Ýurt daşynda bilim alýan talyplar türkmen banklarynyň üsti bilen töleg geçirmekde kynçylyk çekýär

Ýokary bilim şahadatnamasy. Bezeg suraty.

Öz serişdeleriniň hasabyna daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly talyplar türkmen banklarynyň üsti bilen okuw töleglerini geçirmekde kynçylyklara sezewar bolýarlar.

“Türkiýede ýokary bilim alýan oglumyň okuw tölegini geçirmek üçin, “Halkbanka” bardym emma meni Türkmen-Türk bankyna ugratdylar” diýip, golaýda Lebap welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan dänewli ýaşaýjy gürrüň berýär.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly talyplaryň ene-atalary şu günler türkmen banklarynyň üsti bilen ogul-gyzlarynyň okuw töleglerini geçirmäge synanyşýarlar.

Iň amatly geçirim şertleriniň gözleginde banklaryň arasynda gatnamaly bolýan raýatlar birnäçe aýlap bank nobatlaryna garaşmaga, şeýle-de bank amallaryny ýerine ýetirmek üçin, özleriniň goşmaça resminamalary taýýarlamaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Degişli maglumat ÝOJ-lara kabul edilen talyplaryň biometriki pasportlary ellerinden alynýar

Lebap welaýatynyň ençeme ýaşaýjysy şu günler “Halkbank”, “Türkmenbaşy”, Türkmen-Türk” paýdarlar täjirçilik banklarynda, şeýle-de “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň ýerli şahamçalarynda awgust aýynyň ahyrlaryndan bäri uly nobatlaryň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Ene-atalar bank şahamçalarynyň üsti bilen Türkmenistanda diplomlary ykrar edilýän daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw jaýlaryna pul ugratmaga çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkiýede bilim alýan ýaşlaryň ozalky ýyllarda esasan “Türkmen-Türk” täjirçilik bankynyň hyzmatlaryndan peýdalanandyklaryny habar berýär. Ýöne häzirki wagtda, ýerli ýaşaýjylar, ýurduň beýleki käbir banklarynyň üsti bilen hem okuw töleglerini geçirip bolýandygyny aýdýarlar.

“Türkmenistan, Türkmenbaşy, Halkbank, Türkmen-Türk banklarynyň ählisiniň öňünde awgust aýynyň ahyrlaryndan bäri uly nobatlar bar” diýip, lebaply ýaşaýjylar aýdýar.

“Gyzymyň okuw tölegini geçirmek üçin, Türkmen-Türk bankyna bardym, ‘iki aýdan geliň’ diýip, nobata goýdular. Oktýabryň aýagyna çenli tölegler geçirilmese, gyzymy okuwdan çykararlar. Bu ýagdaýy bank işgärlerine düşündirdim welin, ‘bize bildirýän ýeri ýok’ diýip, maňa gödek jogap berdiler” diýip, Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Synçylara görä, Türkmenistanda ýokary bilimiň hiliniň halkara ülňülere gabat gelmezligi, giň ýaýran korrupsiýa we talyplaryň döwlet guramaçylygyndaky jemgyýetçilik çärelerine mejbury çekilmegi ýaly ýagdaýlar zerarly, onlarça müň türkmenistanly daşary ýurtlarda ýokary bilim almaga ýykgyn edýärler.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasyna görä, bu ýurtda häzirki wagtda 17 müň 300 çemesi türkmenistanly raýat student wizasy bilen ýaşaýar. Şeýle-de, dürli çeşmelere görä, Russiýada hem 30 müňden gowrak türkmenistanly talyp ýokary bilim alýar.

Degişli maglumat Dünýä dilleri institutyna tölegli okuwa kabul edilen ýaşlardan goşmaça pul toplanýar

Türk we rus ýokary okuw jaýlary türkmenistanly talyplaryň arasynda uly gyzyklanmadan peýdalanýar.

Bu aralykda, türkmen hökümeti 2019-njy ýylda Türkmenistanda bilim şahadatnamalary ykrar edilýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny düzdi.

Ýurtda dowam edýän ykdysady krizis daşary ýurt döwletlerinde bilim alýan türkmenistanly ýaşlara Türkmenistandan maliýe serişdeleriniň iberilmegini kynlaşdyrdy.

Türkmenistanda erkin walýuta söwdasyna çäklendirme girizilip, milli puluň hümmetiniň peselmegi bilen, ýurt içinden daşary ýurtlara walýutanyň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça maliýe serişdeleriniň iberilmegi düýpli çäklendirildi. Bu ýagdaý talyplara ýaramaz täsir etdi.

Lebaply ýaşaýjylar häzirki wagtda käbir banklaryň üsti bilen milli puly Merkezi bankyň resmi alyş-çalyş bahasyna golaý nyrhdan daşary ýurt walýutasyna öwrüp, töleg geçirmek mümkinçilikleriniň bardygyny aýdýarlar.

“Halkbank bir dollary 4 manatdan hasaplaýar. Türkmenistan döwlet täjirçilik bankynda bolsa, dollaryň bahasyny 3 manat 75 teňňeden hasaplaýarlar” diýip, lebaply ene-atalar aýdýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky ABŞ dollarynyň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklap gelýär.

Galyberse-de, daşary ýurtlarda ýokary bilim alan ýaşlar Türkmenistanda ýokary bilim şahadatnamalaryny ykrar etdirmekde hem kynçylyk çekýärler. Türkmen režimi türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara gitmegini, şol sanda olaryň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almagyny başardygyndan çäklendirmäge çalyşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.