Zelenski Ukraina parahatçylyk güýçlerini girizmek pikirini goldady

Wladimir Zelenski we Emmanuel Makron, arhiw suraty.

Kiýew Ukrainada parahatçylyk güýçlerini ýerleşdirmek pikirini goldaýar, ýöne öz goşunyny azaltmaga razy bolmaz diýip, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski fransuz kärdeşi Emmanuel Makron bilen Brýusselde bolan duşuşygyndan soň aýtdy.

“Biz Emmanuel bilen onuň köpden bäri aýdyp gelýän pikirini maslahatlaşdyk. Biz onuň Ukrainany güýçlendirmegi aňladýan pikirini, parahatçylygy goraýyş missiýasy ideasyny goldaýarys" diýip, Zelenski aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu mesele boýunça geňeşmeler dowam edýär.

Zelenski Ukrainanyň NATO-a girmegini howpsuzlygyň iň gowy kepilligi diýip hasaplaýandygyny, ýöne bileleşige çagyrylmagyň hem Kiýewe öz goşunynyň sanyny azaltmak hukugyny bermejekdigini, çakylyk bolmadyk ýagdaýynda bolsa goşun azaltmagyň umuman kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin başga çäreleri, şol sanda "sanksiýa we maliýe" wariantlaryny hem göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

"Ýöne bu Putiniň ýene bir uruş bilen gelmejekdigini aýtmak üçin ýeterlik däl" diýip, Zelenski sözüniň üstüni ýetirdi.