Žurnalist Gerşkowiçiň kazyýet işi başlandy, ABŞ onuň boşadylmagyna çagyrýar

Ewan Gerşkowiç

26-njy iýunda bir ýyldan gowrak wagt bäri rus türmesinde saklanýan amerikan žurnalisti, "Wall Street Journal" neşiriniň habarçysy Ewan Gerşkowiçiň kazyýet işi başlandy. Ol içalyçylyk aýyplamalary esasynda saklanýar. Iş beriji we ABŞ hökümeti bu aýyplamalary ret etdi we onuň syýasy sebäpler esasynda saklanylýandygyny aýtdy.

Gerşkowiç, žurnalistleriň öňüne gysga wagtlyk çykarylanda, aýna gutuda, kellesi syrylan görnüşde göründi.

Ural sebitiniň Ýekaterinburg şäherindäki kazyýet işi ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilýär. Ol 2023-nji ýylyň 29-njy martynda, bu sebite edýän iş sapary wagtynda saklandy.

Ol, Merkezi aňtaw gullugyna geçirmek üçin, harby syrlary ele almak synanyşygynda aýyplandy.

Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Jon Kirbi munuň "galp suddan başga zat däldigini" aýtdy. Kazyýet işine ne metbugat wekilleri, ne onuň dostlary ýa-da maşgala agzalary goýberildi.