Zelenski Harkiwden Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderlerine ýüzlendi
24-nji maýda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý soňky hepdelerde rus goşuny tarapyndan güýçli bombalanmalara sezewar edilýän Harkiw şäherine bardy. Ol bombalama sebäpli weýran bolan çaphana jaýynyň territoriýasynda, Merkezi Aziýadan bolan žurnalistler üçin brifing geçirdi.
Brifinge Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Özbegistandan žurnalistler gatnaşdylar.
Ol žurnalistleriň sowallaryna jogap berip, Ukrainanyň uruşda hökman ýeňiş gazanjakdygyny aýtdy.
Rus howa hüjümleri sebäpli weýran bolan Harkiwdäki çaphana
Çaphananyň bombalanmagy netijesinde, 7 adam ýogaldy.
Şweýsariýada geçiriljek Parahatçylyk sammiti 15-16-njy iýunda, ýagny Italiýada geçirilmeli G7 sammitinden soňra bolar. Şweýsariýa umumylykda, 160-dan gowrak ýurdy we halkara guramalaryny çagyrdy. Çagyrylanlaryň arasynda Russiýa ýok.
Bomba hüjümleri sebäpli çaphanada, ukrain dilindäki 50 müňden gowrak kitap ýandy.