Zelenski “Ýeňiş planyny” hödürledi, onda NATO çakylyk hem bar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň alyp barýan urşuny Kiýewiň haýryna öwürjekdigini, şeýle-de geljek ýylda konflikti mümkin doly tamamladyp biljekdigini aýdýan çärelerini beýan etdi. Ukraina häzir Russiýanyň basybalyjylykly güýçleriniň haýal bolsa-da ilerlemegi bilen, şeýle-de ýetip gelýän gyşyň öň ýanynda energiýa infrastrukturasynyň sandan çykarylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolup dur.

Zelenski 16-njy oktýabrda ýurduň parlamentiniň, ýagny Werhownaýa Radanyň öňünde eden çykyşynda “hyzmatdaşlaryny uzak aralyga niýetlenen ýaraglar bilen Ukrainanyň Russiýa tarapyndan okupirlenen ähli sebitlerine, şeýle-de Russiýanyň jümmüşine we duşmanyň harby infrastrukturasyna garşy zarbalary urmaga ygtyýaryň berilmegine”, mundan başga-da “ätiýaçdaky brigadalary ýaraglandyrmaga” ýardam bermäge çagyrdy.

Onuň bäş maddadan ybarat “Ýeňiş plany” atlandyrylýan meýilnamasynda Ukrainanyň territoriýalaryndan ýüz öwürmek mümkinçiligi ret edilýär. Bu plana görä, NATO Kiýewe öňünden hiç hili şert goýmazdan, bu harby ýaranlygyň agzalygyna çakylygy ýollamaly, şeýle-de Ukrainada strategiki ýadro bolmadyk yza tesdiriş ulgamlary ýerleşdirmeli.

Zelenski bu planyny 17-nji oktýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Brýusselde geçjek samitinde hödürlejekdigini aýtdy.

Ol başga jikme-jik maglumat bermedi, diňe bu planyň Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň we Germaniýanyň liderleri bilen hem maslahat edilendigini nygtady.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Ukrainanyň “serhoşlykdan açylmalydygyny” aýdyp, Zelenskiýi “üsti basyrlan” ABŞ planyny hödürlemekde aýyplady. Moskwa Ukrainanyň NATO-nyň düzümine goşulmagyna çürt-kesik garşy çykýar. Ol bu mümkinçiligi 2022-nji ýylyň fewralynda goňşusy Ukraina garşy doly gerimli urşa başlamak üçin bahanalaryň biri hökmünde beýan edýär.

Kiýew ýaranlarynyň bu plan boýunça garaýyşlarynyň Ramştaýn toparynyň geçen hepde planlaşdyrylan duşuşygynda beýan edilmegine garaşypdy. Ýöne Ukrainanyň hyzmatdaşlarynyň 50-den gowragynyň girýän bu toparynyň duşuşygy yza süýşürilipdi. Bu Birleşen Ştatlara Milton tupanynyň aralaşmagy sebäpli, Baýdeniň saparynyň ýatyrylmagyndan soň boldy.

Zelenski hödürleýän plany boýunça garaýyşlaryň ABŞ-da geçmeli prezidentlik saýlawlaryndan öň beýan ediljekdigine garaşýandygyny aýtdy. Birleşen Ştatlar Ukrainanyň esasy ýarany bolup, hem maliýe, hem harby taýdan uly goldaw berýär. 5-nji noýabrdaky saýlawlarda Respublikançylardan dalaşgär we ozalky prezident Donald Tramp ýeňse, onda Waşingtonyň Kiýew üçin berýän dowamly hemaýatyna kölege düşmegi mümkin.

Zelenskiýiň çykyşy Russiýanyň Ukrainanyň şäherlerine we infrastrukturasyna basyşyny dowam etdirmegine we Russiýanyň güýçleriniň gündogardaky möhüm logistika sebiti bolan Pokrowsk urgy boýunça ilerlemegine gabat geldi.