Zelenski BMG-de etjek çykyşyndan öň ABŞ-ny urşy soňlamak üçin 'aýgytly' çäre görmäge çagyrýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski BMG-de çykyş edýär. Arhiw suraty

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň Moskwanyň öz ýurduna garşy alyp barýan agressiýa urşunyň soňlanmagyny has golaýlaşdyrmak üçin aýgytly çäre görmegine çagyrdy.

ABŞ, Ukrainanyň esasy goldawçysy we Günbatar ýaranlary Kiýewe millionlarça dollarlyk harby we beýleki kömekleri berip, şol bir wagtyň özünde-de Russiýa garşy birnäçe gezek sanksiýa girizdi.

Zelenski senatorlar Ben Kardin (Demokrat-Meriländ), Senatyň täsirli Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Dan Suliwan (Respublikan-Alýaska), Kristofer Merfi (Demokrat-Konnektikut) we wekil Gregori Meks (Demokrat-Nýu-Yorkork) dagy bilen duşuşanda ABŞ-nyň kanun çykaryjylaryna konfliktiň häzirki ýagdaýy we Russiýanyň hereketleri barada maglumat berendigini aýtdy.

"Häzirki aýgytly çäre Russiýanyň Ukraina garşy agressiýasynyň indiki ýyl adalatly soňlanmagyny tizleşdirip biler. Biziň ýeňiş meýilnamamyz Russiýany iş ýüzünde parahatçylyga getirmäge kömek eder" diýip, Zelenski bu duşuşykdan soň Telegramda aýtdy.

"Häzir, ýyl ahyrynda, biziň Ukraina bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin hakyky mümkinçiligimiz bar" diýip, ol aýtdy.

Zelenski 25-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assembleýasynda çykyş edip, 26-njy sentýabrda Ak tamda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen gepleşik geçirer. Ol Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi, Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida dagy bilen hem iki taraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Zelenski ABC News neşirine beren we 24-nji sentýabrda dolulygyna efire çykjak interwýusynda Ukrainanyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine "urşy bes etdirmegine" diňe "güýçli pozisiýanyň" mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

"Meniň pikirimçe, biz parahatçylyga pikir edişimizden has ýakyn" diýip, Zelenski söhbetdeşlikden efire berlen böleklerde aýtdy. "Biz urşuň soňlanmagyna has ýakyn" diýip, ol nygtady.

Şu aralykda, Ukrainanyň Zaporižýa şäherine gijelikde urlan howa zarbasynda ýaralananlaryň sany 22-ä ýetdi, olaryň arasynda iki sany çaga hem bar diýip, Döwletiň adatdan daşary ýagdaý gulluklary 23-nji sentýabrda aýtdy.

Howa zarbasy beýik we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň hem birnäçesine zyýan ýetirdi, Ukrainanyň Içeri işler ministrligi halas edijileriň ýaşaýjylary ewakuasiýa etmeli bolandygyny aýtdy.

"Iki aýal keselhanada galmaly boldy, lukmanlar olaryň ýagdaýynyň ortaça agyrlykdadyny aýdýarlar” diýip, Döwlet adatdan daşary ýagdaýlar gullugy aýtdy.

Russiýanyň Zaporižýa uran zarbasy baradaky habar ukrain resmileriniň Russiýanyň bir gün ozal Harkow şäherindäki beýik we köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna eden hüjüminde 21 adamyň ýaralanandygy barada beren habarynyň yz ýanyndan geldi.

Rus goşunynyň Donetsk sebitindäki Kramatorska eden hüjümi 48 ýaşly bir aýalyň ölmegine, onuň 48 ýaşly adamsynyň we başga-da iki adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, häkimiýetler aýtdylar.

Russiýa parahat ilaty nyşana alýandygyny inkär edýär, ýöne prezident Wladimir Putin 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy esassyz we giň gerimli urşa başlaly bäri müňlerçe ukrainaly hut şulara meňzeş hüjümleriň pidasy boldy.

Soňky zarba prezident Wolodymyr Zelenskiniň şu hepde Birleşen Ştatlarda BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşýan we dünýä liderleri, şol sanda prezident Jo Baýden bilen duşuşjak wagtynda uruldy.

Zelenski BMG-niň Geljek sammitinde eden çykyşynda global jebisligiň möhümdigini nygtady we halklary "adalatly we parahatçylykly gelejek üçin bilelikdäki tagallalary" goldamagy dowam etdirmäge çagyrdy.

"Putin köp zat ogurlady, ýöne ol hiç wagt dünýäniň geljegini ogurlamaz" diýip, Zelenski aýtdy.