý senesi mynasybetli uly dabaralar guralar. Magtymguly Praga bagyşlanan sammit geçiriler, oňa Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan hem gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Belki, bu sammitde Türkmenistan Türkiýe döwletleriniň guramasynyň agzasy bolar" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow fewralda aýynda Türkiýä eden saparynda aýtdy.
Türki döwlet guramasynyň öňdebaryjy agzasy bolan Türkiýe, bu guramada Türkmenistanyň doly agzalygyny gazanmak üçin köpden bäri synanyşýar. Resmi däl sammitiň ýatyrylmagy we Aşgabadyň TDG agza bolmagy barada yglan etmeginiň başa barmazlygy Erdoganyň Aşgabada barmakdan saklanmagyna sebäp bolan bolmagy mümkin.
Türkmen resmileri sammite derek medeni çäräniň geçiriljekdigini diňe sentýabryň ahyrynda yglan etdiler. Resmi habarlarda 10 töweregi döwlet baştutanynyň gatnaşjakdygy aýdylyp, olaryň kimdigi anyk görkezilmedi. Günüň başynda Aşgabada Eýranyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Pakistanyň we Özbegistanyň liderleriniň barandygy habar berildi.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentleri Aşgabatda 10-njy oktýabrda gepleşik geçirdiler we “ikitaraplaýyn syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri” barada pikir alyşdylar.
Degişli maglumat Faktlar Aşgabadyň sebit integrasiýasyna taýýar däldigini görkezýär - synçyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.