"Zehini bilen üstünlik gazanan". Ilkinji gürjüstanly fotosuratçy hem onuň agyr durmuşy

Aleksandr Roinaşwili agyr çagalygy başdan geçiripdir. Kawkazyň iň möhüm ýerlerini surata düşürmek üçin nikasyny bozupdyr. Ol ýerler şol döwürde Russiýanyň garamagyndady.

1880-nji ýylda Tbilisiniň etegindäki bir tozanly ýolda Aleksandr Roinaşwili arabasyny durzup, ýaş aýalyna tarap öwrülýär-de: «Şu günden başlap, sen meniň aýalym däl, menem indi seniň äriň däl» diýýär.

Muňa akyly çaşan aýal arabadan düşýär, Roinaşwili hem gündogara – häzirki Azerbaýjanyň territoriýasyna tarap, öz ýoluny dowam etdirýär. Arabanyň üstünde bolsa sarsgyndan ýaňa foto-kamera enjamlary şakyrdaşýardy.

Aleksandr Roinaşwili (1846-1898)

Roinaşwiliniň bagtsyz nikasy bozulýar, aýalyndan aýrylyşansoň, täze maşgala gurmaga synanyşmandyr. Foto suratçy öz güýjüni Kawkazyň we öz söýgüli watany Gürjüstanyň medeniýetini we tebigat gözelligini dokumentleşdirmäge bagyşlapdyr.

Tbiliside öküze goşulan araba

Roinaşwili 1846-njy ýylda Gürjüstanyň merkezi böleginde ýerleşen Duşeti obasynda dogulýar. Ýaş wagtynda kakasyny ýitirip, geljegi nämälim bolan oglanjyk Tbilisi şäherine gaýdýar.

Ananuri galasy

Roinaşwili Tbiliside özüni ýitirmeýär. Rus surat ussahanasynda kömekçi bolup işläp, ol surat almagy öwrenýär. Şo ýyllarda bu täze hünärdi.

Gürjüstanyň adamlary sowut geýnip surata düşýärler.

Soňra Roinaşwili öz işini esaslandyryp, gürji milletinden ilkinji professional fotosuratçy bolýar.

Boýnuna ýylan oran pars derwüşiniň portreti. Sufi derwüşleri adatdan daşary güýje eýe bolýarmyş diýip düşünipdirler.

Roinaşwiliniň surat ussahanasy üstünlikli ýöräpdir. Ýöne ol tiz wagtdan basylyp alnan watanynyň medeniýetini dokumentleşdirmek isläpdir.

Tbilisiniň golaýyndaky Kwatahewi ybadatnasyna gelen zyýaratçylar nahar wagtynda

150 ýyl geçenden soň, Gürjüstanyň Milli parlament kitaphanasy Azatlyk Radiosyna Roinaşwiliniň iň gowy suratlaryny öz arhiwinden almaga mümkinçilik berdi.

Mtkwari derýasynyň üstünden gurlan Awlabar köprüsi, derýa Tbilisiniň içinden geçýär. Häzir bu ýerde, köne Tbilisi şäheriniň eteginde, derýanyň üstünden sowet zamanynda, Metehi köprüsi guruldy.

Ýokary aýdyňlykdaky suratlar rus hökümdarlygy astynda bolan Kawkaz barada täsirli, käte geň galdyryjy düşünje berýär.

Tbilisiniň golaýyndaky Norio obasynda baýramçylyk

Taryhçy Georgi Jawahişwili suratçy Roinaşwili synpy gatlaklaryň bölünişigini saklaýan jemgyýetde ýaşasa-da, munuň oňa degişli bolmandygyny we uly üstünlikler gazanandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Gergetide ýerleşen Mukaddes Üçlük buthanasy (ýokarky çepde) Gürjüstanyň demirgazygynda, az ilatly jülgedäki belentlikde ýerleşýär. Häzirki wagtda bu ýerde gülläp ösýän Stepantsminda syýahatçylyk şäheri bar.

"Roinaşwili, daýhan maşgalasyndan gelip çykan bolsa-da, zehininiň kömegi bilen üstünlik gazanmagy başardy" diýip, Jawahişwili hasaplaýar.

Tbilisiniň kenar ýaka merkezi şu günki daş keşbinden düýpgöter tapawutlanýan döwrüniň suratynda. 1930-njy ýyllarda Sowet häkimiýeti astynda, derýa ýakasyndaky köp jaýlar ýykylyp aýryldy hem Mtkwari derýasynyň joşgunyny saklamak üçin, daşdan kenar guruldy.

Taryhçynyň aýtmagyna görä, Roinaşwiliniň 1880-nji ýylda aýaly bilen aýrylyşanyndan soň, onuň durmuşy barada kän maglumat ýok. Ýöne onuň birnäçe ýyllap, Dagystana aýlanyp, şol ýerleri surata düşürendigi bellidir.

Surata «Dagystan karligi» diýen ýazgy goýlupdyr.

Gürjüstandaky XIX asyrda çap edilen metbugatda, Roinaşwilini haýran galdyran Dagystan «Kawkaz daglary ýitirilen we ýatdan çykarylan zatlaryň we taryhyň görnüp duran tapyndylary» diýilýär.

Dagystanda rus goşun bölüminiň berkitmesi bolan Kunzah galasy, harby baza Mahaçgaladan takmynan 80 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýär. Ol 1867-nji ýylda gurlupdy. Galanyň içindäki meşhur ybadathana 1880-nji ýyllarda bu surat düşürilenden soň, ýykylyp aýrylypdyr.

Megerem, suratçy üçin Dagystan ekspedisiýasy hem maddy taýdan girdejili bolandyr.

Dagystanda suw degirmeni

Rus jemgyýeti Dagystan bilen aşa gyzyklanypdyr. Russiýa dagly taýpalar bilen onlarça ýyl dowam eden barlyşyksyz çaknyşykdan soň, 1864-nji ýylda bu ýeri basyp aldy.

Dagystanyň Kumuh şäherinden «gazaply aýalyň» portreti

«Umuman, XIX asyrda Kawkaz Russiýa üçin, täsin gözellik, şol bir wagtda hem howp-hatar mekany bolupdyr» diýip, Jawahişwili Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Dagystandaky köpri

Roinaşwili öz surat alýan kamerasy bilen sebite aýlanýan wagtynda, «rus jemgyýeti kawkazlylary diňe edebiýatdan we çekilen suratlardan tanaýan eken» diýip, Jawahişwili belleýär.

Dagystanyñ dag obasyndaky Taşkapur

Gürjüstanly fotosuratçy häzirki Ermenistanyň we Azerbaýjanyň territoriýasyna hem syýahat edipdir.

Dag ýewreýleri. Suratyň nirede düşürilendigi görkezilmändir. Parsy dillerde gürleýän etniki toparlar esasan, häzirki Azerbaýjanyň çäklerinde we Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz sebitlerinde ýaşapdyrlar.

Roinaşwili syýahatlarynyň dowamynda, dürli gymmatly zatlary ýygnap başlapdyr, onda Gürjüstanyň medeniýetiniň milli muzeýini döretmek pikiri döräpdir.

Ermenistandaky Tatew monastyry. Surat takmynan 1880-nji ýylda düşürilipdir. Şondan bäri binagärlik ýadygärligi üýtgedildi. Suratyň merkezinde görünýän jaň diňi aýrylypdyr.

«Rus imperiýasynda öz milli jaýy, muzeýi bolmadyk halk ýok diýerlik – diýip, Roinaşwili ýazýar. — Sungaty hem sowatlylygy bilen geçmişde şan-şöhrat alanlar biz [gürjüler] geljek nesiller onuň şöhratyny görer ýaly, şeýle milli jaýy döretmek barada, pikir hem etmeýäris».

Kars şäheri häzirki Türkiýäniň territoriýasynda ýerleşýär. Düýpde X asyryň ermeni buthanasy görünýär. Ony ilkinji ermeni şalarynyň biri gurupdyr. Soň bu bina osmanly patyşalygynda metjit, rus prawoslaw kilisesi, ýene-de ermeni ybadathanasy bolupdyr.

«Men Çürjüstanyň Milli muzeýiniň düýbüni tutsunlar diýip, öz duşmanlarymyzdan 500-e golaý zat satyn aldym we olary halkymyza ýetirmek maksady bilen dogduk mekanymyza getirdim» diýip, Roinaşwili ömrüniň ahyrynda ýazypdyr.

«Şol tapyndylary meniň getirelim bäri alty ýyl geçdi, gynansak-da, biziň ýurdumyzda tapyndylary saklap biljek ýekeje edara hem tapyp bilmedim. Iň bolmanda wagtlaýyn, olar ajaýyp we seýrek tapyndylar» diýip, ol düşündiriş berýär.

Gürjüstanyň demirgazygyndaky Sioni obasynyň üstünden geçýän ýol. Ol häzir birnäçe kilometr aralykda, Russiýa bilen serhetleşýär.

1898-nji ýylyň maýynda Aleksandr Roinaşwili 52 ýaşynda duýdansyz aradan çykýar. Onuň wesýetine görä, bar baýlygy, şol sanda syýahat eden döwründe gazanan medeni emläkleri Gürjüstanyň sowatlylygy ýaýratmak jemgyýetine geçirilipdir.

Tbilisi baýramçylygyndaky jemagat

Döwürdeşi suratçy barada şeýle ýazypdyr: «Ol bize – gürjülere öz döwründe ýagdaýlardan gorkman, bir adamyň nämeler başaryp biljekdigini görkezdi... Aleksandr Roinaşwili öz watanynda öz adyna mynasyp baky ýadygärlik döretdi».