Zelenski Demirgazyk Koreýanyň Russiýa esgerleri we ýaraglary iberýändigini aýdýar

Ukraina 2-nji ýanwarda Russiýanyň Harkiwe Demirgazyk Koreýada öndürilen raketa bilen zarba urandygyny aýdýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Demirgazyk Koreýanyň, Moskwanyň Ukrainadaky alyp barýan urşuna goldaw hökmünde, Russiýa öz esgerlerini we ýaraglaryny ýollaýandygyny öňe sürdi. Bu Kreml bilen Phenýanyň arasyndaky barha artýan ýaranlyga yşarat etdi.

Ukrainanyň mediasynyň golaýda habar bermegine görä, 3-nji oktýabrda Ukrainanyň Russiýa tarapyndan okupirlenen Donetsk regionyna uran raketa zarbasynyň netijesinde Demirgazyk Koreýanyň alty esgeri heläk bolupdyr.

Bu habary garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak mümkin däl. Ýöne Zelenski, 13-nji oktýabrda giçlik sosial mediada paýlaşan gijeki ýüzlenmesinde, bu baradaky maglumaty ilkinji gezek dile getirip, onuň mazmunyny gaýtalady.

“Bu indi diňe bir ýaraglaryň iberilmegi däl. Aslyýetinde Demirgazyk Koreýadan indi adamlar basybalyjylykly harby güýçlere ýollanýar” diýip, Zelenski belledi.

Zelenski bu aýdanlaryna güwä geçer ýaly delil hödürlemedi. Emma Russiýanyň Ukrainada 32 aý bäri alyp barýan doly gerimli urşunyň arasynda, Moskwanyň Demirgazyk Koreýa we Eýran ýaly ýurtlar bilen gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagy netijesinde, Phenýanyň uruşdaky barha artýan roly baradaky çaklamalar orta atylýar.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Urşy öwrenmek boýunça Institut ylmy-barlag merkeziniň maglumatyna görä, golaýda Demirgazyk Koreýadan müňlerçe esger Russiýa gelipdir we Ukrainadaky urşa iberilmäge taýýarlyk görülýär.

Demirgazyk Koreýa Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başladan doly gerimli urşundan bäri, Moskwany ýaraglar we ok-däriler bilen dowamly ýagdaýda üpjün edýär.

Günorta Koreýanyň aňtaw gullugy Phenýanyň Moskwany artilleriýa toplary we kiçi aralyga niýetlenen raketalar bilen üpjün edýändigini aýdýar. Kreml bu maglumatlary ret etdi, emma Zelenskiýiň bellikleri boýunça hiç zat aýtmady.

Zelenski bu ýagdaýlaryň arasynda, “has uly urşuň” öňüni almak üçin, şeýle-de Russiýa “basyşy güýçlendirer” ýaly, Ukraina Günbataryň “has köp hemaýatynyň” zerurdygyny belledi.

Geçen hepde Zelenski Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa we Italiýa sapar edip, Kiýewiň hyzmatdaşlaryndan has köp harby hemaýaty sorady.

Bu aralykda, 14-nji oktýabrda irden Ukrainanyň resmileri Russiýanyň öten günüň dowamynda ýurduň Donetsk, Harkiw we Herson regionlaryna uran zarbalary netijesinde bäş adamyň heläk bolandygyny, ýene-de sekizsiniň ýaralanandygyny aýtdylar.

13-nji oktýabrda Russiýa Myhaýliwka şäherini ele geçirendigini öňe sürdi. Soňky hepdeleriň dowamynda Russiýanyň güýçleri Pokrowsk şäherini basyp almak ugrunda tagalla edýärler. Moskwanyň urşundan öň, bu magdançy şäherinde 60 müň töweregi adam ýaşaýardy.

Russiýa Ukraina bilen serhetýakadaky sebitlerden, dowamly atylýan zarbalar sebäpli, 30 müň 415 ýaşaýjynyň, şol sanda 8 müň çaganyň ewakuasiýa edilendigini aýdýar.