Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 13-nji awgustda ýurduň ýaragly güýçleriniň häzir Russiýanyň Kursk sebitinde 74 sany ilatly nokady gözegçilik astyna alandygyny aýtdy.
Onuň X platformasynda aýdan sözlerine görä, "çylşyrymly ýygjam söweşlere garamazdan", Ukrainanyň ýaragly güýçleri sebitde öňe gitmegini dowam etdirýär.
Şeýle-de, Zelenski, ýesir alnan ukrainler bilen çalşyljak rus ýesirlerini nazarda tutup, harbylaryň “alyş-çalyş gaznasyny” köpeldendigini aýtdy. Ol näçe rus esgeriniň ýesir alnandygyny anyklaşdyrmady, ýöne “ýüzlerçe” adamyň gürrüňini etdi.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi Aleksandr Syrski mundan öň prezidente gözegçilige alnan rus territoriýasynyň ululygynyň müň inedördül kilometre barabardygyny aýtdy.
Bu rus goşunlarynyň şu ýyl Ukrainanyň Donetsk we Harkow sebitlerine eden hüjümlerinde ele salan ýerlerinden birneme az.
Bu aýdylýanlaryň garaşsyz tassyklamasy ýok we olar köp harby hünärmen we analitik tarapyndan tankyt edilýär.